Bütin dünýäde ilatyň 37%-i - 2,9 mlrd adam hiç haçan internetden peýdalanmady. Bu barada BMG-niň Halkara elektroaragatnaşyk birleşigine salgylanyp, AFP agentligi habar berýär. Muny Day.Az ýetirýär.
Şeýle-de, 2,9 milliarddan 96%-i ösüp barýan ýurtlarda ýaşaýar. Şol bir wagtyň özünde, 2021-nji ýylda Internetden peýdalanýan adamlaryň sany 2019-njy ýyldaky, takmynan, 4,1 milliarddan 4,9 milliarda çenli artdy.
Internet ulanyjylaryň köpelmegine pandemiýa döwründe görlen çäreler – lokdaunlar we mekdepleriň ýapylmagy ýardam etdi, bu hem täzeliklere, döwlet hyzmatlaryna, saglygy goraýyş täzelenmelerine, elektron söwda we onlaýn bank hyzmatlaryna elýeterli bolmak zerurlygy bilen utgaşdy.
Pandemiýanyň diňe birinji ýylynda dünýäde internet ulanyjylaryň sany 10%-den gowrak artdy – şu güne çenli bu onýyllykdaky iň uly ýyllyk ösüşdir.
Dünýäde tas 3 mlrd adam internetden peýdalanyp görmedi
Tehnologiýa,
Mona Songz
tarapyndan
11-12-2021, 18:51