Ogulbagt bilen tanyşlygymyz baryp-ha okuwçy döwürlerime çenli ýetýär. Şonuñ üçinem şo-ol tanyş keşbe esli ýyl soñ gabat gelmek geñirgendirdi. Nädipmi? Gowsy, iñ başyndan gürrüñ bereýin.
Çagalar bagyna ýylyñ ýyly mart aýlarynda mugallymçylyk mekdebinden praktikant talyplar ýörite ugradylýar. Iş öwrenmek üçin-dä. Terbiýeçiligiñ inçe syrlary, pylan, pismidan. Olara-da bir terbiýeçini halypa goýýarlar. Bizem o ýollardan ýöräp gördük. Derekli gatnadym diýsem ýalançy. Mahal-mahal başlyga ýüzüm görkezen bolardym. Gelýärmi, gelýär. Işiñ diñe özüñ işgär derejesine ýeteniñden soñ öwrenilýändigine ynanýardym.
Bu ýylam köne düzgün dowam etdi. Praktikantlaryñ ikisine meni halypa goýupdyrlar. Usulçym olary toparyma getirip tanyşdyrdy. Soñam üstüne goşdy.
- Hepdede bir gezek gelerler.
Özümem-ä praktikantlyga gatnap wepa beren adam däl welin, illeriñem şeýledigini bilmek birhili täsir etdi. Ýa bu gezek "halypa" bolanymdanmyka? Halypalykmyş. Barypýatan lyk. Gelen talyplary synladym. Ikisem gelin. Ikisiniñem menden uludyklary mese-mälim. Ýaşlaram, durmuş tejribesem menden agdyk. Ýeri, men bulara näme öwredeýin? Gaýta, meñ olardan öwrenmeli zadym köp ýaly. Mydama şeýle bolýan. Aýratynam seminarlarda çykyş etmeli bolamda. Oturan otuz- otuz bäş kişiñ bolsa bäş sanysy menden kiçidir. Galanam uly. Içlerinde ýigrimi bäş ýyl bäri terbiýeçi bolup ýöreni bar. Onsoñ, şol oturka men nädip öñe çykyp terbiýeçilik hakda takal okaýyn?! Halypa diýip şoña diýse bolar. Men welin... Aý, bolýa-da.
Usulçym gideninden soñ iki gelnem siñe-siñe synladym. Biri garaýagyz, semizräjik. Göwresine-de, keşbine-de gelişmeýän biçüwdäki köýnegi geýipdir. Şol köýnegi ýaş, "bet" figuraly gyza geýdiräýseñ. Menden on ýaş dagy uly görünýär. Beýlekisi oña garañda ýaş, akýagyz, inçemik, owadan. Saçlary sary. Nätanyş ýüzler. Soraman durup bilmedim.
- Siz şu obadanmy?
- Howwa ikimizem şul obadan - diýip, gelinleriñ görmegeýi dillendi.
- Ha, nirräkde ýaşaýañ?
Şu bilesigelijiligimi oda atsam ýanarmyka? Suwa atsam bogularmyka? Ýa ölýänçäm meñ bilenmikä? Dynmadyga dynma ýok.
- Dursuntäçleriñ gabat goñşusy men.
Obanyñ belli tikimçisi Dursuntäji tanamaýan seýrekdir. Dursuntäç diýdiñmi, bes. Haýsy Dursuntäçdigem soralmaz. Bu gezegem şeýle boldy.
- Men şolaryñ gyzyndan köýnek öwrenipdim. Ogulbagt.
Garşymdaky zenanyñ mimikalarynyñ üýtgeýşine gözüm düşdi.
- Şol-da men. Ogulbagt.
Ogulbagt. Gözümiñ öñünde tegelek ýüzli, şargara saçly, gara gaşly, uzyn, owadan figuraly, tekepbir ýaş gyz janlandy. Gözümiñ içine seredip duran gelinden şo-ol birwagtky Ogulbagty ýatlatjak nähilidir alamat agtardym. Tapmadym.
- Men seni tanamadym. Sen meni tanadyñmy?
- Howwa - diýip ol göwnübir dillendi.
Olar bilen praktikantlyga degişli meseleleri gepleşdik. Her hepdäñ bäşinji güni gelerler, men olaryñ depderini ýazyp bererinmi, näçe diýsem berjekler, bahalarynam bäşlik goýawereýin we ş.m. Iñ soñunda-da sapak geçsem synlap biljekdigini aýtdylar. Gelenlerine görä synlap gaýtjaklarmyş. Ylalaşdym. Ol wagtlar açyk sapaga taýýarlanyp ýördüm. Şol sapaga taýýarlan esbaplarymy çykaryşdyrdym. Menem halypamyşym-da. Açyk sapakda meýilnamalaşdyranlarymy ýerine ýetirdim. Sapaga sessiz tomaşa etdiler. Ne gowy diýdiler, ne erbet. Derrewem gaýtmak bilen boldular.
Meñ welin aklym Ogulbagtda galypdy. Oñ ýanyna tikimçilik öwrenmäge gatnaýan günlerim ýadyma düşýärdi. Ol wagtlar on bäş ýaşlarymda bolsam gerek. Ejem "Gyzym matematika gaty ökde" diýip mazaly tarypymy ýetireninden soñ Ogulbagt maña tikimçiligi öwretmäge razy bolupdyr. O döwürler matematika ökdeligim ýalanam däldi ýöne. Soñ edebiýata höwes etdim, soñam taryha. Haýsy ugra ugrukdyrsañ şondan baş alyp çykjak kelläm bardy. Mahal-mahal pikir edýän okuwçy wagtym belli bir ugry saýlan bolsadym, häzir başga kärde bolarmydym diýip. Gürrüñ başga ýana sowuldy. Näme diýip otyrdyk? Hä, şeýdip başladym günde Ogulbagtyñ öýlerine gatnamaga. Ilkibadalar ýamanam däldi iş edişim. Aý, meñ-ä özümden göwnüm hoşdy. Ýöne Ogulbagta ýaraman eken. Munam uzagyndanjyk bildirdi.
Bir gün "Sen almarsyñ, elli gepden belli gep" diýdi. Gaty gördüm. Onda-da neneñsi gaty görmek. Gaýdyp şol tarapa aýagym ädilmedi. Köýnek dikmegi ondan soñam dowam etdim. Iki-üç ýyl özümiñkileri, ejemdir, daýzalarymyñkyny dikdim. Ýöne her diken köýnegimde bir kemçilik tapyldy durdy. Ahyram taşladym. Daýzalarym "Dikäý" diýselerem dikmedim. Höwes we başarnyk towuk-ýumurtga pelsepesi ýaly biri-birine sepleşilgi. Başarmaýan işiñe höwesiñ bolanok. Höwesiñ bolmadyk işi başarañok. Mende-de ýa-ha höwes bolmany üçin başarmadym ýa-da başarmanym üçin höwesim bolmady. Garaz, tikimçilik menlik däldi. Soñ-soñlar bir zada üns berdim. Obada tikimçiligi öwrenen gyz kändi, ýöne uzagyndan dowam etdirýäni seýrekdi. Tikimçiligem edil ýazyjylyk-şahyrlyk ýaly guýmagursak bolmasa bolmaýar eken. Giç düşündim. Garaz, ukybymy barladygym boldu-da.
Bu zatlar hiç-le. Meni Ogulbagtyñ ykbaly gyzyklandyrýardy. "Ogulbagt şäherli oglana durmuşa çykýarmyş" diýip eşdenimde henizem mekdep okuwçysydym. Ogulbagtyñam mekdebi gutaranyna bolsa iki ýyl bolandyr ol wagtlar. Öz ýanymdan mynasypdyr diýip oýladym. Ogulbagt ýaly gyza ýeteniñ armany näme? Gözellik, dogum, eli çeperlik... Klasdaşym onuñ daşgynrak garyndaşydy. Bir gezek toýda Ogulbagtyñ tans edip duran wideosyny gördüm. Agyraýak eken. Ene bolmak ýüzüne has-da ýakym çaýypdyr. Tekepbir gözelligi mylaýymlaşypdyr. Şondan bir-iki ýyl geçendir, ejem bir gün öýe geldi-de gynanyp oturdy.
- Näme boldy? - diýsem,
- Ojagaz saña köýnek öwreden gyz aýrylyşyp gelipdir - diýdi.
Sebäbini soradym. Bilenok eken. Diñe öýlerinde görüpdir. Ejesindenem aýrylyşanyny eşdipdir. Bolany.
Ogulbagt bilen bagly ýatlamalarym serimde aýlandygyça bilesigelijiligim erkime goýmaýardy. Ogulbagt ýaly gyzy kim harlap bildikä? Näme bolduka?
Indiki hepde Ogulbagt üç-dört ýaşlaryndaky gyzy bilen geldi. Şol gün meñem açyk sapak geçmeli günümdi. Ir ertirden başlap hysyrdanyp geçdim. Esbaplarymy çykaryşdyrdym. Tagtadan asyp gördüm, aýryp gördüm. Ulanjak yzygiderliligim boýunça partamyñ üstüne düzüp goýdum. Çagyrlan wagtda beýleki terbiýeçilerem, usulçymam geldi. Ilkibadalar elim-aýagym saññyldasa-da, derrew özümi ele aldym. Kärdeşlerim sapagyma gowy baha berdiler. "Geometrik şekilleriñ reñkinem soran bolsa hasam gowy bolardy" diýip iki-ýeke kemçiligimem aýtdylar. Sapak gutaranyndan soñ, synlamaga gelenler çykmak bilen boldy. Ogulbagt terbiýeçileriñ getiren stollaryny äkidip berdi. Añymdaky sowallary soramak üçin pursat geldi diýip hasap etdim.
- Ogulbagt, sen azajyk oturaý - diýdim.
Göwnümi ýykmady. Oturdy. Çagalara göwnüne ýaraýjak multifilm goýup berip, menem onuñ ýanyna çökdüm.
- Soramak birhilem welin näme üçin aýrylyşdyñyz? - diýip bada-bat söze girdim.
Ogulbagt pajygaly ykbaly hakdaky soraglara öwrenişiklidir-dä, geñirgenmän gürrüñ bermäge durdy.
- Ýoldaşym gaty baýdy. Uly işgärdi. Her aý kyrk milýon aýlyk alýady. Şeýle bolansoñ töweregi ýaş, owadan gyzlardan doly bolardy. Onsoñ ol meni näme etsin?! Agşam öýe-de käwagtjyk gelerdi. Gaýnym diýseñ...
Ogulbagt sözüniñ arasyna säginme berdi. Dowam etmegi üçin sorag soraýsammykamam diýip ikirjeñlendim. Bolsa-da özi dowam etdi.
- Gaýnym ilki gelen günümden başlap, maña göwniýetmezçilik etdi.
- Pes düşünjeli, okuwsyz, oba gyzy - diýip kemsiderdi.
- Daýza men señ ogluña süýkenip baramog-a. Özüñ guda gelip, özüñ saýlap aldyñ-a - diýsemem,
- Wah, şoña ökünip añyrsyna çykyp bilemok diýerdi.
Garaz, gaýnym bilen günümiz bir bolsa dawamyz ikidi. Ýoldaşymyñam şol gara bermezligi. Iki çagamam gyz boldy. Bulam gaýnym üçin durnañ urnasydy. Tersime, gaýynekejimiñem diñe ogly bolardy. Gaýnym maña şony mysal edip:
- Ýüregi ak adamyñ ogly bolýar. Señ ýüregiñ gara bolany üçin gyzyñ boldy - diýdi.
Häli-häzirlerem perzendiñ jynsyýetine görä söýýän hossarlaryñ barlygy geñ galdyrdy.
- Gyzyñ boldy diýip gelnini kemsitdigi düşünjeli boldugymyka onsoñ şoñ?!
Ogulbagt janygyp gepledi.
- Şolar üçin düşünjelilikmiş şol. Hudaýyñ beren perzendidir-dä. Gyz boldy nä, ogul boldy nä?!
Ýene sözüne sähel salym arakesme berip, dowam etdi.
- Wah, men hemmesine çydap gezjekdim. Bir gün ýoldaşym üstüme gyz getirdi. On sekiz ýaşynda, owadan gyz.
Geñirgenmekden gaşlarymy galdyranymy duýman galypdyryn. Ýeri, ýoldaşy aýalyna, perzentlerine rehim etmändir. Ol gyza näme diýjek? Töründe aýaly oturan erkek kişä ikinji aýal bolmagy nädip kabul etdikä? Ýa bolmasa, iki sany göz monjugy ýaly çagany öýden giderip ýaşamaga ynsaby çatjakmyka? Ýaman ýeri, şol erkek kişi has ýaşyna, has owadanyna duşsa, özünem aýaly ýaly terk etjegine akly çatmadymyka?
Aslynda, kimdir biriniñ seni daşky görnüşi üçin söýmegi eýmendirmezmi ynsany? Haçan-da bolsa menden gözeline duşsa, näme bolar diýip pikir etmezmi? Näme boljagy belli. Ýa-ha seni terk eder, ýa-da öýi-ojagy üçin dişini gyjap gezer. Onsoñ, onuñ şeýdip maşgala mukaddesliginiñ hatyrasyna saña çydam edip ýörenini bilmek nähili täsir eder? Tersine, birek-biregiñ içki dünýäsine, bile geçiren pursatlaryñyza ysnyşsañ näçe uzak ýaşaşdygyñça şonça-da berkär maşgala diýen zat.
Içimdäki pikrimi daşyna çykardym.
- Aý, indi gyzlar şoñ ýaly. Pully bolsa aýalynyñ barlygy ýoklugy gyzykly däl - diýip Ogulbagt bolaýmaly zat ýaly edip aýtdy.
- Men şonda-da ýaşardym eger çagalaryma özüme aýratyn jaý alyp beren bolsa.
Ogulbagtyñ her sözi meni has-da geñirgendirýärdi.
- Iki aýalyñ biri bolmagy kabul etjekmidiñ?
- Dagy näme? Atam öýüme baramda-da hezillik ýok . Ol jigimiñ - jigimiñ maşgalasynyñ öýi. Onda ýaşanyñdan özbaşyña jaý alyp, ýaşanyñ gowy. Aýrylyşanymam bildirmezdim.
Çagalaryñ arasynda oturan gyzyna seretdi.
- Bu çagam gowşak. Ol şeýle bolansoñ-a asyl sygdyraslary gelmedi. Dagam oñ ýaly gopgunly öýde çaganyñ şeýle boljakdygy köre hasa.
Soñam sözüniñ üstüni ýetirdi.
- Maña düşünjesiz diýmesinler diýip okuwa girdim. Indi tüteýändir gaýnym.
Onuñ näçe ýaşyndadygy bilen gyzyklandym. Sebäbi ýaş aratapawudymyzyñ kän däldigini öñem bilýärdim. Menden dört ýaş uly eken.
- Sen entek gaty ýaş. Ýene durmuşa çykmak niýetiñ ýokmy?
Hyrçyny dişledi.
- Men indi ýoldaşdan doýgun. Öñki ýoldaşym geläýmese şondan başga kişi bilen ýaşap bilerin öýdemok.
Zenan wepasy diýlen zat şu bolsa gerek. Ony taşlan ýanýoldaşyndan özge hiç kim derkar däl.
- Ogulbagt, sen nädip oña beýle ysnyşyp bildiñ? Ýogsam, söýşübem-ä barmansyñ?
- Bilmedim-dä, özümem haýran şoña. Nikanyñ gudraty bolaýmasa - diýip ýüregindäkini syzdyrdy.
- Sen ol geler diýip garaşýañmy?
- Eger islese jaý alanymdan soñ gelip biler. Gelse zat diýmen - diýdi.
Ol täze gurlan şäherden jaý almakçydygyny öñ aýdypdy. Ogulbagtyñ pikirleri maña düýpgöter tersdi. Iki aýaldan biri bolmagy kabul etmek, özüñden geçen ýanýoldaşyñ yzyna dolanmagyny umyt etmek... Ýa-ha men ýaş bolýan oña düşünerden, ýa-da onuñ pikirleri adatdan daşary. Pikirlerimi çagalaryñ galmagaly bozdy. Terbiýeçiniñ ünsi sowulandan soñ çagalaryñ akylly oturmajagy köre hasa. Özüniñ çagalara gözegçilik etmegime päsgel berýändigini añdymy, ýa gürrüñ gutardy hasap etdimi, Ogulbagt hoşlaşyp turmak bilen boldy. Men bolsa ol ugranyndan soñam ykbaly hakda pikir etmegimi bes edibilmedim. Ogulbagtyñ şol gyzky keşbi bilen gelin keşbiniñ arasyndaky üýtgeşiklikleri agtardym. Näme üýtgemändir? - diýsek sanawymyz gysga bolaýjak ýaly. Şar gara saçlaryny sara boýapdyr. Tegelenip duran ýüzi inçelipdir. Ýañaklary içine çöküpdir. Barsyndan beteri gözlerindäki şol yşyk öçüpdir. Ýaş gyzlaryñ gözünde uçganaklaýan ol yşyk nämekä? Geljege bolan umyt, söýmäge, söýülmäge isleg bolsa gerek. Indi Ogulbagtda ikisem ýok ýaly. Ol häzirem gözel görünýär. Ýöne öçügsi gözellik. Birmahalky Ogulbagty küýsedim. Soñ ýene onuñ ömrüni ötürmek niýeti bilen giren hojalygyny, gaýnyny ýatladym. "Ýüregi ak adamlar ogul dogurýar. Señ ýüregiñ hapa" . Bagt oguldamy nä? Ogly bolanda näme üýtgärdi? Ýoldaşy oña söýgi eçilermidi? Töweregindäki gyz-gelinlerden elini üzermidi? Ýok, bu hakykata bap däl.
Men bagt gözellikdedir öýderdim. Hatda, owadan däldigim üçin müýnürgärdim. Emma owadan bolmak Ogulbagta bagtly bolmak üçin ýetmändir. Köneler aýdypdyr-a.
"Özüñ gowy bolmak ýeterlik däl. Ykbal gowy adamlara duşursyn!"

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Belki tarapyndan 28-09-2023, 05:58

  • Genial Genial off № 1 28 сентября 2023 10:27
    Sag bolun ýetieninize gyzykly eken!
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 2 28 сентября 2023 21:11
    Огул, гыз экиз чага догуранларын йуреги алабедер болярмыка онда?:))
    Jogap
  • backsp backsp off № 3 29 сентября 2023 22:22
    kstati, caganyn jynsynyn ogul ga gyz boljagyny atasy kesgitleyar, yagny shondan "paýyna dushjek" hromasoma kesgitleyar, Y dushse ogul, X dushsede gyz. tak cto ene elli iki cygylsada cagasynyn jynsyna hic hili tasir edip bilmeyar. to yest gyz caga boldy diyip kimdir birini gunakarlemelem bolsa, dine atasyny gunakarlap bolyar)
    Jogap
  • Belki Belki off № 4 30 сентября 2023 02:21
    backsp, howwa, şony öñem eşdipdim.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler