[Verse 1]
Maşynyň aýnasyndan, yzyma seredýän
Çagalyk ýatlamalam ýanyma gelip gidýär
O wagtky adamlara, seretdim ýakyndan
Olar tapawutly ýa aldaýarmy hakydam?
Ýüzlerindäki gülki - hasam mylaýym
Hasam ýürekden
Hasam enaýy
Ol wagtyň howasy hasam üýtgeşik, otyrn çaga bilen gürleşip
Ady Oraz
Dokuz ýaşynda, seretdim daşyndan
Diýdim "aýdyp ber durmuşyny başyndan"
"Bolýar" diýdi, "üns berip diňle
Sen gaty üýtgäpsiň, özüňe seret ine"
Diýip aýnasyny tutdy göni ýüzüme
"Seret, adamlary aldaýan iki ýüz ine"
Birden utandym, ýüzüm ýere salyp
Dowam etdi bakyşyn ýüzüme daňyp:
"Ýadyňdamy oňýadyň gaty çörek iýip?
Indi ulaldyň, durşyna ysryp
Öňler aglaýadyň edeňde dileg-doga
Näme üçin aglaňok indi gideňde juma?
Sebäpsiz ýere etdeň adam gybatyn
Indi pul boldy seniň Gyratyň
Galmady bahaň, galmady gymmatyň
Ýatlarmy seni Muhammet diýende "Ymmatym" (?)
Namaz okan bolýaň, gataldyp sesi
Jogap ber hany bäş wagtyň ikisi
Ýetişeňok hä, bolanok nesip
Aýdym düzmäge ýary günüňi berýäň pesi"
Demini dürsäp dowam etdi sözüne:
"Galmady sende ynsap
Ýazan aýdymlaňdan menä utandym" diýende
Aýagymyň bagy çözüldi, ysgynym gutardy
Diýdi "Aklyňy talady tüsse
Hemme zat düýş ýalydy ýöne iki esse
Hakyky görünýädi" Diýdi "Özüňe gel"
Gorkudan basyp başlady gözlerimi der
Diýdi "Ýalançy diliň gurasyn
Ýalan seniň dostuň bolupdyr, ýanyňda dur asyl!"
Çepime seretdim, ýalanymy gördüm
Dag bolup gidipdir eýýam, ýandym söndüm
"Hany andyň, hany sözüň?"
Diýdi "Näletläp meni tapmadyk ýaly çözüm
Garaşan ýaly ýyllap ýolda galdyryp gözüm
Ylgan ýaly yzymdan, ýöne ýyllar gaty uzyn"
Başga näme diýjegin bilmän
Silkdi elini galan ýaly ýürekde arman
Diýdim "Saklan, ýokmy meň üçin umyt?
Bilýän günämiň sany çölüň çägesi gumy"
Diýdi "Iman et hergün täzeden
Diňe iman bolar bu gyşlary ýaz eden
Alladan gork ýazaňda täze aýdym
Ýa-da aýdymyň golaýyna barma gaýdyp"
Diýdim "Düşündim"
Ýöne şeýtan goýanok entegem yzymy ýüzümem ak tam
Görmänler geň-taň, käte aňym üýtgeýär pikirlenip otyrkam ýatyrkam
Aladam kän, ýöne meň üçinem atar daň
Haçan gün ýaly batarkam
Garaşyp dur maňa iki hatar gam
Saklanmak kyn ýaş goşa atarkaň
Allam bagyşla, ezildim bu günäli ýagyşda
Güllemek kyn bu ýowuz gyşda
Ýyly gözleýän kän bu sowuk garaýyşda
Ýylanaryn menem belki bu söweşler sowaşsa
Hawa men sada köçe tozany
Ýel nirä öwüsse, gidiberýän gozganyp
Käbiri diýýä "Aldaýaň diňe gözleri"
Käbiri diýýä "Agladýar seniň sözleriň"
"Täze aýdym ýokmy?" diýip soraýaň
Men bolsa täze aýdymlarmy gözden-dilden goraýan
Bu ýönekeý pikirler
Menem hiçkim, birazajyk pikirlen

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Khanture tarapyndan 6-02-2024, 17:34

  • Soho Soho off № 1 6 февраля 2024 21:21

    Şu şahsyýetiňem fanady, sözlerini haaasam gelşirip okaýşyny halaýan

    Jogap
  • Abaddon Abaddon off № 2 7 февраля 2024 10:45

    salam

    Jogap
  • Soho Soho off № 3 8 февраля 2024 12:11

    waleykimsalam

    Jogap
  • Ybra Ybra № 4 16 февраля 2024 18:34

    Salam. Mumkin bolsa hayysym bar. Merdan Nurgylyjow (damana) - goresim gelyar ejem, aydymynyn sozlerini goyayda🙂

    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler