«Esger» gazeti 09.08.2018ý.
№32 (1323)

YNSANYŇ ÝÜZ KEŞBINIŇ AÝRATYNLYKLARY
Gylyk-häsiýet, endik, özüňi alyp barmak aýratynlyklary her adamda bir hili bolýar. Adamyň şol häsiýet aýratynlyklaryny öwrenmekde birnäçe usullar ulanylýar. Irki döwürlerde hytaýly fiziognomistler ýüzi keseligine üç bölege (forma) bölüp, şoňa görä-de adamlaryň häsiýetlerini öwrenipdirler. Elbetde tebigatyň kanunyna görä, her bir ynsanyň özboluşly keşbi, ýaradylyşy bolýar. Ýöne şu aýratynlyklary hem öz arasynda toparlara bölüp, ynsan häsiýeti öwrenilýär. Edil şonuň ýaly-da kelläniň şekilini hem bäş sany esasy görnüş – süýri, üçburçlyk, ýarym üçburçlyk, dört burçlyk we tegelek şekillere bölüp bolýar. Bu ýüze çykarylan çäkler, bölekler fiziognomistler üçin adamlaryň aýratynlyklaryny, häsiýetlerini, durmuşyny, mundan başga-da köp zatlary bilmegiň açary bolup hyzmat edýär. Geliň, onda şu hili şekillere eýe bolan adamlaryň häsiýet aýratynlyklaryna seredip geçeliň.
Ýüzi süýri görnüşdäki adamlar, intelligent, duýgur, öňdengörüji, adatly, arkaýyn häsiýetlere eýedir. Şeýle ýüz şekili guramaçylyk ukyplary ýokary, adamlar bilen işleşmekde ussat, maksada okgunly bolan adamlara mahsusdyr.
Ýüzi üçburç görnüşe eýe bolan adamlaryň giň maňlaýy we çykyp duran ýüz süňki, inçe burny, çuň oturan gözleri we üçburç eňegi bolýar. Bu görnüşdäki erkekler we zenanlar adatça duýgur we öz-özleri bilen başagaý bolýan adamlardyr. Olar aň taýdan güýçli, pikirlenişi ösen, käbir halatlarda bolsa, mekir, gabanjaň, ikiýüzli adamlar hem bolup bilerler. Bu görnüşe eýe bolan adamlara beýlekiler bilen oňuşmakda kynçylyklar ýüze çykyp biler.
Romb şekilindäki ýüzli adamlaryň üçburç ýüzli adamlara meňzeşligi bar. Olaryň hem maňlaýlary giň bolýar, ýöne eňekleri uçly bolmaýar. Şeýle adamlaryň özüne çekijilik, aktýorçylyk ukyplary ýokarydyr. Bu ýüzler zenanlara has mahsusdyr. Şeýle zenanlar örän wepaly bolýarlar we bagytly maşgala durmuşyny ýöredýärler.
Dörtburç ýüzli adamlar – adatça gyzma adamlar bolup, olara gödek häsiýet, batyrgaýlyk mahsusdyr. Beýle adamlar gönümel, tutanýerli we çözgütlidirler. Ol adamlar düzgün bolşy ýaly işde we söýgüde açykdyrlar.
Tegelek ýüzli adamlar – agyr göwreli (daýaw) adamlary häsiýetlendirýär. Eger-de şeýle adamlarda kiçijik burun bar bolsa, onda olar aladasyz häsiýete eýedir hem-de olar amatly, rahat durmuşy söýýändirler. Olar iýermen (içdäli) bolup, gapma-garşylygy halamaýarlar. Maddy serişdelere, gymmatbaha zatlara ymtylýarlar, şöhrata, at-abraýa kowalaşmaýarlar. Eger-de tegelek ýüzli adamlarda ýüz süňkiniň çykyp durmasy, ýiti gözleri, burun süňki beýik bolsa, onda olar düýbünden başga şahsyýetdirler. Olar pikirleniş we akyl taýdan ösen, işjeň adamlardyr.
Taýýarlan Aýna RAHMANOWA,
maýor.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Ahmedik_97 tarapyndan 3-05-2022, 07:42

  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 1 3 мая 2022 07:45
    Ýene paýlaşaýynmy?! Gabat gelýärmi?! Onda, blogy bahalandyrmagy we teswir ýazmagy unutmaň!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler