Maksadyňyza ýetmek üçin bu ýolda sabyrly bolmak has zerurdyr. Sabyrly bolmagy
başaranyňyzda, durmuşy öz islegleriňize görä däl, aslynda bolşy ýaly kabul etmäge
başlarsyňyz. Sabyrsyzlyk netijesinde, dürli päsgelçilikler garşyňyza çykyp biler. Aňsatlyk
bilen gaharlanyp, ýakynlaryňyzdan araňyzy uzaklaşdyrar. Sabyr ýaşaýşyňyza sütün we
kabul edip bilijilik ukybyny berýär. Sabyrlylyk ýüreklere rahatlyk paýlar.
Mundan başga-da sabyr başga ynsanlaryň erbet niýetli bolmalydygyny görüp
bilmekdir. Öýde 2 we4 ýaşlaryndaky iki çagam bar. Men bu kitaby ýazýan wagtym 4
ýaşyndaky gyzym birnäçe gezek otagyma girip ünsümi bölüpdi. Bu ýagdaý bir ýazyjy üçin
rahatsyz ediji bir ýagdaýdyr. Muňa garşy hereketim bu ýagdaýyň üstünde uzak
durmazlykdyr. Dogry; işimi bitirip bilemok, aklyma gelen pikirler gelşi ýaly ýitip gidýär,
bu gün işlemek üçin bar bolan pursadym şudy... Munuň ýerine gyzymyň näme sebäpli meni
görmäne gelenini özüme ýatladýaryn; ýanyma gelmeginiň sebäbi işimi bozmak däl-de,
gyzymyň maňa bolan söýgüsidi. Bu gowy pikiri ýadyma salanym-da, işimde şatlyk bilen
sabyr peýda bolup ünsümi jemlemäge goşandyny goşýar. Mende döran gaharym ýuwaş-
ýuwaş azalmaga başlaýar we ýene bir gezek bu ajaýyp çagalarymyň bolany üçin özümiň
nähili bagtlydygym hakynda oýlanýaryn.
Netijede bu işi isleýşiňiz ýaly çözüp bilersiňiz hem ynsanlary hem-de sizi rahatsyz
eden bu ýagdaýa göz ýetirip bilersiňiz. Muňa göz ýetirmek siziň has-da sabyrly we rahat
bolmagyňyza täsirini ýetirip, geçmişde siziň gaharlanmagyňyza sebap bolan pursatlardan
lezzet almaga başlarsyňyz.
Nähili başarmaly?
Nähili başarmaly? “Ýedi ölçe, bir kes!” Haýsy hem bolsa bir maksadyň eýesi
bolanyňdan soňraky ikinji ädim ol maksadyňa ýetmek üçin gerek bolan ýollary
saýlamakdyr. Bu ýollaryň iň gysgasyny, iň amatlysyny, iň dogrusyny häsiýetlendirýän
ulgama “Strategiki planlama” diýilýär. Strategiki planlamanyň maksady üstünlik üçin
dogry bir ýol kartasyny häsiýetlendirmekdir.
Bir planyň eýesi bolmak näme üçin peýdaly? Plan, pikiriň dolandyrylmagy diýmekdir.
Ol ynamy artdyrmak bilen bir hatarda barlag duýgusyny oýandyrar. Näbelliligiň emele
getirijisini ortadan ýoklaýar. Planlama ýalňyşlyk göýbermegiň üstüne düşen paýyny
azaltýar. Planly hereket etmek, başda pikirlenip, soňra herekete geçmek diýmekdir.
Käbir kitaplarda dürli milletleriň planlamaga bolan garaýşy şeýle beýan edilýär:
“Ýewropalylar bir iş etmekden ozal ilki pikirlenýärler we soňra ol işi ýerine
ýetirýärler. Olarda şonuň üçin öňe gidişlik bolýandyr. Emma Afrikalylar işi başda
ýerine ýetirýärler we soňra pikirlenýärler. Şonuň üçin hem yza galýarlar. Biz türki
milletler bolsa “Kerwen ýolda düzüler” düşünjesi bilen bir işi ol işi ýerine ýetirýän pursatlarymyzda pikirlenýäris. Şonuň üçin hem ne öňe gidişlik bar ne-de yza galmak”.
Planly ýaşamak: başda pikirlenip soňra herekete geçmek diýmekdir.
“Garaýyş”
Men, bu usula birnäçe wagt mundan ozal göz ýetiripdim. Başgalara bolan
garaýşyňyzda bu çözgüdiň möhüm usullarynyň biridir.
Sizi yzygiderli gaharlandyryp durýan bir adamy pikir ediň. Soňra gözleriňizi ýumuň
we sizi yzygiderli gaharlandyryp durýan bu adamy,bir çaga bolan bolsa diýip pikir ediň.
Olaryň kiçijek mähirli gözlerini hyýal ediň. Unutmaň çagalaryň ýalňyşlyk göýbermegi
tebigy zatdyr we ählimiz bir wagtlar çagadyk. Indi bu wagtyň 100 ýyl soňrasyny pikir
edeliň we şol bir adamyň 100 ýaşynda ölüm ýassygynda ýatanyny göz öňüne getiriň. Solan
we kütelişen gözlerini, ýüzündäki emele gelen ýygralygy görmäge synanşyň. Ol
ýygralykda, durmuşa göz ýetirmegiň we edilen ýalňyşlyklaryň puşmanlyklary jemlenendir.
Unutmaň biziň hem ýüz ýaşa ýetmegimize ýa-da ölüm ýassygynda ýatmagymyza
galan gün sanardan köp däldir...
Bu beýan edilen usuly özüňizçe üýtgedip hem bilersiňiz we bu usul size elmydama
öz netijesini bermegini dowam eder. Eger maksadymyz gowy bir ýola gönükdirilen
bolsa, onda başgalara garşy ýaramaz pikirde bolmaly däldirs.
“Söýmek”-ukybyňyzy kämilleşdiriň.
Durmuşa bolan garaýyşy kemala getirmek üçin iň zerur ädim, töweregiňizdäki
ynsanlary söýmek bilen başlar. Söýgi-bu başga adamlaryň ýagdaýyna düşünmegi talap
edýän duýgydyr. Özüňizi başga adamyň ýerine goýup, ol adamyň kynçylygyny duýan
halatyňyzda, onda şol adama bolan garaýşyňyz düýpgöter özgerer. Netijede eliňizden
gelse ol adama kömek edersiňiz, iň bolmanda şükür etmegi öwredersiňiz.
Söýgi wakalar netijesinde hakykata geçýän zatlaryň biridir. Onuň iki bölegi bardyr:
niýet we hereket. Niýet-bu diňe ýüregiňizi başgalara açmagy ýatladar. Hereket bolsa, bu
ugurda ýerine ýetiren işleriňiziň toplumydyr. Göwnüňize görä pul ýa-da haýsyda bir
maddy gymmatlyk bagyşlap bilersiňiz. Ýolda gören adamlaryňyza ýürekden bir ýylgyryş
bilen, salam bermek hem bagyş etmegiň bir görnüşidir. Ýerine ýetirilen ýönekeýje iş,
ýerine ýetirilmedik uly işlerden gymmatlydyr.
Bu dünýäde has uly işleri ýerine ýetirip bilmeris. Işiň syry kiçi iş hem bolsa ony uly
söýgi bilen ýerine ýetirmekdedir.
Rahat ýöne zehinli adamlar üstünlige ýetip bilmez
diýänlere...
Köpimiz islendik wagt aljyraňly we durmuşy ýaryş hökmünde
görmegimiziň asyl sebäbi, rahat hereket etmek-bu biziň maksadymyza
ýetmegimizde kynçylyk döreder diýip pikir edýän gorkylarymyzdadyr.
Aslynda tersine ähli ýagdaýyň garşysynda rahat saklanyp bilmegiň doly
netijedigini ýatdan çykarmaň. Gorky we alada bilen ýaşamak uly mukdarda
içki daýanç güýjiňizi bölüp alýar. Netije-de bu ýagdaý islegleriň we zehiniň
körelmegine sebäp bolýar. Gorky we alada bilen ýaşaýan wagtyň hiç bir
zadyň tagamyny almaz hala gelýärsiňiz. Ähli zadyň birkemsiz bolmagyny
isleýänler, hiç wagt maksadyna ýetip bilmez. Çüňki bu durmuşda
ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýarys.
“Sabyrly bolmak”
Bilim,
♡чистая♡
tarapyndan
5-04-2022, 06:44