Türki döwletleriň arasynda möhüm orna eýe bolan Türkiýäniň tutýan meýdany 814 578 inedördül kilometrdir. Ýewropadaky döwletleriň arasynda tutýan meýdanynyň ululygy boýunça Russiýadan soňra 2-nji orundadyr. Türkiýäniň Gresiýa, Bulgaristan, Gürjistan, Ermenistan, Azerbeýjan (Nahçywan awtonom respublikasy), Eýran, Yrak we Siriýa bilen serhedi bardyr. Türkiýe ýarym ada bolup, Garadeňiz we Ortaýer deňizleriniň ortasynda ýerleşýändir. Türkiýäniň iň uzyn derýasy Kyzylyrmak (1355 km.), iň uly köli Wan köli (3.713 km²) we iň uly adasy Gökçeadadyr (279 km²). Türkiýede 81 welaýat, 850 etrap we 35 müňden gowrak oba bardyr. Türkiýäniň iň esasy şäherleri: Stambul, Ankara, Izmir we Bursadyr. Iň köp ilatly welaýaty Stambul, iň az ilatly welaýaty Kilisdir. Tutýan meýdany boýunça iň uly welaýaty Konýadyr (38.873 km²). Türkiýäniň gündogary bilen günbatary arasynda 76 minutlyk wagt tapawudy bardyr.
Türkiýäniň welaýatlary:
Ankara, Manisa, Çankyry, Samsun, Ygdyr, Adana, Izmir, Karabük, Ordu, Tunjeli, Adyýaman, Sakarýa, Bartyn, Giresun, Elazyg, Agrı, Mugla, Kastamonu, Erzincan, Diýarbakyr, Afýon, Denizli, Sinop, Malatýa, Mardin, Aksaraý, Eskişehir, Çorum, Gaziantep, Batman, Amasýa, Uşak, Ýozgat, Kilis, Siirt, Antalýa, Kars, Nevşehir, Şanlyurfa, Şyrnak, Ardahan, Kyrykkale, Nigde, Kütahýa, Bitlis, Artwin, Samsun, Düzje, Gümüşhane, Bingöl, Aýdyn, Isparta, Hataý, Trabzon, Muş, Balykesir, Ýalowa, Osmaniýe, Rize, Hakkari, Baýburt, Konya, K. Maraş, Erzurum, Kyrklareli, Bilejik, Mersin, Kaýseri, Kocaeli, Bolu, Karaman, Sivas, Edirne, Burdur, Istanbul, Tokat, Tekirdag, Bursa, Kyrşehir, Zonguldak, Çanakkale

Türkiýede bellenilýän resmi we dini baýramlar:
1-nji ýanwar – Täze ýyl
23-nji aprel – Milli häkimiýet we çagalaryň baýramy
1-nji maý – Zähmet we daýanyşma güni
19-njy maý – Atatürki ýatlama, ýaşlar we sport baýramy
30-njy awgust – Ýeňiş baýramy
29-njy oktýabr – Garaşsyzlyk baýramy
Remezan (Oraza) baýramy – 3 gün
Gurban baýramy – 4 gün

Türkiýe XX asyryň ortalaryndan XXI asyryň başlarynda
Ikinji jahan urşundan soňra Türkiýäniň içeri we daşary syýasatynda düýpli özgerişlikler bolup geçdi. 1946-njy ýylda Türkiýe köp partiýaly ulgama geçdi. Ýagny Atatürküň partiýasy bolan “Respublikan halk partiýasynyň” (Cumhuriýet halk partisi) ýanyna “Demokratik partiýasy” (Demokrat parti) hem goşuldy. 1950-nji ýyldaky saýlawlarda “Demokratik partiýa” halkyň sesleriniň 53%-den gowragyny alyp döwleti dolandyrmaga başlady. Şol ýyl bu partiýanyň gurujylaryndan Jelal Baýar Türkiýäniň 3-nji Prezidentligine saýlandy. Jelal Baýar Türkiýäniň taryhynda harby ulgamyň içinde ýetişmedik ilkinji prezidentdir.

Bu döwürde Türkiýäniň taryhynda din-syýasat gatnaşyklary uly mesele boldy. Ilki bilen Ismet Inönüniň döwründe metjitde türkçe okalýan azan, arapça okalmaga başlandy. Mekdeplerde din derslerini okamaklyk mejburi edildi. Şeyle-de radioda dini programmalary ýaýlyma goýbermeklige rugsat berlipdir. Türkiýäniň premýer-minisri Adnan Menderes 7 ýyl içinde 15 müň metjidiň gurlandygyny, 86 metjidiň bolsa oňarylandygyny aýdýardy.
Türkiýäniň içeri syýasatynda bu wakalar bolup ýören döwründe daşary syýasatda hem möhüm işler amala aşyrylýardy. Ikinji dünýä söweşinden soňra 1949-njy ýýlda ABŞ, Kanada, Angliýa, Fransiýa, Daniýa, Lüksemburg, Gollandiýa, Portugaliýa, Norwegiýa, Italiýa, Islandiýa we Belgiýa arasynda gol çekilen şertnama bilen NATO guruldy. NATO-nyň gurulyş maksady SSSR-e garşy blok ýaratmakdyr. Staliniň toprak islegine garşy, Türkiýe NATO girmek bilen jogap berdi. Türkiýe 1952-nji ýyldan bäri resmi taýdan NATO-nyň agzasydyr.

1960-njy ýylyň 27-nji maýynda Türkiýede hökümet agdarylyşygy bolup geçdi. Netijede hökümet adamlary tussag edildiler, Premýer-ministr Adnan Menderes, daşary işler ministri we maliýe ministri dar agajyndan asyldylar. 1961-nji ýylyň iýulynda Türkiýaniň 1924-nji ýyldan bäri ulanyp gelýän Konstitusiýasy ýatyryldy we täzesi yglan edildi.
1961-nji ýylyň oktýabrynda Türkiýäniň pyýada goşunlarynyň generaly Jemal Gürsel Türkiýäniň 4-nji Prezidenti boldy. Onuň döwründe 1962-nji ýylda Türkiýede Konstitusion kazyýet guruldy. Indiden beýläk mejlisiň alyp barýan işleri kazyýetiň gözegçiliginde boljakdy. 1964-nji ýylda Türkiýe telewideniýe we radio edarasy (TRT) guruldy.

1966-njy ýylda Jemal Gürseliň saglyk ýagdaýy agyrlaşdy we Jewdet Sunaý Prezidentlige saýlandy. Onuň döwründe 1970-nji ýylda Stambuldaky Aziýany we Ýewropany birleşdirýän köprüniň gurluşygynyň düýbi tutuldy.
Jewdet Sunaýyň ýedi ýyllyk prezidentlik wagty dolanyndan soňra 1973-nji ýylda Fahri Korutürk Türkiýäniň Prezidentligine saýalandy.
1980-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkiýäniň taryhynda ikinji harby hökümet agdarylyşygy bolup geçdi. Syýasatçylaryň aglabasy tussag edildiler. 1982-nji ýylda Türkiýäniň Baş serkerdesi Kenan Ewren Prezident boldy.
1983-nji ýylda Turgut Ozal Ene Watan (Anawatan) partiýasyny gurdy we bütin türk halkyny gujaklaýyjy syýasat alyp bardy. 1989-njy ýylda Konstitusiýa laýyklykda Kenan Ewreniň Prezidentlik möhleti doldy we şol ýylyň 31-nji oktýabrynda Turgut Ozal Türkiýänin 8-nji Prezidentligine saýlandy.
Turgut Ozalyň döwründe Türkýe-ABD gatnaşyklary ýygjamlaşypdyr. 90-njy ýyllarda Yraga garşy söweşde Türkiýe ABD-niň iň ýakyn soýuzdaşlaryndan biri bolan hem bolsa uruşdan soňra iň köp zyýan çeken döwlet Türkiýe bolupdyr. Onuň Prezidentligi döwründe döwletdäki býurokratiki işler azaldylypdyr, ýagny mesele iň gysga wagta çözülmäge başlapdyr, aşakdaky dolandyryjylaryň güýji artdyrylypdyr, awtoulag ýollary köpelipdir. 1990-njy ýyllarda Türkiýede radio we telewideniýe ulgamynda düypli özgerişlikler boldy. Bu döwürde hususy radio we telewideniýeleriň açylmagy netijesinde aragatnaşyk ulgamy kämilleşendir. 1983-1991-nji ýyllar arasynda Türkiýäniň ykdysadyýeti 5,2 % ösüpdir. 1993-nji ýylyň 17-nji aprelinde Prezident Turgut Ozal ýogaldy. Turgut Ozal Atatürkden soňra wezipesiniň başynda wagty ýogalan Türkiýäniň ikinji prezidentidir.

Turgut Ozalyň garaşylmadyk ölüminden soňra 1993-nji ýylyň 16-njy maýynda Süleýman Demirel Prezidentlik wezipesine saýlandy. 2000-nji ýylda Demireliň Prezidentlik möhleti dolanlygy sebäpli Ahmet Nejdet Sezer Türkiýäniň 10-njy Prezidenti boldy. 2008-nji ýylda Prezidentlige saýlanan Abdylla Gül häzirki wagtda Türkiýäniň Prezidentidir.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Men sho tarapyndan 24-09-2021, 07:49

  • Talyp_gyz Talyp_gyz off № 2 24 сентября 2021 14:26
    Turkiya gidip goripdim, yollar yapylmanka hemme zat gul a:la gunlikka.
    Jogap
  • Okuwçy04.A Okuwçy04.A off № 3 24 сентября 2021 15:42
    Talyp_gyz,
    Salam Siz talypmy?Nirde okayaňyz?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler