Söweşi halaýaryn, çünki soñunda ýeñiş bar.
***
Size şeýle bir Watan tutdym, ol ebedilik siziñki boljakdyr.
***
Bütin obalara, şäherlere jar çekiñ! Goý, meniñ halkym habarly bolsun,eger Çagry beg ogly Soltan Alp Arslan bu söweşde ýeñlip, halkynyñ ar-namysyny gorap bilmese, ýaşaýyş onuñ özüne-de merk bolsun!
***
Soltan Alp Arslan 27 müñ leşgeri bilen Wizantiýa topraklaryna gireninde, nökerleriniñ biri howsala düşüp: ''Soltanym, 300 müñ adamlyk agyr goşun bize tarap gelýär'' diýýär. Soltan Alp Arslan hiç dowla düşmezden ''Ýok tersine, biz olara tarap barýarys...'' diýipdir.
***
Meniñ ýeñşim esasy zat däl, garşydaşym ýeñilmelidir.
***
Garşydaşyñyza hiç wagt äsgermezçilikli çemeleşmäñ!
***
Ýüzleý maksatlardan ýüzleý netijeler emele geler.
***
Iñ uly ýeñiş öz nebsiñe erk etmekdir. Nebsine erk etmedik ynsanyñ ýagşysy, ilki bilen, öz nebsi bolar.
***
Jan bermekden heder etmeris, ýöne topragymyzdan asla bir garyş ýer bermeris.
***
Duşmanlar diñe bizden gutulmajaklaryna göz ýetirenlerinde, merhemet islärler.
(Alp Arslan)
Alp Arslan türkmeniň aýdan sözleri
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
12-02-2022, 03:48