Eger size "adam maýmyndan geldi" diýýän bar bolsa bilip goýuň ol hakyky jahyl, sowatsyz adamdyr. Bilimiň gözünde adam maýmyndan geldi ýa-da palçykdan ýasaldy düşünjeleriniň ikisiniňem arasynda tapawut ýokdur. Bu mowzugy elimden geldigiçe sada düşündirjek bolaýyn;
Adamzadyň geçmişi millionlarça ýyla daýanýar. Ynsan jynsyna Homo diýilýär we häzirki modern ynsan Homo Sapien-dir. Häzirki tapyndylara görä Homo jynsynyň ilki görnüşleriniň biri Homo Habilis. Homo Habilis takmynan 2 million ýyl mundan ozal ýaşan Homo jynsydyr. Biziň, ýagny Homo Sapiensleriň başlangyç taryhy bolsa Afrikadaky fosil yzlara görä takmynan iki ýüz müň ýyl ozaldyr.
Ýokarda-da belleýişim ýaly ynsan Homo toparyna degişlidir ýöne guýrukly maýmynlar, şimpanzeler, gorillalar we şuňa meňzeşler Homo toparyna degişli däldir.
Onda " Adam maýmyndan geldi" pikiri nireden çykdy. Munyň birinji sebäbi ewolýusiýanyň işleýişini bilmezlik, ýagny sowatsyzlyk. Ikinji sebäbi bolsa bizdäki söz kemçiliginden diýip pikir edýärin. Sebäbi iňlis dilinde "Ape" we "Monkey" sözleri bar, türkmen diline ikisinem terjime etseň ikisem maýmyn bolýar. Aslynda monkeý=maýmyn dogry terjime, ape bolsa homo we maýmyn grupbasyna berilýän umumy at. Gysgaça fiziki sypatlary boýunça ape - maýmyn sypatlylar diýsegem bolýar.
Indi adam bilen maýmynlaň arasyny seljereliň: Ewolýusiýa teoriýasyna görä adam maýmyndan gelenok. Ýagny maýmyn ynsanyň atasy däl, olar bir atanyň nesli. Ýagny dogan oglan diýsegem bolýar. Bu aýdýanym siz üçin gülkünç ýa-da absurd görünip biler ýöne elimizdäki tapyndylar, fosiller we genetiki analizler şeýle diýýär. Şeýlelikde "adam maýmyndan geldi" pikiri çala eşidip çatma ýykanyňka meňzeýär.
Hany sizem tankytlarynyzy yazyn onson menem yazayyn

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, biohimik. tarapyndan 10-11-2021, 16:12

  • Ogulşirin_Bayramowa Ogulşirin_Bayramowa off № 1 10 ноября 2021 16:18
    Adam palçykdan ya-da toprakdan yasaldy. Şol sebäpli hem topraga gömülyär!
    Jogap
  • Miss_jerenjik Miss_jerenjik off № 2 10 ноября 2021 16:18
    Цитата: Ogulşirin_Bayramowa

    Eger size "adam maýmyndan geldi" diýýän bar bolsa bilip goýuň ol hakyky

    dogrymyka diyyen
    Jogap
  • biohimik. biohimik. off № 3 10 ноября 2021 16:24
    Цитата: Ogulşirin_Bayramowa
    Adam palçykdan ya-da toprakdan yasaldy. Şol sebäpli hem topraga gömülyär!

    Yok dini gosma onsonam yere gomman name etjek kosmosa ucurjakmy
    Jogap
  • Ogulşirin_Bayramowa Ogulşirin_Bayramowa off № 4 10 ноября 2021 16:28
    Ynsan ogly baky hem bolup bilerdi. Emma käbir sebäplere görä amanat şekilde dünyä geldik.

    Ynsan öleninde topraga gömüp tiz-tiz uzaklaşyp gabyrystandan gityäler. Näme üçin?!
    Sebäbi toprak adamyň gapyrgalaryny şeyle bir gysjakdyr adam agyra çydaman batly bir şekilde gygyryar. Şony eşiden kişi bolsa duranja yerinde jan beryär. (Diyip eştdim).
    Jogap
  • Ogulşirin_Bayramowa Ogulşirin_Bayramowa off № 5 10 ноября 2021 16:32
    Цитата: Biohimik.
    Цитата: Ogulşirin_Bayramowa
    Adam palçykdan ya-da toprakdan yasaldy. Şol sebäpli hem topraga gömülyär!

    Yok dini gosma onsonam yere gomman name etjek kosmosa ucurjakmy

    Diniň bilimden uludugyny hem bilmelisiň!
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 6 10 ноября 2021 16:39
    Maýmynyñ doganoglany diýýän bolsa olam maÿmyndyr ýöne guýruksyz ýagny atalary bir bolýa şeýle dämi?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 7 10 ноября 2021 16:52
    Adam maýmyndan ýa-da maýmynpisit jandardan emele gelmedi. Dini goşman aýtjak bolup göreýin. Adam akylly bir dizaýn tarapyndan dizaýn edildi. Adamda aň bar. Ynanmak bilmek öwrenmek funksiýasy bar bu funksiýanyň işleýän ortaky beýni bölegi hiç jandardada ýok. Adam ewolusiýaň önümi däl. Ewolusiýa admyň önümi. Adam hem ewolusiýanyň köp ýerinde akylly dizaýner boldy. Ýene bir teoriýa görä adamzadyň aňyry aseksual (jynssyz) adampisint jandarlar bolupdyr soň soň erkek aýal jynsy emele gelipdir.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 8 10 ноября 2021 17:08
    Khanture,
    Dogry aýtdyñ adam ýere alla tarapyn bir ýerlerden getirildimikä diýýän. Yagny Alla tarapyn döredilen.
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 9 10 ноября 2021 17:17
    Gyzykly tema...dogry aytyan bolmagynyz mumkin...
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 10 10 ноября 2021 17:23
    Men ewolusiýa ynanamok diýjek däl. Õz ýerinde ewolusiya dogram. Yone adamzadyn emele gelshi bn bagly yererne goshulamok
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 11 10 ноября 2021 17:56
    Eger adam maymyndan doran bolsa onda name hazirki maymynlardanam adam doranok?
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 13 10 ноября 2021 17:58
    Ylymda maymynyň skeletine ,gurlusyna,we ş.m meňzeşliler tapylan bolmagy mumkin
    Yone o diyenimiz adam maymyndan gelip çykypdyr diyen netijani bermeyar.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 14 10 ноября 2021 17:59
    Mona Songz,
    Temany gowja oka adam maymyndan emele gelmedik diyya. Maymynynam aamynam anyrsy bir diyya. Hazirkizaman maymynlaryn ewolusiya gecirmegi obshi ewolusiyan yuwash yuwashdan millionlarca yylyn dowamynda bolup gecya ewolusiya teoriyasyna gora
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 15 10 ноября 2021 18:01
    Цитата: Mona Songz
    Ylymda maymynyň skeletine ,gurlusyna,we ş.m meňzeşliler tapylan bolmagy mumkin
    Yone o diyenimiz adam maymyndan gelip çykypdyr diyen netijani bermeyar.

    Shony ayt!!! Deniz taýcanagy bn At biribirine menzeya. Diymek olaram ewolusiya geciripdirda ;))) ewolusiya in teoriya.
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 16 10 ноября 2021 18:01
    Diňe adam dal eysem dunyadaki kabir hayran galdyryan jisimleriňem nireden nadip yuze çykanyny alymlar subut edip bilmedi.
    Meniň pikirim boyunça şolary din subut edip bilipdir ylym başarmasada. Şonuň uçinem adamyň doremeginde esasy dinimiz baslangyç bolup duryar.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 17 10 ноября 2021 18:05
    http://www.islenen.ru/4676-ewolyusiya-teoriyasyny-yalydygy.html

    Okan shu blogymy ewolusionist darwinparazlar!!!
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 18 10 ноября 2021 18:06
    Ewolisiya in s.a.m.s.y.k.. teoriya!!!
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 19 10 ноября 2021 18:11
    Цитата: Khanture
    Ewolisiya in s.a.m.s.y.k.. teoriya!!!

    Kate gabadam gelya .Eyle pikir etmegiňizem ýalnyş bolar. Bagyşlaň welin 50/50 diyip pikir etyan
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 20 10 ноября 2021 18:18
    Цитата: Khanture
    Ewolisiya in s.a.m.s.y.k.. teoriya!!!

    Dogry munyñ bn ylalaşýan ýöne dogry teoriýa näme şu bulaşdyrýa.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 21 10 ноября 2021 18:21
    Mona Songz,
    Eqolusiyan dogry yeri prosta seleksiya (emeli secgi). Tebigy secgi diyen zadam ewolusiya yol berenok bir gornusi biraz kamillesdirip biler yone ony basga ayratyn gornus edip bilmez.
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 22 10 ноября 2021 18:26
    Khanture,
    Siz uçin adam nadip dorapdir?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 23 10 ноября 2021 18:33
    Mona Songz,
    Men dine ynanýan Alla adamy Toprakdan we suwdan ýaradypdyr...
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 24 10 ноября 2021 18:52
    Цитата: Khanture
    Mona Songz,
    Men dine ynanýan Alla adamy Toprakdan we suwdan ýaradypdyr...

    Menem
    Jogap
  • Shahrukh khan Shahrukh khan off № 25 10 ноября 2021 19:12
    Adamyn dine biri toprakdan yaradyldy olam Adam ata. Galanlarymyz atanyn bilinden ena baryan sperma arkaly. Eger yok men spermadan doremedim diyseniz toy etmedik Gyzlardan nam un nesil dorayenok. Adam ata dine toprakdan yaradylan
    Jogap
  • Shahrukh khan Shahrukh khan off № 26 10 ноября 2021 19:22
    Doganoglan bolmak un 2 atanyn chagalaryna diyilyar. Senin pikirince maymynlar bn doganoglan bolsak olarynam anyrsy adam bolya. Ya bizin anyrymyz maymyn bolmaly. Shonda doganoglan bolyas. Sen adam maymyndan emele gelmandirde maymyn adamdan emele gelipdir diyjek bolyan.

    Sen din bn ylymy goshma diyyan. Hemme ylymlaryn anyrsy dine barya. Injil Kuran Zebur Towrat hemmesinde yazylgy senin ylym diyyanin.
    Jogap
  • danger danger off № 27 10 ноября 2021 19:27
    Adamam maýmynam Alla ýaratdy başga taky tukyny goýuñ. pikir adam bilen maymyn doganoglanmyş. Adamyñ hic hili maymyna dahyly yok. Kuranda adamyñ nahili yaradylşy barada bara, başga name gerek Ýaradanyñ ozi nahili yaradanyny aydansoñ. Göwnime bolmasa köp adam ýaman maýmyn bolasy gelip jan etyaray.
    Jogap
  • biohimik. biohimik. off № 28 10 ноября 2021 20:01
    Su blogy talyplarda paylasypdyrlar menem bu yera yazdym menem suny yazgaryan.... Yalnyslyklary bar....
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 29 10 ноября 2021 20:10
    Цитата: danger
    Adamam maýmynam Alla ýaratdy başga taky tukyny goýuñ. pikir adam bilen maymyn doganoglanmyş. Adamyñ hic hili maymyna dahyly yok. Kuranda adamyñ nahili yaradylşy barada bara, başga name gerek Ýaradanyñ ozi nahili yaradanyny aydansoñ. Göwnime bolmasa köp adam ýaman maýmyn bolasy gelip jan etyaray.

    Hahkyky
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler