Islenen.site-da görmegi halamaýan mowzuklarymyz haýsylarka?
1.Täze gelenligi sebäpli,özüni tanyşdyrmagy gerek hasaplaýan agzalaryñ ilkinji mowzuklary.Meselem:"Salam agzalar!Men Jäniçge.Ýylym 2003.Saýtyñyza täze geldim.Menem arañyza goşarsyñyz diýip umyt edýän".
Şu pisint mowzuklary her okanymda Serdar Ortaçyñ "Aranıyorum..." diýen söz bilen başlanýan aýdymy ýadyma düşýär :)
Häzir men bu agza "Ýok,men seni aramyza goşjak däl"diýsem,gitjekmikä saýtdan?Eger-eger gitmez.Onda nämä gerek şu mowzuk?Täze gelen bolsañ teswirleriñi galdyr,pikir alyş,mowzuk döret,ýuwaş-ýuwaşdan goşulyşyp gidersiñ-dä.
2.Saýtdan gidýänligini yglan edip,açylan mowzuklar.Meselem:"Men indi saýta girip biljek däl.Islenenden gidýän.Hemmäñiz hoş galyñ!".
Şu mowzugy açýan agzanyñ maksady nämekä?Mowzuga ýazyljak teswirlerem bellidir.Bir-iki sany agza "Gitme"diýip ýalbaran bolar.Bulam jogap bermedik bolar ýa-da jogap berip gitmäne mejburdygyny aýdýar.Ýañky agzanyñ şu mowzugy açmany bilen Eldar Ahmedowyñ aýdymyndaky ýaly "Sen gitme"diýip synyndan ýapyşyp durany barmyka?Garaz,ne-hä mowzugy açan bir peýda gazanar ne-de teswir ýazan.Arada biriniñ şu mazmundaky mowzugyna bir agzanyñ ýazan teswirini okap gülüp heziller edindim."Gyzmy oglandygyñam bilemok gitmäý-dä"diýip ýazypdyr.Garaz,tanamaýan kişisine "Gitme"diýip ýalbaryp otur. :)
3.Zenanlary köçe sözleri bilen kemsidiji mowzuklar.Meselem:"Mynçgalanan gyzlar", "Gyzlaryñ myžžygy çykypdyr" "Özüñize bek boluñ gyzlar".
Bu mowzugy açýanlaryñ pikriçe zenanlar ynsan däl,alma,apelsin,mandarin we ş.m.Olar mynçgalanyp bilner,myžžygy çykanlary bardyr.Diýeli ahlak temasyndan mowzuk açasyñyz geldi,ony şu sözler bilen beýan etmän azajyk çeperleşdirip,sypaýylaşdyryp açyp bolmazmy?Özem üns berseñiz şu pisint mowzuklary açýan agzalaryñ özleri geçmişde ahlaksyz mowzuklar açyp,ýaramaz görelde bolan agzalardyr.
4.Adyna "goşgy"diýlen,emma poeziýa bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk setir üýşmekleri.Meselem:
"Jankeýta agza bagyşlanan
Janym-a meñ janym-a,
Geläýsene ýanyma.
Bilseñ, seni söýýärin,
Señ ugruñda köýýärin.
Sen bir açylan gülüm,
Men bagyñda bilbiliñ.
Söýgüme jogap beräý,
Gel indi, ýarym bolaý"
Bagyşlañ,bu setir üýşmegi bilen gözüñizi,göwnüñizi bimaza edenim üçin.Şu setir üýşmegi bilen poeziýamyzyñ adyna zeper ýetirmek nä gerek?Jankeýta agza bagyşlan bolsañ,ýazaý-da onuñ şahsyna ýa el.poçtasyna.Biziñ günämiz näme?
5."Bak,dostum"diýen sözler bilen başlanýan ýa-da dowam edýän awtoryñ adyna "tankyt"diýen,emma biziñ pikrimizçe gury akyl satmadan ybarat bolan mowzuklary.Bolýa,bu agza bir zat öwredesi gelipdir.Aýdýan pikirleri arassa türkmen dilinde bolsa has gowy täsir galdyrmazmydy?!Şeý diýip,mowzuga başlaýar welin:"Birinjiden-ä,men dostuñ däl,ikinjidenem "bakmasam" nätjek?" diýäýesiñ gelýär...
Agzalar,ine meni-hä bimaza edýän mowzuklar.Sizem bu sanan punktlarymyñ arasynda ylalaşýanyñyz ýa-da ylalaşmaýanyñyz bolsa aýdyp bilersiñiz.Eýsem,sizi haýsy mowzuklar bimaza edýär? Goşjak-aýyrjagyñyzam bar bolsa aýdaýyñ.Garaz,men bar.Jelaleddin Rumynyñ aýdyşy ýaly "Näme bolsañ bol,barybir gel!"...
Islenende görmek islemeýänlerimiz
Sorag-jogap,
Mümkin
tarapyndan
25-04-2022, 12:35