Bähram Gur V, Sasanidleriň 15-nji patyşasy bolupdyr. Ol sasanidleriň patyşasy bolan Ýezdigerdiň ogludyr. Kakasy ony ýaşlykdan Eýrana bakna bolan arap ýurdy Haýranyň patyşasy Nugmanyň ýanyna iberýär, Bähram şol ýerde terbiýelenýär.
Kakasy dünýeden ötende Nugmanyň kömegi bilen 421-nji ýylda patyşa bolýar. Onuň batyrlygy, jomartlygy hakda ençeme rowaýatlar döräpdir. Gulan awlamagy örän gowy görýär eken. 439-njy ýylda Şiraz bilen Yspyhanyň aralygynda aw-awlap ýören mahaly, bir batgalyga çümüp ýogalýar. Firdöwsiniň ''Şanamasynda'', Nyzamylmülküň ''Hamsasynda'' Bähram hakda köp dessanlar bar. Bu tema Gündogarda köp şahyrlaryň döredijiliginde yz galdyrypdyr.




Gysgaça Ensiklopediýa



  • Nairobii Nairobii off № 1 19 февраля 2022 22:22
    Birinjisinden Ardaşir Papakoglundan gaytsaň boljak eken hem duşnukli bolardy
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 2 19 февраля 2022 22:30
    Цитата: Nairobi
    Birinjisinden Ardaşir Papakoglundan gaytsaň boljak eken hem duşnukli bolardy


    Her ýerden tutdursaň gyzykly bolýar, bir patyşa hakda açsaň kakasy hakda-da mirasdüşeri hakda-da bilesiň gelýär hä? Mende-de şeýle bolýar...
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 3 19 февраля 2022 22:31
    Jeksparro,
    hawa welin bir tarapdan yzygiderlik bozulsa bulam bujarlyk bolayjak yaly
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 4 19 февраля 2022 23:35
    Цитата: Nairobi
    Jeksparro,
    hawa welin bir tarapdan yzygiderlik bozulsa bulam bujarlyk bolayjak yaly

    gyzykla gaytam tertipsi zokasan meselem men terry pratcetik tekizdunya aleminin kitaplarny tertipsiz okayan :)))
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 5 19 февраля 2022 23:36
    *Pratchetin
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler