Awtobusda öz oturan ornuňy özüňden ula berjek bolma, barybir garranyňdan soňra özüňem dik durmaly bolarsyň.
***
Irden turup peje ot ýakanyňda seresap bol. Hiç zady şakyrdatma, aýalyň süýji ukusyny bozjak bolma.
***
Horazyň on gezek gygyrýan sesinden, onuň bir budy gowudyr.
***
Hiç wagtda gara nebsiňi özüňden öňe tutma. Ýoluňy görmän bir gün gaýadan gaçarsyň.
***
Duralga diýilse awtobusa münilýän ýerdir öýtme. Ol awtobus gelse-hä münüläýýän, ýogsa-da adamlaryň bir ýere üýşüp, öz nerwileriniň nä derejede çydamlydygyny barlaýan ýeridir.
***
Altyn diş kakdyrmazyňdan öň ilki dodagyňy gyşartmany öwren, ýogsa dişiňiň görünmezligi mümkin.
***
- Gurbaganyň endamy ýazyň güni buz ýaly. Gyşda nähili-kä?- diýip, biljek bolup azara galma. Gyşda hem onuň endamynyň sowuklygy obalardaky dükanlaryň içinden sowuk däldir.
***

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, AySa tarapyndan 22-02-2022, 14:22

  • doctor doctor off № 1 22 февраля 2022 14:43
    Awtobusda öz oturan ornuňy özüňden ula berjek bolma, barybir garranyňdan soňra özüňem dik durmaly bolarsyň.
    ***MENA BIR GEZ YER BERJEK BOLLUM BIR DAYZA YOK GYZYM MEN AKNONUN YANNA OTYRMAYANDA DIYDI WELIN SON HIÇ OTYRSAM TURMAYAN BOLLUM
    Jogap
  • AySa AySa off № 2 22 февраля 2022 15:02
    doctor,
    hihi
    Jogap
  • Xyivenia_babayeva. Xyivenia_babayeva. off № 3 22 февраля 2022 15:05
    Buda gyzykly yone birinji bolumi yaly dal eken.
    Nirden aldyn nirden topladyn
    Jogap
  • Lukman Lukman off № 4 22 февраля 2022 15:07
    Xyivenia_babayeva.,
    site BARYBER SONA
    Jogap
  • AySa AySa off № 5 22 февраля 2022 19:51
    Xyivenia_babayeva.,
    Men bu zatlary bir öýde kitap bardy şondan aldym
    Jogap
  • AySa AySa off № 6 22 февраля 2022 19:58
    Lukman,
    Men çynym bilen aýtýan o ýerde bardygyny bilemok ýöne o ýerdede bolmagy mümkin
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler