Gijeler hyýalym gündizler zarym,
Ýürekde arzuwym sen dünýe barym,
Ahymy diňlede eý söwer ýarym,
Seni her demimde ýatlanymda gel.
Aýdeý jemalyňdan bilmerin doýup,
Arman sen bileňok söýgümi duýup,
Bir gün gujagyma gowşarsyň diýip,
Ýalňyz garyp köňlüm şatlanymda gel.
Saňa bolan söýgim ummandyr soňsuz,
Ýekeje pursat hem oňmaryn sensiz,
Men seni ýürekden söýýärin çensiz,
Sen tarapa gadam ätlänimde gel.
Bagladyň özüňe hem gurduň duzak,
Daşlaşýarsyň menden uzakdan uzak,
Hiç bolmanda ýatla ýekeje gezek,
Ýürekde yşk hesrin otlanymda gel.
Seni oýlap geçirýärin herdemi,
Ýykdy meni söýgiň aldym berdimi,
Şygyrlamda dessan edip derdimi,
Perýatlanymda gel datlanymda gel.
Süleýman Tekäýew
Ýatlanymda gel
Edebiýat,
Sabyrly
tarapyndan
26-08-2023, 17:33