Diñe men däl, köpümizem,
Bulutlara aglaýandyr öýderdik.
Aglaýannyñ sebäbini gözlemän,
Ýagýan ýagşa gözýaşlary diýerdik.
Eger ýagyş olañ gözýaşy bolsa,
Nä sebäpden aglaýarka bulutlar.
Eger-de göwnüne degen bar bolsa,
Aglap için dökse, belki gutular.
Gün lowlap-lowurdap duran mahaly,
Bulut gelýär ýuwaş, dähedem-dessem.
Hüjüm edip, gaplap Günüñ daşyny,
Bir zadyñ ugrunda, ýa etsem-petsem.
Şeýdibem örtdüler Günüñ ýüzüni,
Indi ol ýagtysyn saçanok bize.
Bulutdan ýokarda näme bolýany,
Ne-hä size mälim, ne-de bir bize.
Bulut ýakyn baryp Günüñ ýanyna,
Çydamansoñ ýiti, elhenç ýalnyna,
Üst-başyny hem zemini,
Myžžyk edip derlän eken,
Bulutlar aglanok eken.
Bibi GULNAZAROWA.