TIAMAT (HOW ENE) AFRIKADA TÄZE JENNETINDE ÇAGANY DÜNÝÄ GETIRÝÄR

''...Edinden uzakda bolan, Abzuwa (Günorta-gündogar Afrikada bir ýer) gitsinler'' diýip Enlil janykdy. Adamu we Tiamat Edinden kowuldylar. Enki olary baglaryň arasynda gurulan ýapyk mekana (Afrika Jenneti) ýerleşdirdi; biri-birlerini bilsinler'' diýdi.
Ningişziddanyň bitiren işiniň netijeliligini gördi.
Enki keýpihon ýagdaýdady. Tiamat hamylady. Ninmah onuň çaga dogurşyny görmäge geldi.Ýerli barlyklaryň bir ogly, bir gyzy boldy. Ekizdiler. (Mukaddes Kitaplarda Adam ata we How enäniň Kabyl we Anyk atly iki erkek we olaryň ekizleri iki gyz bolmak bilen 4 çaga dogulypdyr. Sümer plitalary bu atlary öňde bir näçe wakalar bolup geçenden soňra ýatlap geçýär. Ýagny bu atlar hem Sümer hekaýalaryndan alynandyr.
Ýöne mukaddes kitaplar Kabyl we Abyl dogulýança; adamlaryň işçi we gul hökmünde işledilýän döwrüni pas geçirýär. Sebäbi bu Bir Taňryly dini alyp göterýän görüşleriň ''Taňry ýaratdy'' diýenine ters düşýärdi. Elbetde Elohim ýaradan Adamsyny gul ýaly magdanlarda işletdirdi diýip bilmez. Şunça gizlin saklanan zatlara garamazdan ýene-de Keramatly kitaplar açyklap görkezýär. Bular hakda öňdäki bölümlerde degip geçeris...

ILKINJI IŞÇILER IŞLEMÄGE TAÝÝAR

Täze dogulanlaryň haýran galmak bilen synladylar Ninmah bilen Enki. Günler aýlara, Aýlar Ýeriň ýyllaryna tarap ilerledi. Adamu we Tiamadyň başga-da gyzlary we ogullary dogulýança, ilkinji doganlar öz aralarynda köpeltmäge başlapdylar. Nibirunyň bir sary dolmazdan Ýerliler köpelmäge başladylar. Ilkinji işçiler düşünjelidiler, aýdylanlary ýerine ýetirip bilýärdiler.
Anunnakiler bilen birlikde bolmagy halaýardylar; bir az taýynlyga köp iş bitirýärdiler. Tozandan, gyzgyndan şikaýat etmeýärdiler, agyr iş edenlerinde igenmeýärdiler. Abzudaky Anunnakiler iş-güýçden çekilipdiler. Altynlar alynyp Nibiruwa eltilýärdi, Nibirunyň atmosferasy gitdigiçe gowulanýardy. Ýerdäki işler her kesi begendirýärdi.

ANUNNAKILER ÝERDE ÖZ ARALARYNDA KÖPELÝÄRLER

Anunnaki asmandan ýere gelenleriň arasynda durmuş guruşmak, birleşmek we köpelmek bardy. Enlil we Enkiniň öz öweý gyzjigilerinden, şypaçy gahrymanlardan dogan ogullar hem aýallar alypdy. Olaryň ogullary we gyzlary dogdy Ýer ýüzünde. Nibirunyň ýyl döwürleri bilen ýaşamaga öwrenşen bolmagyna garamazdan Ýeriň döwürlerine hem öwrenşipdirler. Ýerde biri dogýança Nibiruda alty sansy dogulýardy. Ýerdäki ylgap-ýöreme ýaşyna ýetýänçä Nibirudaky iş ýaşyna ýetýärdi. Nannar we Ningalyň (Enliliň ogly we gelni) ekizleri dogulanda hemmeleriň ýüzünde şatlyk alamaty bardy. Bir gyz we bir ogul doguldy. Ningal olara Inanna (Iştar) we Utu (Şamaş) diýip at dakdy. Olar bilen birlikde Anunnakileriň Ýerde üçünji nesli başlady. Baştutanlaryň çagalaryna wezipeler berildi. Käbir öňki işler paýlaşdyryldy, çagalar bilen has aňsat edilýärdi.

ANUNNAKILER NIBIRUNYŇ GÜN SISTEMASYNA HOWP SALJAKDYGYNY BILÝÄRLER

Öňki edilýän işleriň üstüne täzeleri goşuldy. Ýerde gyzgynlyk artyp, garly, buzly bölekler eräp suw bolýardy. Deňizleriň hanasy indi dolup daşypdy. Ýeriň aşaklaryndan otlar we kükürtler , wulkanlar atylyp çykýardy. Ýer yranyp, her saparynda Ýer titreýärdi. Aşaky bölekde gar reňkli ýerde (Antarktida) buzlar döwülýärdi. Abzunyň iň ujynda (Afrikanyň günortasy) Enki syn edilýän mesgen gurdy.
Bu ýerleri ogly Nergala (Irrigal) we onuň aýaly Ereşkigalyň (Nannaryň gyzy) serkerdeligine tabşyrdy.
Nergal kakasy Enkä :''Onuň astynda näbelli bir zat çişýär'' diýdi. Nibirukide, gök-ýer bagynyň ýerinde Enlil gökleriň aýlawyny synlaýardy.
Täleý plitalarynyň ME-lerine görä gök hereketleri gabat gelýärdi. Enlil: ''Göklerde bir bulaşyklyk bar'' diýdi jigsi Enkä. Marduk Lahmunyň (Mars) aragatnaşyk ýerinden şikaýat edýärdi kakasy Enkä.

NIBIRUNYŇ ÇEKIŞ GÜÝJI LAHMUWA WE BÜTIN GÜN SISTEMASYNA TÄSIRINI ÝETIRÝÄR

Güýçli şemallar ösüp, tozan-tupanlar turýardy. Mardugyň kakasy Enkä ugradan sözleri şeýledi.
Döwülen bilezikde (asteroid guşaklygy) üýtgeşmeler bolup geçýär. Ýokardan ýagan kükürt Ýeriň üstüne gaçýardy.
Merhemetsiz iblisler apat getirýärdiler, güýçli uçgun Ýere golaýlap göklerde alowly ýangynlar ýaly partlaýardy.

ÇÄRESIZ NIBIRULYLAR. NIBIRU GÜN SISTEMASYNA GIRÝÄR

Açyk howada garaňkylyk düşüp, tupanlar we erbet howalar ary galan ýaly aýlanyp durdular. Daş ýangynlar ýaly çozýardylar Ýeriň hemrasy Kingu (Aý) we Lahmu zyýan çekdi.
Sansyz ýaralara duçar boldy ýüzi. Enlil we Enki gyssanmaç patyşa Anuwa bulary habar berdiler. Nibirunyň alymlaryny çagyrdylar. Ýer, Aý we Lahmu näbelli bela duçar boldy. Nibirudaky alymlar jogap ugratdylar. Ýöne bu jogap olaryň soraglaryny kanagatlandyrmaga ýetmedi.
Gün sistemasy göklerde aýlanyp durýardylar. (Aýlanyş ýoluny sazlaýarlar) Ýedinji ýerde Ýeriň durmagy bilen saýýaralar özleriniň ýollaryny saýlaýardylar. Göklere golaý gelen Nibiru Günüň mesgenine aralaşdy. Bir setire düzülen ýediler Nibirunyň ünsüni çekdi.


(dowamy bar)

Zakariýa SEJIN
Terjime: @Jeksparrodan

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Jekwarabey tarapyndan 26-09-2023, 22:08

  • Khanture Khanture off № 1 26 сентября 2023 22:45
    Eyyam 7a gelaydinmi tuweleme
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 2 26 сентября 2023 22:59
    Khanture,

    Hawa...
    Jogap
  • Genial Genial off № 3 27 сентября 2023 11:37
    Ouwww dowamy hem bar ekenii молодец Üstünlik!
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 4 27 сентября 2023 14:14
    Genial
    Ouwww dowamy hem bar ekenii молодец Üstünlik!


    Bagyşla welin sen @Panturkist, agza-ha dälsiň-dä?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler