Kiwi witaminleriň we minerallaryň köp görnüşleriniň baý çeşmesi bolup durýar. Ony aýratyn hem ýokanç kesellerden goranmak, immunitetiňi berkitmek üçin güýz-gyş pasyllarynda ulanmak maksada laýykdyr.
Içki täsiri
Kiwiniň kaloriýalylygy pesdir (100 gramynda 48 kkal). Onuň düzüminiň 80 göterimi suwdan ybaratdyr. Düzüminde bary-ýogy 10 göterim şeker bardyr.
Hlorofillin bagryň howply täze döremeleriniň ýüze çykmak ähtimallygyny azaldýar. Lýutein prostatanyň we öýkeniň täze döremeleriniň öňüni almaga ýardam edýär. Kiwide bu maddalaryň ikisi-de bardyr.
Aşgazanda ýüze çykýan agyrlyk duýgusyndan dynjak bolsaň, nahardan soň 150 milligram çemesi kiwi şiresini içmeli. Ol fiziki agram salnandan soň bedeniň güýjüni dikeltmäge-de ýardam edýär.
Kiwiniň maňzynda we şiresinde köp mukdarda demir, sink, ýod, marganes, kaliý, kalsiý, fosfor bar.
Adatça ýokary kaloriýaly önümlerde: ýaglarda we hozlarda bar bolan E witamini kiwide hem köpdür.
Iýmit süýümleri, ýagny kletçatkalar inçe we ýogyn içegäniň işini gowulandyrýar, toksinleri daşary çykarýar, iýmitiň siňmegine itergi berýär. Kiwi olaryň baý çeşmesi bolup durýar.
Kiwini iýmäge garşy görkezmeler ýok diýen ýaly. Şeýle-de bolsa, allergiki reaksiýa meýilli bolan adamlar ätiýaçly bolmalydyr.
Günde 2 kiwi iýlende beden gemoglobiniň we leýkositiň emele gelmegi üçin zerur bolan foliý turşusy bilen doly üpjün edilýär.
Daşky täsiri
Kiwi ýüzüň derisini täzeleýär, oňa owadan öwüşgin berýär. Munuň üçin 1 kiwini mynjyradyp, bal we gaýmak (1 çaý çemçesi) bilen garmaly we ýüzüňe ýapmaly. 15 minutdan soň ýyly suw bilen ýuwup aýyrmaly.
Kiwiniň ekstrakty garylan diş pastasy kentlewügi pugtalandyrýar. Dişleri agardýar, syrçasyny zaýalamaýar.
Kiwiniň çigdinden taýýarlanan kosmetiki ýagy ýaşy goýalyşan adamlaryň ýüzüniň derisine garaşyk etmek üçin ulanyp bolýar. Ony gabaklaryň aşagyna çalmak hem mümkindir. Kiwi ýagy derini ýumşadýar we ýygyrtlary ýazýar.
Ýokary antioksidant häsiýetli flawonoidlere (meselem, beta-karotin) baý bolan kiwi garrama hadysasyny bökdeýär. Şona görä, bu iýmitiň ekstrakty garylan kremler derä garaşyk etmek üçin niýetlenen serişdeleriň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.
Kiwiniň düzümindäki enzimler kollageniň işlenilip çykarylmagyna itergi bermek bilen deriniň çeýeligini ýokarlandyrýar.
Kiwiniň ekstrakty garylan şampunlar saçyň düşmeginiň öňüni almaga ýardam edýär
KiWi HaKyNdA GyZyKlY mAgLuMaTlAr...
Bilim,
Ejegyz
tarapyndan
4-01-2022, 13:28