Dünýä günsaýyn ösýär her minutda täze açyşlar täze tehnologiýalar döredilýär ýapon alymlary hem pikirlenip bilyan robot tehnologiyasyny döretdiler.
Ýapon alymlary diwarlary we päsgelçilikleri aýlanyp bilýän, dünýäde ilkinji “pikirlenýän” roboty döretdiler. Tokio uniwersitetiniň gözlegçileriniň öndüren robotynda laboratoriýada neýronlar ulaldy we öýjükler elektrik bilen gyjyndyrylanda, enjam kiçijik labirentlerde üstünlikli geçip bilýär.
Gözlegçileriň pikiriçe, “fiziki suw howdanyny hasaplamak” robotyň beýni tolkunlaryny duýmaga we päsgelçilikleri ýeňip geçmäge mümkinçilik berýär.
“Amaly fizika hatlary” ylmy žurnalynda çap edilen gözlegiň kömekçisi, Prof. Dr. Hirokazu Takahashi: “Bu nerw öýjükleri ýa-da neýronlar beýniden alnan janly öýjüklerden ösdürilip ýetişdirildi. Kompýuteriň yzygiderli signallary döretmegi üçin fiziki suw howdany bolup hyzmat etdi” -diýdi.
Şeýle-de bolsa, ilkinji pikirlenýän robotda, beýni öýjüklerinden alnan signallar labirentiň içinden geçip barýarka daşky gurşaw maglumatlary berdi. Şol bir wagtyň özünde, emeli intellektine eýe bolan robotyň algoritmi nädogry ugra gönükdirilende neýronlar tarapyndan gyjyndyryldy. Diametri takmynan 7,5 santimetr we beýikligi 5 metr bolan bu robotyň, adamlar ýaly pikir edýän we erk-islegi bolan maşynlaryň döwrüne gapy açýandygy aýdylýar.
Takaşi, roboty ösdürip ýetişdirenlerinde, “akyl, tertipsiz ýa-da bulam-bujar ýagdaýdan sazlaşyk döredýän mehanizmden döreýär” diýen pikir bilen ylham alandygyny aýtdy.
Takaşi: “Başlangyç synp okuwçysynyň beýni, kollejiň giriş synagynda matematika meselelerini çözüp bilmeýär, sebäbi beýnisiniň dinamikasy ýeterlik däl. Meseläni çözmek ukyby, toruň döredip biljek aralyk-wagtlaýyn nagyşlarynyň näderejede baýdygy bilen baglanyşyklydyr. Neýronly robotlar, tejribe ulaldygyça has çylşyrymly meseleleri hem çözüp biler”- diýdi.
Dünýäde ilkinji pikirlenýän roboty döretdiler
Tehnologiýa,
Mr_Coder
tarapyndan
16-01-2022, 18:16