Salam OKYJYLARYM!!!

Gowumy ýagdaýlaryňyz, arman-ýadaman, ýaltanman ýaşap ýörsüňizmi?!
Siz bilen ýene bir täzelik etmekçi. Biziň edebiýatdan (goşgy, hekaýa, oýlanma…) başymyz çykanok. Dil baýlygymyz az bolsa-da, el ukyplarymyz kän diýip arzlaryny aýdan agzalary gözöňünde tutup, Surat çekmek boýunça kiçiräk bäsleşik geçirmegi makul bildim. Bäsleşige gatnaşmagyň ýaş çäklendirmesi bolmaz. Ähliňiziňem gatnaşmaga hakyňyz bar. Eger daşyndan hemaýatkärlik etmek isleýän bar bolsa, 3 sany ýeňijimiz bolar. Bolmasa-da ýorgana görä aýagymyzy uzadyp, 1 sany baş ýeňijini saýlarys. Eger kabul etseňiz, 2 we 3-nji ýerlere eýe bolan agzalara saýdymyzyň “Özümiziňki” diýen derejesini bereris. Ýaryş üçin azyndan 1, iň köp 3 gün wagt bermekçi. Ynsabyňyza görä, özüňiz çekjek bolaýarsyňyz-da. :)
Çekilen suratlar maňa ugradylar. Ses berme awtory gizlin ýagdaýda geçiriler. Bir agza birnäçe nikden gelip ses bermeli däl. Berseňizem biz anyklap ol sesi kabul etmeris. Ýa-da her agza berjek bahasyny meň şahsyma ýazmaly ederis. Garaz, adalatly geçirmek özüňize bagly. Goý, mynasyp agza gazansyn!

Kabul edýäňizmi? Başga-da göwnejaý teklipleriňiz bar bolsa diňleýän.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 19-06-2022, 12:57

  • Hiayress Hiayress off № 31 19 июня 2022 13:18
    Granger,
    Erkin oglan adymy?!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 32 19 июня 2022 13:19
    garaburc
    Eger *kabul etseñiz bolmaly dami mowzukda?
    Jogap
  • Granger Granger off № 33 19 июня 2022 13:20
    Hiayress
    Granger,
    Erkin oglan adymy?!

    Has atlary baş harp bilen ýazylýar. ?
    Jogap
  • Durmush Durmush off № 34 19 июня 2022 13:20
    Menä gatnaşjakgäl suratam çekjekgällaýý..
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 35 19 июня 2022 13:20
    Nirvana
    garaburc
    Eger *kabul etseñiz bolmaly dami mowzukda?

    Hawa :)
    Jogap
  • Durmush Durmush off № 36 19 июня 2022 13:21
    Sebäbi surat çekip BILEMOK
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 37 19 июня 2022 13:22
    Granger
    Nirvana
    imo-da men sizi goşaryn, nomeriňizi berseňiz. Ýöne, mümkin bolsa imo iň soňky çykalgaňyz bolsun.

    Poçtaňyzy şahsa ýazaýyň. Şoňa ugradaýyn.

    bolýar.
    Jogap
  • FanB FanB off № 38 19 июня 2022 13:23
    Nämäñ suratyny çekmeli ?
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 39 19 июня 2022 13:24
    Mona Songz,
    Aşyr Hanow şörli däminä?
    Jogap
  • Granger Granger off № 40 19 июня 2022 13:24
    Guaşlarymyň reňki azalypdy. Şu günüň özünde almak gerek. Maslenni üçin günüňiz az. :)
    Karandaş üçin bolsa, norm.
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 41 19 июня 2022 13:25
    Durmush,
    aldama senä üýtgeshik cekýädiñ
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 42 19 июня 2022 13:27
    Granger
    Guaşlarymyň reňki azalypdy. Şu günüň özünde almak gerek. Maslenni üçin günüňiz az. :)
    Karandaş üçin bolsa, norm.

    Ooo siz gazanaýjak ýalyla çynyňyz bilen. Sizem duranja bir üsti açylmadyk zehine meňzeýäňiz. :)
    Ruçkada çekäý. Agzajanlar reňkli çekmelidigiňizi duýduraýyn şu wagtdan. Jigileriňizden alaýyň dürli galam.
    Jogap
  • FanB FanB off № 43 19 июня 2022 13:27
    Jigiň bolmasa näme
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 44 19 июня 2022 13:27
    FanB,
    Aýtjak soňurrak.
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 45 19 июня 2022 13:28
    Buyyl unversitetleriñ egzamenleri yene herkimiñ oz velayatyndamyka?
    Jogap
  • FanB FanB off № 46 19 июня 2022 13:29
    garaburc,
    Howwa
    Jogap
  • Granger Granger off № 47 19 июня 2022 13:29
    Türkleň reklamasama başlady. ?
    Jogap
  • FanB FanB off № 48 19 июня 2022 13:29
    garaburc,
    Nämçün Garaburç diýdiñ ? :)
    Jogap
  • Granger Granger off № 49 19 июня 2022 13:30
    Nirvana
    Granger
    Guaşlarymyň reňki azalypdy. Şu günüň özünde almak gerek. Maslenni üçin günüňiz az. :)
    Karandaş üçin bolsa, norm.

    Ooo siz gazanaýjak ýalyla çynyňyz bilen. Sizem duranja bir üsti açylmadyk zehine meňzeýäňiz. :)
    Ruçkada çekäý. Agzajanlar reňkli çekmelidigiňizi duýduraýyn şu wagtdan. Jigileriňizden alaýyň dürli galam.

    Dürli galam köp-le. :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 50 19 июня 2022 13:32
    Granger
    Türkleň reklamasama başlady. ?

    Şu wagt şony görüp dymyp otyryn. Ýöne meni reklamalar birahat edegen. Derrew saratmak bilen bolýan. Edil häzir şol funksiýa ýok-da ?
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 51 19 июня 2022 13:33
    Granger,
    türkleñ reklamasy diyip maña diýdinmi?
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 52 19 июня 2022 13:34
    FanB,
    unash ichip otydym
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 53 19 июня 2022 13:35
    Agşama çenli gowja maslahatlaşyň. Pikiriňiz, teklibiňiz bolsa ýazyň. Agşam gelip başlatjak.
    Jogap
  • Granger Granger off № 54 19 июня 2022 13:36
    garaburc
    Granger,
    türkleñ reklamasy diyip maña diýdinmi?

    Hawa. Ýokarky uniwersitetleriň ekzameni diýeniňize. Aňk-taňk bolup galýan käte. :)
    Jogap
  • Granger Granger off № 55 19 июня 2022 13:36
    Garaburç, göwnüňize almaweriň, jigim.
    Jogap
  • Granger Granger off № 56 19 июня 2022 13:41
    Internetden, zatdan alynmadygyny saýhallap bileriňiz ýaly, her kim çeken suratynyň ýanyna iki barmagyny görkezip surata düşürmeli. :)
    Degişýän. Umuman, saýhallap bilseňiz boldy. Ýene-de, özbaşdak çekmelimi? Internedem-ä doly göçürip çekmek üçin. Haýsy biriniň "waw"-dygyny bilip bolsa bolýa...
    Birem, 1 günden köpräk edäýiň.
    Jogap
  • Granger Granger off № 57 19 июня 2022 13:42
    Internetden alynmandygyny*
    Jogap
  • Belki Belki off № 58 19 июня 2022 13:59
    Nirvanajan,salam.Adam saýlamak diýlen zada şu mowzukda düşünip bilersiñ.Şundan hut 1-2 hepde öñ men şu teklibi öñe sürüpdim."Goldajak""Gatnaşjak" diýmäñ deregine gybata öwrüpdiler mowzugy.Adamlar pikre däl-de pikri öñe süren kişä görä baha berýärler.Soñky döwür saýtdan gitmek babatda tüýs ýürekden oýlanýan...
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 59 19 июня 2022 14:01
    Belki,
    Hak hany bärde adalat diýýäňmi Mahym. :)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 60 19 июня 2022 14:03
    Granger
    Internetden, zatdan alynmadygyny saýhallap bileriňiz ýaly, her kim çeken suratynyň ýanyna iki barmagyny görkezip surata düşürmeli. :)
    Degişýän. Umuman, saýhallap bilseňiz boldy. Ýene-de, özbaşdak çekmelimi? Internedem-ä doly göçürip çekmek üçin. Haýsy biriniň "waw"-dygyny bilip bolsa bolýa...
    Birem, 1 günden köpräk edäýiň.


    Şu pikiri gollaýan, isleseňiz çeken suratyňyzy hem ugratman bilersiňiz, esasy ýeňiji yglan edeňde kimiň kimdigini biler ýaly öz suratyňyz bolsada ýeter. :D
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler