Sizden umydygär atadyr-ene,
Bagtyñyzy görüp guwansyn diñe.
Öý-ojakda nusga bolup il-güne
Garylan ýag-bal bolmaly ikiñiz.

Göwnün tapyp dosty ýarlañ, barçalañ
Agzybirlik bolsa ömür gunçalar.
Ogul-gyzyñ ak bagtyna arçalan
Bir nurana ýol bolmaly ikiñiz.

Ynamdan, ygrardan tutup binýadyn
Goralmaly "maşgala" diýlen zadyñ,
Mukaddeslik saýyp ojagyñ odun,
Bir-jañ-u, bir ten bolmaly ikiñiz..

©Kalba NUR.



  • Fashion Fashion off № 1 20 февраля 2022 18:50
    1Nji bolmagy gowy goryan. layk menden we basdym Shony
    Jogap
  • Aziz Aziz off № 3 20 февраля 2022 18:52
    LIKE.hos gordim
    Jogap
  • Gozelka Gozelka off № 5 20 февраля 2022 18:57
    Sizden umydygär atadyr-ene,
    Bagtyñyzy görüp guwansyn diñe
    Hemme ene-atalara çagalarnyñ bagtyna guwanmagy nesip etsin Eziz Allam.
    Jogap
  • ýüreksözi ýüreksözi off № 7 20 февраля 2022 19:27
    Gaty gowy goşgy sps paýlaşanyňa
    Jogap
  • Coco Coco off № 8 20 февраля 2022 20:16
    Likee
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler