Olaryň göripligine we tankydyna sabyr etseň, sogap gazanarsyň.
Galyberse-de, olaryň tankydy seniň gymmatyňy artdyrar. Bolgusyz,
boş adamlara göriplik etmeýär.
Bir akyldar şeýle diýipdir: «Beýik adamlaryň her ýerde göribi
bardyr. Diňe näkesleriň göribi ýokdur».
Ýene birinde şeýle sözler bar: «Adamlar ondaky ukyp-zehine,
berlen nygmata göriplik ederler. Adamlar oňa göriplik etdigiçe, Al-
latagala oňa berýän şol nygmatyny ýene-de artdyrar».
Bir şahyryň goşgusynda: «Gepçileriň gürrüňinden zeýrenýärsiň,
göribi bolmadyk abraýly adamy tapmarsyň. Mertebeli kowumyň
nesilikäň, hökman göriplik ediler. Çünki diňe nalajedeýin, boş
adamlaryň göribi ýokdur» diýilýär.
Bir gezek Musa pygamber Hudaýa arz edipdir: «Eý, Perwer-
digärim, adamlar üstümden gülýär, ýaňsylaýar, olar dilini çeker ýaly
etsene!» diýipdir. Allatagala: «Eý, Musa, bu soraýan zadyňy hatda men
özüme-de rowa görmedim. Olary ýaradanam, olaryň gündelik rysgyny berip duranam men, ýöne şonda-da ýene menden nägile bolup, menden
zeýrenip, maňa gargynýarlar (Menden nägile bolup, menden zeýrenip,
maňa gargynýarlar, emma olara berýän rysgymy kesmeýärin). Sen giň
bol!» diýipdir.
Pygamberimiziň sahyh hadyslarynda şeýle diýilýär: «Allata-
gala aýtdy: Adam ogly maňa sögünýär, menden zeýrenýär. Ýogsam,
beýtmäge onuň hiç hili haky hem ýok. Onuň maňa bir sögünji döwre,
pelege sögünmesidir. Çünki pelek meniňkidir. Gijäni-gündizi çalşyryp
duran Özümdirin» diýipdir.
Sen at-abraýyňy adamlaryň ýaman dillerinden saklap bilmersiň.
Muňa garamazdan, sen ýagşy işleri edip bilýärsiň. Edýän her bir gowy
işiň bilen olaryň teýeneli sözlerinden we esassyz tankytlaryndan gutul-
magy başararsyň. Hatam Taýyň goşgusynda: «Men göriplerimiň sözü-
ni eşitsem-de, olara ähmiýet beremok. Duşumdan geçirip goýberýän.
Munuň üçin adamlar meni ýazgarýaram. Ýöne ol tankytlar meni ýa-
datmaýar we haýyr iş etmekden elimi sowaşdyrmaýar» diýilýär. Ýene
bir şahyrda «Maňa sögünip duran bihaýanyň ýanyndan geçip gitdim.
Maňa gerekmejek sözlere ähmiýet bermedim» diýilýär. Ýene biri
şeýle diýýär: «Süpük adam sözläbersin, diýibersin. Oňa iň oňat jogap
– dymmak we öz işiňi, ýoluňy dowam etmekdir».
Eger-de ýagşy gylykly adamlar olara ähmiýet bermän geçseler,
bihepbe we görip adamlar özlerini lapykeç, kemsidilen ýaly görerler.
Günbatar şahyrlarynyň birinde şeýle sözler bar: «Sen dogry-dürs
işleri ýerine ýetir. Soňra her bir bolgusyz tankyda biparh gara».
Şu babatda durmuşda synalyp görlen peýdaly tejribelerden käbiri-
ni ýatlaýyn: ýüregiňe ýara salýan sözlere-söhbede, şygra-gürrüňe
jogap gaýtarma. Bu zatlara çydam etmek aýybyňy ýaşyrar. Ýumşak
göwünlilik beýiklikdir. Dymmaklyk duşmanlaryňy dyza çökerer.
Geçirimlilik sogap we mertebedir. Seniň şanyňa aýdylan tankydy
okanlaryň ýarysy eýýäm ony unutdy. Galan ýarysy okan zatlarynyň
näme sebäp lidigine asla düşünmediler. Bu tankyt-teýenelere gaýtargy
bermek bilen, adamlaryň unudyp başlan bu ýerliksiz meselesini özüň gozgap, çuňlaşdyryp oturmagyň nämä geregi bar? Akyldarlaryň biri
aýdypdyr: «Bir döwüm çöregiň aladasyny edip ýören adamlaryň sen
we men bilen asla işleri hem, habarlary hem ýok. Olar teşneligini gan-
dyrýan bir gultum suw içmegiň isleginde gezip ýörkäler, seniň, meniň
dünýäden ötenimizi hem bilmän galarlar».
Arpa çöregi bar bolan asuda öý, dürli-dümen naz-nygmatlardan
doly, ýöne galmagal-gopgun bilen gurşalan howludan haýyrlydyr.
GÖRIPLERIŇ WE NADANLARYŇ TANKYDY
Bilim,
Arslan Alayew
tarapyndan
24-04-2022, 00:38