Salam OKYJYLARYM!!!

Gowumy ýagdaýlaryňyz, arman-ýadaman, ýaltanman ýaşap ýörsüňizmi?!
Siz bilen ýene bir täzelik etmekçi. Biziň edebiýatdan (goşgy, hekaýa, oýlanma…) başymyz çykanok. Dil baýlygymyz az bolsa-da, el ukyplarymyz kän diýip arzlaryny aýdan agzalary gözöňünde tutup, Surat çekmek boýunça kiçiräk bäsleşik geçirmegi makul bildim. Bäsleşige gatnaşmagyň ýaş çäklendirmesi bolmaz. Ähliňiziňem gatnaşmaga hakyňyz bar. Eger daşyndan hemaýatkärlik etmek isleýän bar bolsa, 3 sany ýeňijimiz bolar. Bolmasa-da ýorgana görä aýagymyzy uzadyp, 1 sany baş ýeňijini saýlarys. Eger kabul etseňiz, 2 we 3-nji ýerlere eýe bolan agzalara saýdymyzyň “Özümiziňki” diýen derejesini bereris. Ýaryş üçin azyndan 1, iň köp 3 gün wagt bermekçi. Ynsabyňyza görä, özüňiz çekjek bolaýarsyňyz-da. :)
Çekilen suratlar maňa ugradylar. Ses berme awtory gizlin ýagdaýda geçiriler. Bir agza birnäçe nikden gelip ses bermeli däl. Berseňizem biz anyklap ol sesi kabul etmeris. Ýa-da her agza berjek bahasyny meň şahsyma ýazmaly ederis. Garaz, adalatly geçirmek özüňize bagly. Goý, mynasyp agza gazansyn!

Kabul edýäňizmi? Başga-da göwnejaý teklipleriňiz bar bolsa diňleýän.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 19-06-2022, 12:57

  • Telwas Telwas off № 61 19 июня 2022 14:05
    Belki
    Nirvanajan,salam.Adam saýlamak diýlen zada şu mowzukda düşünip bilersiñ.Şundan hut 1-2 hepde öñ men şu teklibi öñe sürüpdim."Goldajak""Gatnaşjak" diýmäñ deregine gybata öwrüpdiler mowzugy.Adamlar pikre däl-de pikri öñe süren kişä görä baha berýärler.Soñky döwür saýtdan gitmek babatda tüýs ýürekden oýlanýan...


    Salam gowumy?!
    Edil beýle pikir etme. Men şol wagtlar şol teklibiňi okapdym daşyndan. Emma özümiň iň başagaý günlerimdi şol günler. Şoň üçin men goşulmadym. Meň yzymy ýöretjek diýipsiňmi nämemi. Şolar ýalyrak ýazypsyň mowzukda. Menä üýtgeşiklik etjek bolýanyňa, aktiwlik gazandyrjak bolýanyňa begenipdim.

    Saýtdan gitmegiňe bu pikirler sebäp bolmasyn. Her bir zady göwnüňe alyp ýörme. Göwnüme aljak bolsam, men alyp ýok bolup gidibermeli.
    Men banlamasamam meni sebäpkär hasaplap, eliň çapylsyn diýip gargynç okaýarkalar, seň bu bahanaň hiç zat meňkiň ýanynda. GIŇ BOL! :)
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 62 19 июня 2022 14:09
    Belki,
    sho mowzuga men ýazyp ýetishmedim soñ gozlamdede tapmadymmy birzada boldy yitip gitdi
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 63 19 июня 2022 14:10
    Granger
    Internetden, zatdan alynmadygyny saýhallap bileriňiz ýaly, her kim çeken suratynyň ýanyna iki barmagyny görkezip surata düşürmeli. :)
    Degişýän. Umuman, saýhallap bilseňiz boldy. Ýene-de, özbaşdak çekmelimi? Internedem-ä doly göçürip çekmek üçin. Haýsy biriniň "waw"-dygyny bilip bolsa bolýa...
    Birem, 1 günden köpräk edäýiň.

    Beriljek tema görä, başga suratdan bir zatdan peýdalanyp, ylhamlanyp çekip bilerler. Emma ugradan wagtyňyz, siziň diýişiňiz ýaly iň aşagyndan gyrajyga ruçka bilen nik adyňyzy ýazsaňyz nähili bolar?! Men paýlaşan wagtym suratyň şol ýazgysyny aýyryp paýlaşaryn.
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 64 19 июня 2022 14:12
    Granger,
    Biri soradydey shondan, yogsa mende zehin bamy unversitete girmage cilimkesh
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 65 19 июня 2022 14:12
    y.Adamlar pikre däl-de pikri öñe süren kişä görä baha berýärler.Soñky döwür saýtdan gitmek babatda tüýs ýürekden oýlanýan... näme real durmuşda gownüñe oteräk degseler ondanam gidiberjekmi jora
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 66 19 июня 2022 14:13
    cilimkeshBeý diýdiñizow...
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 67 19 июня 2022 14:13
    Belki,
    Ber eliñi ÿör gideli swist
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 68 19 июня 2022 14:14
    Nirvana
    garaburc,
    Çilim çekmede, surat çek.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 69 19 июня 2022 14:16
    Hiayress
    Granger
    Internetden, zatdan alynmadygyny saýhallap bileriňiz ýaly, her kim çeken suratynyň ýanyna iki barmagyny görkezip surata düşürmeli. :)
    Degişýän. Umuman, saýhallap bilseňiz boldy. Ýene-de, özbaşdak çekmelimi? Internedem-ä doly göçürip çekmek üçin. Haýsy biriniň "waw"-dygyny bilip bolsa bolýa...
    Birem, 1 günden köpräk edäýiň.


    Şu pikiri gollaýan, isleseňiz çeken suratyňyzy hem ugratman bilersiňiz, esasy ýeňiji yglan edeňde kimiň kimdigini biler ýaly öz suratyňyz bolsada ýeter. :D

    Köp bilmiş :))
    Jogap
  • Granger Granger off № 70 19 июня 2022 14:19
    Hiayress
    Granger
    Internetden, zatdan alynmadygyny saýhallap bileriňiz ýaly, her kim çeken suratynyň ýanyna iki barmagyny görkezip surata düşürmeli. :)
    Degişýän. Umuman, saýhallap bilseňiz boldy. Ýene-de, özbaşdak çekmelimi? Internedem-ä doly göçürip çekmek üçin. Haýsy biriniň "waw"-dygyny bilip bolsa bolýa...
    Birem, 1 günden köpräk edäýiň.


    Şu pikiri gollaýan, isleseňiz çeken suratyňyzy hem ugratman bilersiňiz, esasy ýeňiji yglan edeňde kimiň kimdigini biler ýaly öz suratyňyz bolsada ýeter. :D

    Şu teswire bir zat diýjegiňi bilipdim. :D
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 71 19 июня 2022 14:21
    surat cekmeli bolsa men eyyam yendim 1nji
    Jogap
  • Granger Granger off № 72 19 июня 2022 14:21
    Şonsuzam çekilen suratlar ýa özümiňki, ýa jigimiňki, ejemiňki, tanyşlarmyňky... Zor etse, öýmüzdäkiler bilen tanşarsyňyzda, Hiayress. ?
    Jogap
  • Granger Granger off № 73 19 июня 2022 14:25
    Degişýändirin. Hudožnik ýok bärde. :)
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 74 19 июня 2022 14:31
    Nirvana,
    yazyan hany bir synanshaly
    Jogap
  • FanB FanB off № 75 19 июня 2022 14:35
    Belki
    Giň bol jora :)
    Jogap
  • şoşo şoşo off № 76 19 июня 2022 17:48
    Ýoooooooooooook
    Jogap
  • ResulT ResulT off № 77 19 июня 2022 19:13
    Nämäň suratyny çekmeli. Erkin tema bolsa aňsat bolardy.
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 78 19 июня 2022 19:58
    Mahym gyz öýkeleme uýam, şol wagtam men goldandyryn. Eger isşeseň sen jurişeriň biri bol, surat çekmeli bolsa, synanşardym welin diňe ruçka ýa-da gara galam bn çekseň bolmazmy?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler