Şu ýerdäki synlaýan awtobusyñyz haýsy tarapa barýandygyny bilmeli. Yagny awtobus günbataramy ýa gündogara, ya bolmasa demirgazykdan günorta barýarmy?
Eger haýsy tarapa barýandygyny aýdýan bolsañyz şony hem subut etmeli. Ýagny awtobus meselem günbatardan gündogara barýar diýip hasaplaýan bolsañyz, muny düşündirip bermeli!?
* * *
Bir adam gidip barýarka öñünden ini 20 metrlik uzyn derýa çykypdyr. Derýanyñ o kenaryndan bu kenaryna geçer ýaly köpri bilen gämi ýok eken. Şol adam derýadan ýöräp geçipdir we onuñ köwşi, üsti-başy öl bolmandyr.
Şol adam nadip üsti-başy öl bolmazdan derýanyñ üstünden geçip bilipdir!?
* * *
Bir ýetim oglan bilen bir ýetim gyz bolupdyr. Bular söýüşipdirler. Hiç haçan işlemän biri-birlerine gymmat bahaly sowgat alyp beripdirler.
Toý edipdirler. Bile bagtly ýaşapdyrlar. Wagtyñ geçmegi bilen bular millarder bolupdyrlar.
Sorag: Şeýle zatlar bolup bilermi. Nädip? Muny düşündüriñ!?
* * *
Bir adam gämide Amazonkalylaryñ,ýagny aýal-gyzlaryñ ýaşaýan adasyna barypdyr. Amazonkalylar bu ada aýak basan erkek göbeklini öldürýär ekenler. Olar bu adamyny hem öldürmeli edip ondan bir sözi (şert) aýtmaklaryny soraýarlar.
Ol adam şol sözi (şerti) aýdypdyr we olaryñ deminden halas bolup arkaýyn ýüzüp gidipdir. Şol adam amazonkalylara näme şert goýdy, ýagny näme diýdi, olaram şol şerti berjay edip ony diri goyberdiler???
Adamyñ aýdan zady nämedi?
Zehin meselesi (golowolomka)
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
30-05-2021, 21:56