«Esger» gazeti 04.01.2018ý.
№1 (1292)

ÜSTÜNLIGE ÝETIRJEK ÝEDI ÝODA
Şahsy durmuşyňyzdaky adamlar bilen gatnaşygyňyzda sypaýylygy, kiçigöwünliligi, saldamlylygy elden bermäň. Adamlaryň häsiýetleri we hereketleri biri-birinden tapawutlydyr. Üstünlige ýeten ynsan, daş-töweregini gurşap alan adamlar bilen özara sazlaşykly bolmagy başarmalydyr. Özüňizi hemişe rahat saklamaga çalşyň. Dogruçyllygyňyz bilen özüňize edilýän ynamyň artmagyna mümkinçilik dörediň.
Gatnaşyk saklaýan adamlaryňyzy ýygy-ýygydan ýatlap durmagy unutmaň. Adama mynasyp baha bermek, oňa gadyr goýmak we hormatlamak – onuň iň gowy taraplaryny ýüze çykarmakdyr. Gatnaşyk saklaýan adamlaryňyzyň häsiýet aýratynlyklaryny öwrenip, şoňa görä hereket etmegi endik ediniň. Çaga bilen çaga ýaly, uly bilen uly ýaly gatnaşyk etmegi başaryň.
Haýsydyr bir jedele her kim öz pikir bilen gatnaşýar. Özgeleriň pikir-garaýyşlaryna hormat goýmak, özüňize goýulýan hormatyň artmagyna getirer. Peýdasyz jedellerden gaça duruň. Aýratyn-da, tankyt edeniňizde özüňize erk etmegi başaryň. Öz pikiriňizi hemişe we hökman dürs hasaplamak hem dogry däldir.
Özgelere kömek etmek islän wagtyňyz özüňizi bütinleý ýatdan çykaryň. Adamlary öz şahsy meseläňiz bilen bimiza edip durmak gelşiksiz bolar. Olaryň hem siziňki ýaly öz dert-aladalarynyň bardygyny unutmaň.
Her bir garaşylýan günüňizi şowly we işjeň häsiýete eýe bolmagyny gazanmaga çalşyň. Gözýetimiňizi giňeltmek üçin dürli kitaplary okaň, amala aşyrylýan bilim we tehnologiýa täzelikleri bilen yzygiderli tanşyp duruň. Täze dostlar gazanyň. Gowy tarapa özgermek ugrunda göreşiň. Sözläniňizde-de joşgunly hem şadyýan bolup, hemişe öz iň gowy häsiýetleriňizi görkezmäge synanyşyň.
Öz durmuşuňyz üçin isleýän zadyňyz başgalary hem gyzyklandyrmalydyr. Ýagşy ynsan gatnaşygy size bolan hormat-sylagy we oňat garaýşy döreder. Maddy zatlar arkaly siz hiç zat gazanmarsyňyz. Bu barada şu sözleriň manysy hakda pikir ediň: «Adam hiç bir zadyň eýesi däldir, ol haýsydyr bir maddy barlygyň wagytlaýyn goragçysydyr».
Eger-de daş-töweregiňizdäkileriň şadyýan bolmaklaryny isleýän bolsaňyz, ozaly bilen özüňiz ýylgyrmagy öwreniň. Çünki ýylgyryş – Zeminiň asudalygyndan, parahatlygyndan, ýaşaýşyň ajaýyplygyndan nyşandyr. Ýylgyrmak bilen, ýüregiňiz sagdyn, ruhuňyz belent bolar.

Taýýarlan Jangeldi IŞANKULYÝEW,
Serhedabat etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Ahmedik_97 tarapyndan 9-05-2022, 18:53

  • Jeksparro Jeksparro off № 2 9 мая 2022 23:10
    Tanaweriňow özüňizi bir. Özüňizi tanaman ili ýalňyş tanap ýalňyş netije çykarmarsyňyz şondalaý...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler