Adamlar kesp etmekde bäş topardyr:1-nji topar-rysgallaryny kesplerinden diýip bilýän adamlar. Bu toparyň adamlary kapyrlardyr.2-nji topar-rysgallaryny Allatagaladan we kesplerinden diýip bilýän adamlar. Bu toparyň adamlary müşriklerdir.3-nji topar-rysgallaryny Allatagaladan diýip bilýän, ýöne olar:"Allatagala bize rysgymyzy ýetirermi ýetirmezmi" diýip, gümanda bolýan topar bular munapyklardyr.4-nji topar-rysgallaryny Allatagaladan diýip bilýän , ýöne namazyny kaza edýän, hüşür-zekat bermeýän adamlar. Bu toparyň adamlary pasykdyr(bozuk). 5-nji topar-rysgallaryny Allatagaladan diýip bilýän, kesplerini sebäp diýip bilýän adamlar. Bu toparyň adamlary mümindir.

File engine/modules/thanks.php not found.

Köneler, Bayker tarapyndan 18-02-2022, 15:42

  • Ötegçi Ötegçi off № 1 18 февраля 2022 15:46
    Dogry. 5nji bolmaga çalyşmaly
    Jogap
  • doctor doctor off № 2 18 февраля 2022 15:48
    like gowy mowzuk sagjabola
    Jogap
  • Hiayres Hiayres off № 3 18 февраля 2022 16:40
    Tema barada bir sorag: Eger rysklarymyz Allatagala tarapyndan bolsa, häzirki döwür baýlaryň (dünýä ilatynyň 12%-15%) has baýamagy we garyplaryň ýada ortagürpli adamlaryň garyplaşmagynyň ýiti dowam etmegi Allanyň baýlara rysky köp eçilip, garyplara ýada ortagürpli adamlara gysylmasy bolýarmy?!
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 4 18 февраля 2022 17:12
    Hiayres,
    Şükür etmeli. Allatagala bize baýlyk toplaň diýip buýurmady, "ybadat edip sogaby köp alyň. Siziň ybadatyňyz kyýamat harjy bolar, rahatyny görjek özüňizsiňiz"diýip buýurdy. Hiç kim ýedi arka garyp bolýan däldir rysgal berilýändir ony saklamak dogry ýerde ulanmak we nesline geçirip bilmek gerekmikä diýýän menä.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 5 18 февраля 2022 17:34
    Pygamber aleýhissalam şeýle diýipdir. "Ynsanyň hormaty mal we asly bilen däldir eýsem ylym bilendir". Mümkinçilik bolsa oka bilim al we zähmet çekseň Allatagala ryzky berer.
    Widyolar onlayn çykýa zordan ýazdym ikinji teswiri?
    Jogap
  • Hiayres Hiayres off № 6 18 февраля 2022 17:48
    Bayker,
    Ybadat etmek, ajy doýuryp garyba sadaka paýlap sogap gazanmak üçin belli bir derejede maddy şertem gerekmikä diýýän. Çagalaň aç-ýalaňaç, iýjegiň-geýjegiň gaýgy bolsa ybadata ýada ýagşy işleri amal etmäne wagtam hem höwesem galmaýar. Indi rysk Allatagalanyň elinde (el gepiň gysgasyna aýdylan söz) bolsa ybadat etýän maşgalalary we olaryň çagalaryny rysklarynda kem-kerter etmän dolsa, ybadat etmeýän we baýlyklaryny haýyr-sahabata ulanmaýan baýlaryňam ryskyndanam az-owlak kemse bolmazdymy? Islendik işi ýerine ýetirjek bolsaň, şol işi ýerine ýetirmekleri üçin oňaýly şert döretmeli ahyryn. Eger sen hassa (göçme manyda) turda gitde ýer dep buýruk berseň hassada halynyň tendigi sebäpli ýer depip bilmese, hassany günäkerlemek dogrumyka?!
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 7 18 февраля 2022 18:21
    Hiayres,
    Nädip uzyn teswir ýazyp bilýäňaý ýarsy ýaly ýazamda widyolar onlayn çykýa.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 8 18 февраля 2022 18:23
    Düşünjämi gysgajyk aýdaýyn pikirim bn ylalaşman bilersiňiz. Sadaka bermäge ýagdaýyň ýoklara aç ýalaňaçlara hökmany diýlen zat ýok, gaýtam olar mätäç bolýa sadakany şolara bermeli.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 9 18 февраля 2022 18:42
    Allatagala bäş barmagy deň etmändir rysgalam deň paýlamandyr onuňam bir hikmedi bardyrda. Uzyn edip ýazdym gysga ýazdym üçünji gezek çalt ýazdym goýup bolsa.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 10 18 февраля 2022 18:45
    Hiayres,
    Garyp aç ýalaňaç bolsa bir maşgala ýa ýekeje adam gyzyklanyp görmeli nähili ýaşapdyr näme günä edipdir. Baý bolsada näme sogap edipdir oňa seretmeli soraglarada jogap köplenç tapylýä.
    Jogap
  • Hiayres Hiayres off № 11 18 февраля 2022 20:59
    Bayker,
    100 ýyl bäri dünýäni dolandyryp gelýän 30-40 sany baý maşgalalar bar: Rotşiltler, Rokfellerler, Morganlar, Woltanlar we Bezoslar diýen ýaly, şu maşgalalar bütindünýä syýasatyny ýöredip, millionlarça adamlaryň ganyna galdylar we her biri 100 ýyla ýakynrak ýaşap bol-elinlikde jan berdiler. Eger siziň aýdyşyňyz ýaly eden sogap işleri üçin (maddy) sylaglanyp, a berilen rysklarynyny haýyr sahabata harçlamaýanlary üçin rysklaryndan mahrum bolmaly bolsa şu maşgalalar haçan eýýäm rysklaryndan mahrum bolmalydylar. Ýöne beýle däl häzir olaryň ellerinde bütindünýä baýlygyndan 100/60,70% saklaýalar.
    Jogap
  • Hiayres Hiayres off № 12 18 февраля 2022 21:04
    Bayker,
    Teswir ýazaňyzda wideo çyksa bir sapar yza basyň ýene ýazyp oturan teswiriňize dolanarsyňyz we ýazyp bolup teswiriňizi goşup bilersiňiz.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler