Tomsuň yssy günlerinde buz ýaly garpyzdan hiç kim ýüz öwürmese gerek?! Garpyzyň tagamly bolmagy we ýeňil siňmegi möwsümiň iň ýörgünli bakja ekinleriniň biri bolmagyna getirýär. Süýji garpyz iýmegiň ýoly bolsa, ony saýlamakdan başlaýar. Garpyz almak maksady bilen bazara baranyňda birinji gabat gelen garpyzy almak agşamky dynç alşyňyzy bozmagy mümkin. Onda, iň süýji garpyzy nähili saýlamaly? Aşakdaky usullar arkaly garpyz saýlamak, ýerlikli bişen garpyzyň lezzetini almagyňyza kömek eder.

Ilki bilen garpyzyň şekiline serediň. Ýetişdirilýän döwründe garpyzlaryň endigan gün şöhlesini almazlygy ýa-da ýeterlik suw “içmezligi” olaryň şekiliniň bozulmagyna getirýär. Bu bolsa tagamyna täsir edýär. Garpyzlaryň ýetişýän döwründe toprak bilen galtaşýan ýerinde sarymtyl reňkli tegmil emele gelýär. Eger bu tegmil ýok bolsa ýa-da has solak bolsa, garpyzyň wagtyndan öň ýygnalandygyny, doly bişip ýetişmändigini aňladýar. Garpyzyň daşky reňkine üns bilen serediň. Bişen garpyzyň gabygynyň reňki gara ýaşyl bolýar, şeýle hem ýalpyldamaýar. Daşy ýalpyldawuk bolan garpyz adatça bişmedik bolýar. Meşhur pitiklemek usulyny barlap görüň. Bu usul bilen garpyz saýlamak has kyn hem bolsa, halkyň arasynda ýaýran usul bolup durýar. Pitikläniňizde garpyzdan doly ses çykýan bolsa bişendigini, ejiz we gowşak ses çyksa heniz çygdygyny ýa-da aşa bişendigini aňladýar. Kesdirip görüň. Bu usul bazarlarda we dükanlarda giňden ýaýran. Satyjylaryň köpüsi müşderilerine garpyzy kesip, barlap görmegi maslahat berýärler. Eger garpyzy kesdirip aljak bolsaňyz öňünden satyja bişmedik garpyzy almajakdygyňyzy duýduryň.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Ötegçi tarapyndan 31-05-2021, 07:57

  • Pegas Pegas off № 1 31 мая 2021 08:35
    "Ähli zatda gara bagtym,
    Garpyz ýardym, ak çykdy"
    ?
    Jogap
  • Yunus Yunus off № 2 31 мая 2021 09:03
    garpyzyn ak cykanyny satyjylar name etmelı?
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 4 31 мая 2021 09:21
    @Yunus mala bereñde de bolman durmaz
    Jogap
  • yyldyz yyldyz off № 5 31 мая 2021 09:22
    meşhur pitiklemek usuly) men-ä şol usuly hiç başaramok näme üçindir.. hemmesindenem bir ses gelýän ýaly.
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 6 31 мая 2021 09:24
    @yyldyz ünssizlikden bolyarmyka diyyan. Menem hic hacan garpyz saylap bilemok
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 7 31 мая 2021 09:26
    Yone gasun saylamaly bolanda, elime ilenini alyan, koplenjem gaty gowy cykya÷) 4 setir cigit bolya koplenc, ozem bal yaly bolya, basga kisa yetirman bir ozum bir ortaca ulylykdaky gawuny iyayyan kate
    Jogap
  • Ogulşirin_Bayramowa Ogulşirin_Bayramowa off № 8 31 мая 2021 09:26
    kakam dagyn dıymegıne gora aldayarmy bılemok oz onunde kessen suyjı bolya yza cekılıp kessen bısmedık cykya dıyyaler.
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 9 31 мая 2021 09:26
    Her gezegem su iñ soñkujam dp sonuna yetyan÷))
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 10 31 мая 2021 09:28
    Yazyakamam agzym suwdan dolup gitdi?
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 12 31 мая 2021 09:29
    @Ogulşirin_Baýramowa barlap gorayerler÷)
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 13 31 мая 2021 09:31
    Mena toweregimdaki magazinlen hicisinde garpyz gawun goremok. Yone aralarda tanyslan biri iki sanjak kicijik togalak gawun salyp goyberdi wln olam o diyen dal eken.
    Jogap
  • Ogulşirin_Bayramowa Ogulşirin_Bayramowa off № 14 31 мая 2021 09:33
    garpyzlaryn gyzyly suyjısı yok gawunlardada 40 gunlugın tagamy gelya bızına kocamızde aylap satyp basladylar
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler