ÝOKLUK

?-nji hat. Sentýabr. Ýaşamaga güýjüm galmady, dostum. Sen ýaşa… Ýöne her gün ir-säher otagyň her boşlugyny Gün şöhlesi bilen doldurmagy unutma! Tutularam tans etsin ýeliň sazyna. Ýolugra bir sazyň täsiri bilen hiňlenip ugra sen işiňe bakan. Men saňa üýtgeşik aýdym goýmadym, bilýän. Sen saýla bir serçäni, goşulyber şonuň heňine. Depderiň bir çetine Gün suratyn çekmegi, ähli saralyp-solan gülleri
2
38

Pritçart Kolon

Düýn boksçydy, bu gün bolsa maýyp. Nädip birje söweş ýaş çempiýonyň durmuşyny üýtgetdi? Şol wideony internet uögamynda görmedik adam ýok bolsa gerek. Bu professional boksçy Priçard Kolon. Ol nädip bu ýagdaýa düşdi? Mundan 9 ýyl öň zehinli Priçard Kolon amerikaly Terrell Uilýams-a garşy söweş geçirdi, şondan soň koma düşýär we şondan bäri düşekde ýatyr. Biz Wirjiniýadaky şol söweşiň gorkunç

Müň ýyldan soň ýene bile

Hawa, Çingiz kyrk ýaşyna ýetip her bir adamyň özüne berýän soragyny berdi. Men kim? Näme üçin bu dünýä geldim. Maksadym näme? Bu soraglar onuň ilkinji gezek özüne çynlakaý beren soragydy. Ençeme wagt bu soragyň üstünde kelle döwdi. Ýöne netije tapman geziberdi. Çölde mal bakyp ýörende bu soragy özi bilen mal bakýan çopanlara berdi. Olar hem degerli jogaplar bermedi. Biri, garnyň dok bolsa bolany,

*****

COLA içeniňizden soň bir sagadyň dowamynda nämeler bolýar? ▫️Örän köp şeker bedene girýär. Kiçi cola'da 8çaý çemçe şeker bar. Ýöne siz gaýtarmak we hatta ýürek bulanmasyny hem duýmarsyňyz. Ony cola'ň düzümine girýän fosfor kislotasy bloklap goýýar. ▫️20 minutdan soň ganda şekeriň mukdary göterilýär. Bu bolsa bedende insuliniň öndürilmegine alyp gelýär. Biz ony sarp edýäris. Şonuň üçiň

Garaş biraz

Gözümi açyp ilki seni gördümAlla meni ýalkady başdan ýöne näme edeýin gözüm kördä "Ot hem has yaşylmyşyn beýleki tarapda" diýdiler Men diýdim: “Barlap gorjek" Ak düşenson saçyma Nirä bukulup gaçsamam Eräp gider yaşlygym Duýmandyryn barşyma… Senden aýra bolmak kyn Aşgabat Uzakda bolsaňam seni taşlaman Garaş biraz... Nira barsam gelmişek hasap Gitdim diýip gelejek ýasaryn Ýygyrt
1
25

Birazjyk türkmen taryhyndan

Şeýleikde mongollar Çingizhanyň baştutanlygynda türkmen döwleti bolan Horezm şalygyna ilkinji zarbany urdylar. Horezm şalygy şol döwür üçin mahsus bolan uruş alyp barmagyň ähli tärlerini ulanmak arkaly şalygy goramak üçin elinde baryny edýärler. Birinji yza çekilmek, ikinji galada gabawda durup uruş etmek, üçünji açyk meýdanlarda hüjüme geçmek. Horezm şalygy ullakan döwletdi. Onuň goşunynyň sag

Garnyň kiçi bolsa gowumy ýada uly

Kimde-kim syýasat bilen gyzykýan bolsa elbetde bu adam kommunizm barada hökmany suratda biläýmeli. Kommunizmiň nämedigini bilmedik adam taryha, pelsepä, dini taglymatlara, ykdysadyýete we ýene-de köp zatlara düşünmez. Indi bolsa, kommunizm näme?. Kommunizm-bu hususyýetçiligiň ähli görnüşini ýok etmek arkaly adamy adamyň ezmegini ýok etmek arkaly adamyň erkin durmuşda kommunizmde ýaşamagyna

*****

Döwlet ýolbaşçylary bilen bagly her hili täzelik hemme üçinem gyzykly. Täze hödürlenýän maglumatlar hiç kimi biparh galdyrmaýar. Mysal üçin ABŞ (öňki) prezidentine degişli häli hiç ýerde yglan edilmedik fakt: Prezident (öňki) Дональд Трамп okean aňyrsyndaky 268 firma we obýektlere öz adyny dakan. Aşakda öňki prezidentleriň şuňa meňzeş syrlaryny okap bilersiňiz. Transparency International

Propiskasyz sen hiç kim däl

Güni bilen otyryn size ýene bir zat hödürläýin okamana diýip, näme hödürlesem gowy bolar diýip, birden şu okaýan hekaýňyzyň üstünden bardym. Setirlerine göz aýlap ýüregim gyýylyp gitdi ýenede käbir manylara dogry geldim, köplenç bu hili manylara dogry gelinmeýär. Adamy adam edýän elbetde ýenede adam. Bu hili manylary okap biz adamçylyga tarap iň bolmanda bir ädim ädýäris. Okaň we elbetde şu hili

Sizde şu häsiýetler barmy?

Faşizmiň nämedigini düşündirjek bolaýyn size.Käbiriňiz aýytmagyňyz mümkin. Sensizem faşizmiň nämedigine düşünip bileris, özüňi asmandan asma!. Diýseňiz diýiberiň ýöne şujagaz gürrüňimi okaň we faşizmiň nämedigini bilip meniň dogry aýydandygyma göz ýetirersiňiz. Faşizmi düşündirmekde köp ylymlar we teoriýalar bar. Bu ugurda her kim bir zat diýýär. Jedelli düşündirme. Faşizmiň nämedigine göz

Ýanýoldaşyň öýsüz goýsa näme bolar

Hawa siziň käbirleriňiz üçin bu durmuş waglama bolsa köp adam üçin bu durmuş katastrofa.Aşakdaky hekaýany okap bu ýagdaýa özüňiz göz ýetiersiňiz. Adamyň näme üçin kyn ýagdaýlara düşüp galýandygynyň sebäbini köp halatda bilip bolmaýar. Men bu hekaýany size hödürlänimiň bir sebäbi bar.Köp halatda adamlar öz düşen kynçylygyndan çykmak üçin Hudaýa sygynýar, oňa ýalbarýar. Emma Hudaý oňa kömek

Öýsüzler nähili bolup öýsüz galýarlar

Internete girip birzatlar okasyň gelýär we köp halatda gözläniňi tapmaýaň, onsoň gaharyňy kimden çykarjagyňy bilmän içiňi hümledip otyrýaň. Şeýle halatyň bolmazlygy üçin men size öýsüzleriň nähili halda öýsüz bolup galýanyny görkezmekçi bolup şu hekaýany siziň üçin ýerleşdirdim. Terjime etmedim çünki bu öýsüz adam belli bir gürrüň beriş yzygiderliligini saklamaýar. Bu halaty terjime etsem öýsüziň

Gyz bolanyň gowy ýaly

Men size öňki blogymda gyzyň oglan bolmagy üçin näme zatlary başdan geçierenini ýazypdym. Bu gezek men size oglanyň nähili edip gyz bolanyny ýazyp galdyrýaryn. Elbetde bu hili gepler biziň halkymyza ýokmaz emma wagty gelende biziň halkymyzdan hem oglandan gyza, gyzdan bolsa oglana öwrülmek islärler. Bu ýagdaýyň daş=töwereigimiz üçin hiç hili zyýany ýok. Diňe ata-enä biraz kyn bolar çünki gyzym

Agyr ýük

Diýipdiñ: "Unutmak añsat söýmekden", Aýdylyşy ýaly añsatdäl eken. Bir möwsüm añzak sowugy diýipdiñ, Gözüñ ajy çeşmesi doñmaýan eken. Mañlaýa sensizlik möhri basyldy, Hasrat hanjarynda bagtym kesildi, Bigünä arzuwlarym dardan asyldy, Umyt adwokatlary bialaç eken. © Ömürdag Tagandurdyýew
0
10

Gyz bolup dogulanyň gowumy ýada oglan bolup

LGBT, transgender diýip eşidensiňiz. Şolaryň biriniň başdan geçierenlerini size ýetirýärin. Bu ýerde ol anyk ýazmaýar köp zatlary emma siz öz ýanyňyzdan ýagdaýa düşünersiňiz öýüdýän. Çünki transgenderler öz durmuşyny doly suratda beýan edip bilenaklar. Şuňa garamazdan ilkibada gyz bolup dogulan emma 17 ýaşynda özüni oglan duýyp başlan bu ýetginjek heç gyzynyň her bir transgenderiň başyndan

Atañ bolmasa

Çagalygyñ çagalyga meñzemez Başyñ sypalajak atañ bolmasa Egniñdäki agyr ýüküñ ýeñlemez Başyñ sypalajak atañ bolmasa. Añlatmasy kyn duýgy bor içiñde Ejiz görüp ýykjaklar bar geçeñde Gussañy gizlärsiñ nacar ejeñden Başyñ sypalajak atañ bolmasa. Ýürekden aglarsyñ ýalandan gülüp Bir gezek ýaşarsyñ,müñ gezek ölüp Il günem halyñy soramaz gelip Başyñ sypalajak atañ bolmasa. Gündüzlerden gijeleriñ uzak

Hudaý öldürmäge rugsat berýärmi?

HUDAÝ ÖLDÜRMÄGE RUGSAT BERÝÄRMI? . Gurhany okap, men käbir geň görkezmeleriň üstümden barýan. Ylaýta-da, Hudaý tarapyndan kapyrlary we köphudaýlylary öldürmek barada görkezmeler. Ine, ol süreler we aýatlar kime gyzykly bolsa: 4-nji süräniñ 89-njy aýaty we 2-nji süräniñ 191-nji aýaty. Birbada Beýik Ýaradyjydan beýle görkezmeleri almak bir tüýsli geň bolup görünýär. Hamala ol görkezmeler Hudaý

Moskwaly gyza öýlenseň näme bolar?

Täjigistanly rus ýigidiniň Moskawada migrant bolup ol ýerde gören-eşidenini hekaýa edip ýazan belliklerini size ýetirýärin. Belli bir derejede gyzykly, käbir gymmatlygy hem ýok däl. Moskwaly rus aýal-gyzlarynyň özboluşlylygy ýazylan. Hekaýany okap moskwaly gyzlara öýlenmek we olary aýal edip saklamak kyn boljak diýen pikire getirýär. Bu elbetde dogry. Moskwa haýbatly şäher. Şonuň üçin bu

Ýoluňyz ak bolsun migrantlar

Biraz wagt mundan ozal men migrantlyga garşy çykyp sözleýärdim.Dogry men özge ýurtlary görmeklige garşy däl ýöne bu ýerde başga bir düýpli gepler bar bolup çykdy. Şolardan birinjisi diýeli daşary ýurda gidip pul işläp tapan pulyňa jaý saldyň, maşyn aldyň, okuwa girdiň. Ýöne bu jaýda ýaşamak saňa nesip edermikä çünki migrant bolup tapan pulyň gutarsa näme etmeli? Onsoň ýene migrant bolup

Göresim gelýär

Seniñ bilen işen söýgi ýüpümiñ Düwünlerniñ baryn çözesim gelýär. Ynan!Ähli zatdan beter men seni Şeýle bir şeýle bir göresim gelýär. Sen şu wagt nirede?Näme işleýäñ? Sen hakda bar zady bilesim gelýär. Ýekelikde aglaýanym bes maña Gülemde señ bilen gülesim gelýär. Bir pursatlyk gözleriñe seredip Unudasym gelýär tutuş dünýäni. Sensizlikde öz-özümi tanamok Men salgyma dönüp baryan,bilýäñmi? Aý garaz

Rodnoý🙋

Ýaňy imony dörüp otyrkam (işlemese-de) sen bilen ýazyşan ýazgylarymy tapdym. Adam psihologiýasyny sen ýaly düşündirip bilen ýokdy maňa şu wagta çenli. Ýogsam dagy diňe ýazýadyň. Ýüzbe-ýüz otyryp düşündirseň dagy meni şol ugurdan doktorlyk dissertasiýa gorabermeli ederdiň ). Senden gaty köp zat öwrendim. Imodaky günler gyzykly geçýädi hem peýdalydy. Şol günlerem geçmejek ýalydy, geçip gitdi bir

Bilseňiz zyýan etmejek iki habar

1.Депутат Госдумы и глава фракции« Справедливая Россия— Патриоты — За правду» (СРЗП)Сергей Миронов заявил, что жители Мариуполя жалуются на заполонивших город мигрантов, живущих по своим порядкам. Парламентарий рассказал, что аналогичная ситуация наблюдается и в других населенных пунктах, перешедших под контроль России. Он добавил, что в городе веками складывался национальный состав из