1. Injildäki Isa pygamber günmi?
Hristian injili güniň bir ýyllyk hereketi esasynda ýazlan astroylahy bir kitapdyr.
Hristian injilinde Isa pygambere degişli maglumattlar:
1. Isa 25-nji dekabrda doglupdyr.
2. Isany üç sany münejjim beýtullaham ýyldyzyny yzarlap tapypdyr we olar Isa dürli sowgatlar beripdir.
3. Isa 12 sany şägirt (hawary) toplapdyr.
4. Isa haça çüýlenip ölüpdir we üç günden täzeden direlipdir.
Bu maglumatlaryň barsy toslamadyr we Yslam dinine dogry gelmeýär. Hezreti Isa 25-nji deabrda dogulmadyk. Ony üç münejjim gözlemedik. Onuň 12 sany şägirdi bolmadyk. Dogry onuň şägirtleri bolan, ýöne olar 12 däldi. Ol haça çüýlenip ölmändi.
Masonlar güne çokunýan bir jemgyýetdir. Olar hristianlaryň injilini ýazdylar hakyky injil bolsa Alla tarapyn Isa pygambere iberilipdi. Emma bu original injil ýok ýa-da ony bizden gizleýärler.
Garaz güne çokunýan masonlar Güni Isa pygamber bilen çalşyryp öz injilini ýazdylar. Üns berseňiz hristianlarda Isa pygamberiň arkasynda yaldyrap duran gün bar. Ynanmasaňyz googleda Jesus Christ diyip gozledip suratlary gorun.
25-nji dekabrda dogulmak. 25-nji dekabrda gün, sirius ýyldyzy we orion ýyldyz toplumyndaky üç ýyldyzyň görkezýän ugrundan çykýar. Edil birinji suratdaky ýaly. Bu ýerde Orion kemerindäki üç ýyldyz bu Isa alaýhyssalamy yzarlaýan üç münejjimiň simwolydyr. Sirius ýyldyzy (asman gümmezindäki iň ýagty ýyldyz. Türkmenler oňa Ýaldyrak ýyldyzy diýýär) bolsa ol üç münejjimiň yzarlan beýtullaham ýyldyzydyr. Gün bolsa Isa alaýhyssalamyň simwolydyr.
12-şägirt (hawary).
Gün bir ýylyň dowamynda asman gümmeziniň 12 sany ýyldyz tomlumyndan geçýär. Biz muňa zodiak aýlawy (Täleýnama ýyldyzlary) diýýäs. Bu hem Isanyň 12 şägirdini simwollandyrýar.
Haça çüýlenmek.
Gün 21-nji dekabrda demirgazyk ýarympolýada haz uzakda bolýar gün has sowuk bolýar (hamala ölýär) we şol gün gysga gündiz we in uzyn gije bolup geçýär. We asmandaky gün üç güniň dowamynda 22-23-24-nji dekabr günleri ,,günorta haç" ýyldyz tomlumynyň aşagyndan geçýär. Edil ikinji suratdaky ýaly. Buda Isanyň haça çüýlenmegini simwollandyrýar. Üç güniň dowamynda 22-23-24-nji dekabrda gün paçti öz nuruny saçyp ýetişmeýär. 25-nji dekabrdan başlap gün ýokary galyp kem-kemden gündiz uzalýar. Bulam Isanyň üç günden täzeden direlmesini alamatlandyrýar.
Görşümiz ýaly hristianlaryň kitaby injil güniň bir ýylyň dowamyndaky hereketini Isa pygamberiň üsti bilen ýetrilýär....
Dowamy bar...
Hristianlaryň elindäki Injil kitabyny kimler ýazdy?
Bilim,
Khanture
tarapyndan
22-10-2021, 12:10