«Esger» gazeti

ŞAHSYÝETI ÖWRENMEK ÜÇIN SOWALNAMA

Mekdep ýyllarynda geometriya dersinden dürli görnüşli şekiler bilen baglanyşykly meseleleri çözüpdik. Duga, radius, diametr, burç, gradus ýaly ençeme düşünjeleri öwrendik. Mysal üçin, üçburçlugyň içki burçlarynyň jemi 1800-a deňdir. (2r=d) Radiusyň 2 essesi diametre deň. Dört tarapy deň bolan şekile dörtburçluk diýiýär.
Bular geometriki şekillere, olar bilen baglanyşykly düşünjelere geometriýa ylmynyň berýän kesgitlemesi - häsiýetnamasy. Olar biziň hemmämize mälim. Ýöne siz şol şekilleriň şahsyýetiňizi açyp görkezýän tarapyny bilýärdiňizmi?! Eger bilmeýän bolsaňyz alymlar tarapyndan tassyklanan şu aşakdaky şekilli sowalnamada özümizi synap göreliň, şahsy aýratynlyklarymyza anyk göz ýetireliň. Geometrik şekilleriň üsti bilen deň-duşlarymyzyň, dogan-garyndaşlarymyzyň häsiýetli aýratynlyklaryny bilmäge çalşalyň. Munuň üçin bäş sany geometriki şekile serediň.
Dörtburç, üçburç, gönüburç, tegelek, zigzag we olaryň içinden birini, ýagny şu geometriki şekil maňa has ýakyn diýip biljegiňizi saýlaň. Öz saýlan geometriki şekiliňizi başardygyňyzdan duýjak boluň. Egerde siz geometriki şekilleri saýlamak-da kynçylyk çekýän bolsaňyz, onda görnüşleriň içinden sizi birinji özüne çekenini saýlaň. Şeýlelikde, şol şekile birlik belgi goýuň. Beýlekileri bolsa, göwnüňize ýaran tertipde, mysal üçin, tegelek-1, zigzag-2, gönüburç-3 diýip belläň. Siz haýsy şekile 1 goýan bolsaňyz, onda bu - siziň esasy şekiliňiz ýa-da subýektiw görnüşiňiz bolýar. Ol siziň şahsy aýratynlygyňyzy, esasy häsiýetleriňizi aňladýar. Iň soňky bellän şekiliňizdäki häsiýetli adam bilen aragatnaşykda bolmak size kynçylyk döredýär.
Dörtbürçluk – eger siziň esasy şekiliňiz, dörtburçluk bolsa, onda siz örän zähmetsöýer adam. Bir iş bilen meşgullansaňyz bar güýjüňüzi şol işi tamamlamaga sarp edýärsiňiz. Işiňizi soňuna çenli alyp çykýarsyňyz. Bu şekili halaýan özüne ýakyn görýän adamlar çydamlylygy, sabyrlylygy we, metodiki aýratynlyklary bilen tapawutanýarlar. Dörtburçluk hemme, maglumatlary bilýän, ýagny taýýar maglumatçy. Olar zerur maglumatlary dessine aýtmagy başarýarlar, pikirlenme ukyby ýokary bolýar. Bu häsiýetdäki adamlaryň beýnisiniň «çep ýarym şary» (matematika, dil bilmek, oý-pikir ýazmak, öwenmek) has işjeň. Bu şekili halaýanlar bir işiň netijesini çaklamaýarlar, ýöne hasaplaýarlar. Bular ähli ýerde tertip-düzgünli bolmagyny gowy görýärler. Olar duýdansyz ýagdaýlary halamaýarlar, hemme zady meýilnamalaşdyrýarlar. Bir zat barada köp maglumat biljek bolmak olaryň netije çykaryjylygynyň tizligini peseldýär. Bu hili adamlaryň duruklylygy, emosional gurluşy, sowukganlylygy onuň dürli görnüşli adamlar bilen aragatnaşykda bolmagyny kynlaşdyrýar.
Üçburçluk – bu şekil öňdebaryjylygyň nyşany. Iň aýratyn häsiýetleriniň biri başarnygyny esasy maksady üçin ulanýar. Üçburçluklar işjeň; güýçli şahsyýetler, ýagny öňünde anyk maksatlary goýýar we oňa ýetýär. Üçburç dörtiburçuň garyndaşy ýaly, munuň hem beýnisiniň «çep ýarym şary» has işjeň. Çalt seljerýär we dogry netije çykarýar Üçburç – bu özüne ynamly adam, ähli zatda öžüniňkiniň dogry bolmagyny isleýär. Diňe özüni däl, başarsa beýlekileri hem dolandyrmaga çalyşýar. Bu bolsa, üçburçlugyň beýlekiler bilen anyk bäsdeş bolmagyna getirýär. Ol kynlyk bilen öz ýalňyşyny boýnuna alýar, ýöne öz çykaran netijesini üýtgetmäni halamaýar. Üçburçluk ähli ady çalt öwrenýär.
Gönüburç – bu adamlar ähli zat barada gyzyklanýarlar, bilesigeliji we dogumly bolýarlar. Olar täze pikirler üçin hemişe açyk, pikirlenmäge ukyply, täze zatlary çalt öwrenýärler. Bu şekili saýlan adamlarda durmuş nägileligi görünýär, şonuň üçinem olar hemişe gowy zadyň gözleginde bolýarlar. Munuň sebäbi gönüburçlugyň häsiýetinde köpdürlülik bar. Aýratyn häsiýetleriniň biri hem, olar kyn ýagdaýa düşseler özlerini ýitirýärler. Özleri üçin durmuşda gowy ýaşaýşy, täze usullary gözleýärler. Çalt üýtgeýän ýagdaýlary halamaýarlar. Bularyň çendenaşa ynanjaňlygy sebäpli, olaryň ynamyna girmek aňsat.
Tegelek – bu şekili saýlan adamlar aragatnaşygy gowy saklap bilmek bilen, olaryň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Şol sebäpdenem bäş şekiliň içinde tegelek iň mähirlisidir. Olar duýgur, adamlaryň gynanan ýerinde gynanyp, begenjine begenmegi başarýarlar. Olar üçin adamlaryň biri-biri bilen gowy gatnaşykda bolmaklaryndan başga bagt ýokdur. Şonuň üçin tegelek biri bilen jedele girse, birinji bolup çekilýär. Aýratyn häsiýetleriniň biri-de, olar adamlaryň özlerini alyp barşyndan, gürrüňlerinden olaryň nähili adamlardygyny bilmegi başarýarlar (mysal üçin, ýalançylary, ýaranjaňlygy). Yöne bular işewürlik we menejer kärlerine gowşak bolýarlar. Tegelegiň beýnisiniň «sag ýarym şary» (hyýal, reňk, aýdym-saz, sazlaşyk) has işjeňdir. Olar seljermä däl-de, duýgulara ýykgyn edýärler. Tegelek dogabitdi psihologdyr.
Zigzag – bu şekili saýlan adamlar sungata, döredijilige ýykgyn edýän adamlardyr. Beýleki şekillerden tapawutlylykda olar örän syzgyr bolýarlar. Täze zatlary döretmäni halaýarlar. Haçan-da olarda täze pikir dörese, olar ony bütin dünýä bilen paýlaşasy gelýär. Bu şekili saýlan adamlaryň beýnisiniň «sag ýarym şary» has işjeňdir. Olaryň pikirlenişi üýtgeşik bolýar, özboluşly bir dünýäsi bar. Zigzagyň estetiki duýgusy ösen. Olar erkin bolmagy gowy görýärler, şeýle ýagdaýda olar özleriçe täze zatlary döredýärler. Zigzaglar özleriniň tebigy başarnyklary bilen beýlekileriň gözlerini açýarlar.

Terjime eden Merjen ÇOPANOWA,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby, kiçi seržant
«Esger» gazeti 08.06.2017ý.
№23 (1262).

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Ahmedik_97 tarapyndan 5-05-2022, 05:54

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler