Sen süýji ukuda ýatyrkaň gije,
Bogulypdym ýassygymda gözýaşa.
Sen sähere ýaňy salam bereňde,
Men gözüm owkalap barýardym işe.
Kanagat ýok, eglenmäge bir ýerde,
Ne halym bar degişmäge, gülmäge.
Saňa bagt köşgün wada berýärin,
Şowhun bolup girseň göwün külbäme.
Gözlerimi ýerden sowup bilemok,
Daş asylan ýaly gabaklarymdan.
Wah, uçup bilemok, gaýyp bilemok,
Peýkam geçen ýaly ganatlarymdan.
Nädip menden geçip bildiň, melegim,
Özgäň gujagyny gördüňmi yssy?
Bu günem ýadyma eýe bolaňsoň,
Göwnüm ejizledi,
Ýüregim gysdy...
Annagurban Annagurbanow
Goshgy
Bilim,
Talyp_gyz
tarapyndan
5-10-2021, 20:35