"HUDAÝA YNANMAÝANLAR KAPYRMY, ÝA-DA..."
● Eliaçyk hoja: "Kimdir biri öñden bäri Hudaýa ynanmaýanlara kapyr diýýär, aslynda welin..."
- Hojam, dinde köp ýoýulýan zatlaryñ birem jady-tilsim, doga-tumar. Häzirki günlerde jady-tilsim meselesine nähili garamaly?
- Jady-tilsim - aldamak diýmekdir, bolýan zatlary başga hili edip görkezmekdir. Mysal üçin, teleýaýlymlarda gaty köp jady-tilsimler edilýär. Al-ýaşyl we hemme zat gülala-güllük edip görkezilýän sahnalar bar. Durmuş hakykatlary ýoýulýar, bolşy-bolşy görkezilmeýär. Ýurtda kyýamat gopup durandyr welin, adamlar teleýaýlynda pingwinler baradaky gepleşige tomaşa edip oturandyr. Bolýan zatlary gizleýärler. Emma hakykaty hemmeleriñ bilmäge haky bar. Adamlaryñ hakykaty bilme hukugyny elinden almak, ine, bulam jady-tilsimiñ bir görnüşidir.
- "Ýasin" süresiniñ 47-nji aýatynda Kuran "Eger islese, Allanyñ doýurmaly ýoksullaryny biz doýurmalymy?" diýýänleri kapyr hökmünde görkezýär. Ýagdaý şeýle bolýan bolsa, biziñ günlerimizde kapyrlyk düşünjesine nähili düşünmeli?
- Şol döwrüñ müşriklerine Hudaýa ynanmaýandygy üçin kapyr diýlenokdy. Köp dindar kişiler Ebu Jehili hudaýsyz, dinsiz, imansyzdyr öýdüp pikir edýär. Men olary näçe wagt bäri gaflat ukusyndan oýarmaga jan edýärin. Kuran "Alla doýursyn, baý baýlygy bilen, garyp - garyplygy bilen synalýar" diýýänlere kapyr diýýär. "Ýasin" süresiniñ 47-nji aýatyny segsen dürli düşündirip bolýar, ynanmasyñyz, dilimize terjime edilen wersiýalaryny deñeşdirip görüñ. Kuran "garyplyk takdyrdyr, baýlyk synagdyr, men berjek däl" diýýänlere kapyr diýýär. Iman edenler bolsa Hudaýa bil baglanlardyr. Ýere, ýerden önýän zatlara, çeşmelere, haýwanlara eýemsiräp, adamlary gul-gyrnaga öwrüp, "bu zatlaryñ barsy meñki, maña degişli" diýýänler Hudaýa bil baglap bilmeýänlerdir. Çünki Hudaýa bil baglaýanlar baýlyk toplamaýar. Hudaýa bil baglañ we baýlyk toplamañ, ine, hakyky mömin şudur. Allatagala özüne bil baglamaýanlara kapyr diýýär, ynanmaýanlara däl. Çünki şolaram "Gökleriñ we ýeriñ eýesi kim?" diýip sorasañ, "Alla!" diýip jogap bererlerdi. Meselem, Ebu Jehil namaz okaýan, oraza tutýan, doga edýän, kyrkdan bir ülüş zekadyny berýän sarykly-selleli, jüpbeli, sakgally-sarmykly hajy adamdy, emma dyrnagyndan dary damanokdy, garyba-gasara zat bermeli bolsa, duran ýeridi. Gepiñ keltesi, dindarlar müşrikdir.
31.12.2014 ý.
Rejep IHSAN ELIAÇYK
http://site/news/hudaya_ynanmayanlar_kapyrmy_ya_da/2021-01-01-13102
Hudaýa ynanmaýanlar kapyrmy, ýa-da...
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
9-01-2022, 03:56