Seniň gözleriňden ganyp bilemok
Megerem, bu dertden eräp giderin
Gijeler gözüme uky gelenok,
Göz ýaşym gutaryp gurap giderin

Öwlüýä sen. Daşyňdan pyrlanyp ýörün.
Kowsaň-da, maslygmy süýräp giderin
Ähdi-peýman diýmek – iman diýmekdir,
Ähdiňden dänäýseň niräk giderin?

Adyň dilde bolsa – bahylyň-da köp,
Dilde men, niçiksi gaýrak giderin?
Ýok, ýok, maňa ýatdyr gaýra diýen zat
Gitse-de ilerik köräp giderin.

Seni iki dünýä çalyşmaryn men,
Egnimi egniňe diräp giderin.
Birden öläýsem-de, Seň ysyň alsam –
Ýene-de direlip, ýöräp giderin.

Adam iki gezek inermiş dünýä.
Çynmyka! Jogabyn durlap giderin.
Ýeke gezek bolsa, menem boş gitsem –
Dünýäden çaga dek çyrlap giderin.

Sen ähdiňde dursaň şahyram durar.
Seni müň beladan gorap giderin.
Bürgüde duşduňmy – bürgüt hem bolgun!
Serçä dönäýdigiň – pyrlap giderin!


Kerim GURBANNEPESOW.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 18-04-2022, 00:59

  • Telwas Telwas off № 1 18 апреля 2022 01:08
    INDI GIÇ

    Islege görä däl, söýgi oýun däl,
    Arzuwlarym sürer ýaly goýun däl,
    Bu gün ykbal gözleriňe boýun däl,
    Ah çekip, alyp möwç aglamasan-a!

    Köňül diwaryňda goýmadyň ötük,
    Taşladyň söýgime "Ýok" sözün çitip,
    Onsuzam kalbymyň agysy ýetik,
    Haýyşym, indi hiç aglamasan-a!

    Hany, şol gözleriň sedasyz gülen,
    Hany, alçaklygyň şemal deý ýelen,
    Gowusy, şol kejir näzleriň bilen,
    Mertlikden alda-da güýç, aglamasan-a!

    Gözýaşlaryň jiger-bagrym eredýär,
    Ýürek ejiz, emma, namys ýöredýär,
    Gör, kalbyma indi özge seredýär,
    Bilýäň-ä, indi giç, aglamasan-a!

    Ahmet ARAZOW.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 2 18 апреля 2022 01:10
    IL BOLUP

    Eýýäm ol gün öwrülipdir öňňine,
    Bilýän, bu günümem düýn bolup galar.
    Owadan ömürde saklamaň kine,
    Beýtseň, aňsat işler kyn bolup galar.

    Bu dünýäniň şowhunyna gatylman,
    Düňderilip dymyp ýörmek akyl däl,
    Aýdyň yşk sözlerin, asla çekinmäň,
    Ýogsam, ol gursakda müýn bolup galar.

    Sada göwün – hoş sözleriň kärizi,
    Ol bu dünýäň şatlygynyň şärigi,
    Haka uýup, düz tutanlar pälini,
    Zemin şalygynda şan bolup galar.

    Bahar bolup dünýäleri nagyşlaň,
    Mähir bolup günäleri bagyşlaň,
    Päklik ömrüň ummanyny gulaçlap,
    Ak kenara barýan sal bolup galar.

    Dünýe geziň, Zemin geziň, il geziň,
    Tapmarsyňyz Watan ýaly giň ýeri,
    Türkmenimiň bu garagöz illeri,
    Mertebesi synmaz il bolup galar.

    Kakamyrat REJEBOW.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 3 18 апреля 2022 01:16
    ÖTÜNÇ

    Haýyş, ykbal!
    Göwnüm ýykmaý!
    Dilegim bolsada ýeser.
    Sen geň görme sözlerimi,
    Hem bakma maňa keseden.
    Men bir zady çak edýärin,
    Bilmäge şoň bellisini.
    Sen kyn görmän beräý maňa,
    Aýralygyň belgisini.

    Men oňa jaň edip diýjek:
    — Bagyşla meni aýralyk!
    Men şu çaka senden öýdüp,
    Bu ýekelik, bu aýralyk.
    Ýalňyş pikir edipdirin,
    Göteripdirin günäňi.
    Asyl, bu zatlaň baryna
    Bir özüm eken günäli.

    Aslyndada iki adama,
    Ýeke söýgi dözlen bolsa.
    Ýeke söýgi dözlen bolsa,
    Ýeke söýgä iki ýürek,
    Bir alyp, bir berlen bolsa.
    Kim bilýär, şol «göreşdede»,
    Ol ýeňip, men ýeňlen bolsam?!
    Wah, onsoňam jan aýralyk,
    Seňem görüp durşuň ýaly,
    Meňem görüp duýşum ýaly,
    Bu dünýäň diregi käşgä,
    Bir men bolsam,
    bir men bolsam...

    Bolsada muňa düşündim,
    Ýetişdim hernä aýňalyp.
    Sen giç hem bolsa bagyşla,
    Bagyşla meni aýralyk!

    Diýjegim şu,
    artyk gürläp,
    agyrtmaryn kellesini.
    Ykbal, maňa bir bersene,
    Aýralygyň belgisini.

    Aýgül GARAÝEWA.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 4 18 апреля 2022 01:18
    (Sapa Hommadowa bagyşlanýar)

    Barlyk sözler bilen binýat edilen...
    Ýelleň pyşyrdysy Serwer senasy.
    Mähir bilen gözler sataşsa şo hal,
    Ýitip ähli hemdemleriň penasy,

    Täzeçe bir ykbal, täzeçe durmuş,
    Açsa öz gapysyn aýra gursakda...
    Duýgularam sermes bolup aýnaklap,
    Gelseler ýer gözläp syrly pursatdan,

    Girseler tisginjeň ejiz ýürege,
    Hem salgy berseler geljekki ýoly...
    Şol ýol bilen gitsem, büdretmeseler,
    Ýowuz sözleň dogran arwahy-aly,

    Gör men nirelere baryp bilerin...
    Garamaryn yzda galan menzile.
    Şonda senem galamlarňy sap edip,
    Garşyla myhmanyň goşgulaň bilen.

    Gat-gat kagyzlarňy agtar bir sellem,
    Ynjamasyn okalmadyk şygyrlaň.
    Sözleň höküm edýän beýik ýurdunda,
    Aradan aýrylyp ähli çygyrlar,

    Ýene ýaz sen, ýene-ýene oka sen,
    Geplemän diňleýän diňleýjiň menem.

    Laçyn ÖWEZOWA.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 5 18 апреля 2022 01:21
    Sag bol! (ilkinji bendimden).
    Diýme ir görüp «Eýýämmi?»
    Isleseň, giç oka muny,
    Ýene üç günden, öýlänler...

    Goşgym hoşlaşyk hakdadyr,
    Öňünden aýtdygym bolsun.
    Hernä, seni tanamaýan,
    günlerden gaýtdygym bolsun.

    Geň görme, «Salam» diýmäni,
    Hoşlaşyp gidip barýanma...
    «Nirä?» hem diýme, bilýänim,
    Öňe,
    has öňe barýan men.

    Gün dogup dur şol bir ýerden,
    Wagtam mydam aýak üstde.
    Ýaňy ondan haýyş etdim,
    — Äkit — diýdim — öňe gitseň.

    Mydam ýylgyrýan adam deý,
    Birmeňzeş günler irizdi.
    Belki, olar gülüp başlar,
    Ömrüme seni girizip?

    Düýnden, şu günden tapmadym.
    Kim bilýär, haçan görüşjek...
    Şoň üçin ertire gidip,
    Saňa şol ýerde garaşjak.

    Aýgül GARAÝEWA.
    Jogap
  • Bidowlet Bidowlet off № 6 18 апреля 2022 03:51
    Aýgül Garaýewada ýiti zehin bar.
    Jogap
  • Soho Soho off № 7 18 апреля 2022 04:53
    Laçyn Owezowa-da yitip gitdi oydyan saytlardan...
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 8 18 апреля 2022 16:05
    Цитата: Bidowlet
    Aýgül Garaýewada ýiti zehin bar.

    Hawa. Tüweleme zehinli Aýgül. Aýgüliň dünýäsi bilen dünýämi meňzeş görýän. :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 9 18 апреля 2022 16:07
    Цитата: Soho
    Laçyn Owezowa-da yitip gitdi oydyan saytlardan...

    Salam Soho aga.
    Laçyn Öwezowa görünenok-da Laçyn Pürjäýewa görünýär. Men şeýle pikir etdim, Laçyn durmyşa çykyp familýasy üýtgäýdimikä?!
    Ikisi barada-da maglumat bilemok. Laçyn Öwezowa-da güýçli ýazýar.
    Jogap
  • Waleryanka Waleryanka off № 10 18 апреля 2022 17:57
    Nirvana,
    Laçyn Öwezowa 97- nji ýylda doglan( ýalňyşmaýan bolsam)
    A Laçyn Pürjäýewa 1980-81- nji ýylda doglan.
    Laçyn Öwezowa bärik käte gelýär.Ýöne özüni özi tanatmaýandygy üçin haýsy nikdigini aýdyp biljek däl. Hawa, ikisem gowy ýazýar.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 11 18 апреля 2022 19:01
    Цитата: Waleryanka
    Nirvana,
    Laçyn Öwezowa 97- nji ýylda doglan( ýalňyşmaýan bolsam)
    A Laçyn Pürjäýewa 1980-81- nji ýylda doglan.
    Laçyn Öwezowa bärik käte gelýär.Ýöne özüni özi tanatmaýandygy üçin haýsy nikdigini aýdyp biljek däl. Hawa, ikisem gowy ýazýar.


    Salam. Tüweleme. Diýmek, hersi aýratyn adamlar.
    Laçyn Öwezowa durmyşa çykanmy? Häzirem goşgy ýazýarmy?
    Jogap
  • Waleryanka Waleryanka off № 12 18 апреля 2022 23:46
    Laçyn durmuşa çykan däldir öýdýän.Ýakyn tanyşlygym ýok bolansoň, bilemok.Dostluk saýt ýapylanyndan bäri Laçynyň täze goşgusyna hiç ýerde gabat gelmedim.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler