GRAFOLOGIÝA
Adamlaryň hatlarynyň kömegi bilen olaryň gylyk-häsiýetiniň aýratynlyklaryny we haýsy-da bolsa bir heretleri etmäge ýykgynlyklaryny öwrenip bolýan ylymdyr. Bu ylym öz göz başyny antiki döwürlerden alyp gaýdýar.
«Adamyň sözleýşi – bu onuň akyl derejesiniň ukyplyklaryny şöhlelendirýär, onuň ýazýan hatlary bolsa onuň sözleriniň hat bilen şöhlelenmesidir. Adamlaryň sözleýişleriniň tapawutlanşy ýaly olaryň hatlarynyň hem tapawutlanýandygyna şübhe ýokdur.»
Aristotel
Gadymy döwürlerde imperator Neron 37-68-nji ý. adamlaryň hatlarynyň üsti bilen watan dönüklerini ýüze çykarypdyr. Gadymy Hytaýda bolsa, XI-XII asyrda ýaşap geçen filosof Ýo Hao: «Adamyň haty, onuň häsiýetiniň wyždanlydygyny, paýhaslydygyny ýa-da gödekdigini takyk görkezýär» diýip, öz ýazgylarynda belläp geçipdir.
Hat-ýazuwyň üsti bilen adam häsiýetlerini beýan edip bolýandygy barada ilkinji çap edilen kitaplaryň biri hem, 1622-njy ýylda italiýan alymy Kamillio Baldinyň çap eden kitaby bolup durýar. Şeýlelik bilen orta asyrlardan başlap, grafologiýanyň diňe bir ylmy taýdan beýan edilmän, eýsem sungat hökmünde hem beýan edilip başlady. Tomas Mann, Emil Zolýa, Aleksandr Dýuma-kakasy, Nikolaý Gogol, Anton Çehow, Albert Eýnşteýn ýaly ady belli şahsyýetler bu uguryň tarapdarlary boldylar.
ÝAZYŞ HÄSIÝETLENDIRMELERI:
- şahsyýetiň ýazyş tizligi, onuň sabyrlylygyna bagly bolup durýar;
- ýazyş nepisliligi şahsyýetiň pikir ediş tertipliligini;
- ýazylan harplaryň gyşarmasy şahsyýetiň erkanalylygyny;
- ýazylan harplaryň aralyk interwaly işjeňligini beýan edýär.
Adamyň haty, bu şahsyýet baradaky maglumatlaryň çeşmesi hasaplanýar. Muňa mysal edip: № 1 suratdaky hatyň şahsyýetiniň ynamly we gaýduwsyzdygyny aňyp bileris:
№ 2 suratdaky ýazuw bolsa, şahsyýetiň öz güýjüne ynamynyň pesdigi we aýdyň dünýägaraýşynyň ýoklugyny beýan edýär:
Özüňi tanaryn diýseňiz #23
Bilim,
Ahmedik_97
tarapyndan
8-05-2022, 06:11