“DxOMark” reýting şereketiniň ýaýradan maglumatlaryna görä, iň gowy batareýaly smartfonlaryň sanawynda birinji orunda 96 bal gazanmagy bilen “Oppo Reno6 5G” smartfony eýelemegi başardy. Ozalky sanawda 89 bal bilen “iPhone 13 Pro Max” birinji bolupdy. Şeýle-de bolsa, şol bir netijäni alan “OnePlus Nord CE”, “Vivo Y72 5G” we “Xiaomi 11T” smartfonlary degişlilikde üçünji, dördünji we bäşinji orunda ýerleşdiler. “Oppo Reno6 5G” smartfony 65W güýji bolan “SuperVOOC 2.0” batareýasy bilen üpjün edilipdir. Çalt zarýad berip bolýan bu batareýa bary-ýogy 22 minutda 0-dan 80%-e çenli, 35 minutda 100% -e çenli zarýad alýar. Mundan başga-da, bäş minutlyk zarýad 10 sagat batareýanyň ömrüni üpjün edip biler.
File engine/modules/thanks.php not found.Dünýäniň iň gowy batareýaly smartfonlary
Tehnologiýa,
Asyrow_Danco
tarapyndan
23-12-2021, 21:42