Her haýsy bir meselede töwekgelçilik edip başaryp bilmejek işiñi hamala diýersiñ başarýan ýaly boýun alyp ýerine ýetirmäge synanyşmak batyrgaýlykmydyr?
Hemmämiziñem başaryp bilmeýän zatlarymyz bar.Ýöne geliñ dogrymyzy aýdalyñ.näçämiz özgeleriñ ýanynda men muny başarman diýip mertlik bilen boýun alýarys❓
Meniñ bu ýerde mertlik sözüni agzamagyma geñ galýan bolmagyñyz mümkin.Aslynda men bu sözi şu meselede tüýs jüpüne düşen söz diýip hasaplaýaryn?Sebäbi özümiziñ käbir zatlardan başymyzyñ çykmaýandygyny hatda synanyşsagam hötdesinden gelip bilmejekdigimizi göz görtele beýan edip bilmek ägirt uly mertlik.?
Käbir adamlar bolýar,olara ýolda yzda ýa-da şowhunly oturyşyklaryñ birinde gabat geläýsek salamdan soñ özleriniñ işdäki başarnyklary gazanan üstünlikleri abraý hormaty barada agzyny köpürjikledip gürrüñ edýärler.Hatda özleriniñ başarmaýan işlerinden gürrüñ açylsa hem hamala diýersiñ şol işde halypalyk derejesine ýeten ýaly magtanmaga başlaýarlar.Dogrusyny aýtmak gerek bolsa şeýle adamlaryñ içki dünýäsinde nämeleriñ bolup geçýändigini bilmek islärdim.
Meniñ pikirimçe beýle adamlaryñ durmuşdaky ähli maksady köpçiligiñ içinde ýüzli bolup üstünlikli işjeñ görünmek.↙
onda size şeýle bir sowalym bar.ýañky agzalan häsiýetde bolan adamlara öz pikirleri we öz pikirlerini durmuşa geçirip biljek batyrgaýlyklary bar diýip bolarmy⁉
Ýene bir zat has dogrusy ýañky aýdanlarymdan hasam möhüm bir zat şeýle adamlar ýaşamakdan lezzet alýar diýip bolarmy❓



  • Wlad Wlad off № 1 22 февраля 2022 18:47
    Ilki bilen edip bilmeýän zady barada ynsan ýöne her ýerde aýdyp ýörse bu mertlik däl sadalyk, we hormat goýmaýarlar beýle adamlara.
    Ikinjidenem nä işjeňligiň, başarjaňlyklaryň barada agzamak erbet zatmy ? Bary maksady üstünlikli işjeň görünmek diýipsiň, eýsem bu erbet zatmy ? Edil ol zatlary agzamasamam menem şeýle bolmak islärdim. Soraglaryňa-da elbetde bolar, her ýerde syryny açyp ýörmese
    Jogap
  • Belki Belki off № 2 22 февраля 2022 18:55
    Wlad,aslynda bu hereketiñ astynda ýatan zat "Iller näme diýer"düşünjesi.Şonuñ üçin "Öz pikirlerini durmuşa geçirjek batyrgaýlygy ýok"diýipdim.Nähili düşündirsemkäm?
    Başga adamlaryñ pikrine çendenaşa ähmiýet beren adamlarda öz pikrini durmuşa geçirjek batyrgaýlyk bolmaýar.Diñe töweregindäkiler onuñ pikrini tassyklan ýagdaýynda durmuşa geçirip bilýär.
    Jogap
  • Wlad Wlad off № 3 22 февраля 2022 19:05
    Belki,
    Iller näme diýer düşünjesiniň özi biderek düşünje. Her kim aýry dünýä, aýry şahsyýet. Beý diýilse adatdan çykmaly däl, meselem eşik geýjek bolsaň "näme diýseler diýsin" diýip ala-mula bir zat geýip çyksaň bolmaz. Her zadyň derejesi bar. Şo sebäpli gowy däl ýagdaý, diňe 3 ýa 5 sany gowy tanaýan, pozitiw birinden maslahat sorasyn ýetyär
    Jogap
  • doctor doctor off № 4 22 февраля 2022 19:09
    YAMAN KANLAY BU
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 5 22 февраля 2022 21:49
    Meň pikirimçe şeýle häsiýetli adamlar özlerine we öz güýçlerine ynamsyz adamlar bolmaly. Özlerine özleri ynanmansoňlar başgalara özleriniň nähili mühteşemdigini (onsuza özleri ynananoklar özleriniň şeýledigini) subut etjek bolup azara galýan bolmaly.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 6 22 февраля 2022 21:51
    Belki,
    Jora, @Wladyň gözüni açasyň ýok ol gaflat ukysynda ýatyr.))
    Jogap
  • Belki Belki off № 7 22 февраля 2022 22:13
    Hiayres,sen düşünseñ bolýa-laý jorka :)
    Jogap
  • Garabufer Garabufer off № 8 22 февраля 2022 23:45
    Diyjek bolyan zadyñyza dūşūnmedim ,

    Yöne , özimä heniz maşynam (oglankam welospedimem)we öydäki erkege degişli işleri hem ussa etdirip göremok.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler