«Esger» gazeti 10.11.2016ý.
№45 (1232)
AHLAK KADALARY NÄME?
Men muny bilmek üçin sözlügi açdym. Okap tanşanymda özümi bilip başlanymdan bäri kakamyň, ejemiň atamyň-enemiň aýdan öwüt-ündewleri, berýän edebi-ahlak kadalary eken. Resmi dilde aýdanymyzda, ahlak, adamlary birek-birek hem jemgyýet bilen baglanyşdyrýan tämiz hem sagdyn aragatnaşyklary kadalaşdyrýan edep ýörelgeleridir. Ahlak kadalarynyň milli aýratynlyklary bolýar. Mysal üçin, türkmenleriň, özbekleriň, gazaklaryň edep kadalarynyň tapawutlanýan taraplary bardyr. Ýöne Merkezi Aziýa döwletlerinde belli bir umumylyklary hem duýmak bolýar. Şonuň bilen birlikde ýewropa halkyýetleriniň edep kadalarynda we ýörelgelerinde aýratynlyklaryň barlygyny görýäris. Emma umumadamzada mahsus edep kadalarynda bir umumylygyň: sylag-hormatlylygyň, mähribanlygyň, agzybirligiň, açykgöwünliligiň barlygy açyk-aýdyň duýulýar. Diýmek, dünýä ýüzüniň ähli adamlary ata-babalaryndan gelýän kadalaryna - gowulyga ymtylýarlar we şony nesillerine ündeýärler.
Döwrebap edep kadalary ylmy tehnogiýanyň ösmegi, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň üýtgemegi bilen hem baglymyka diýip pikir edýärin, öýde ene-atalarymyz, köçede ulular, mekdepde mugallymlarymyz bize edep-terbiýe berýär. Çünki jemgyýete bilimli, edepli adamlar gerek. Ýaşlaryň durmuşda gabat gelýän gelşiksiz ýagdaýlaryň, ýaramazlyklaryň täsirine düşüp, erbet endiklere ýolugyp gitmezliginiň öňüni almak hem edep-terbiýäniň zerurlygyny esaslandyrýar. Häzirki zaman jemgyýetinde kabul edilen kadalaryň bozulmagy bolsa kanuny jogapkärçilige eltýär. Meniň pikirimçe, her kimiň esasy jogapkärçiligi ýoldaşlaryň, eneň-ataň, mugallymlaryň, umuman, beýleki adamlaryň öňünde bolmaly. Haçanda adam jemgyýetiň öňünde jogapkärçiligini duýsa, şeýle duýgy ony oýlanyşyksyz, erbet hereketlerden saklar diýip hasap edýärin. Adamlaryň ýazgarmagyndan çekinmek her bir adamyň ädimlerini oýlanyşykly-ätmegine mejbur edýär. Çünki öňde bir ýazyjynyň nygtaýşy ýaly, biziň kazymyz jemgyýet bolmalydyr.
Etika bize ýagşylygyň ýamanlykdan aratapawudyny öwredýär. «Ýakma bişersiň, gazma düşersiň» diýen türkmen nakyly nädürs hereketleriň özüňe şarpyk bolup degjekdigini, özgäni kynçylyga goýmagyň saňa ýowuzlyk bolup geljekdigini aňladýar.
Ata-babalarymyz edep we ahlak kadalary hakda «Edep başy - dil», «Edep - bergidir, bermedige - görgüdir». «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen - tagt», «Edepli ile ýarar» diýen nakyllary nesillere miras goýupdyrlar. Bäş, müňýyllyk taryhynda ýetmişden gowrak döwlet döreden türkmen halky adamlaryň ahlak kadalaryny asyrlarboýy taraşlap gelipdir. Şol ýol-ýörelgeler, ýagny agzybirlik, jebislik, sabyrlylyk, pespällik, kanagatlylyk bu gün bizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne getirdi. Milli Lidermize guwanýan, ona gulluk edýän, ony tüýs ýürekden goldaýan halkymyz bu gün «Döwlet adam üçidir!» diýen-ýörelge esasynda-durmuşa geçirilýän beýik işleriň rahatlygyny görýär. Watany söýmek, oňa gulluk etmek, onuň beýgelmegine, berkemegine goşant goşmak belent borçdur. Zähmetsöýerlik, köpçüligiň bähbidini şahsy bähbidiňden ileri tutmak oňat häsiýetdir we oňat göreldedir. Jemgyýetçilik gymmatlyklaryny goramak, tebigy baýlyklarymyzy aýawly ulanmak, köpçüligiň kabul eden kadalaryny sylamak, maşgalany mukaddes saýmak döwrebap kadalarymyzyň bir bölegidir.
Geçirimlilik gowy zat, emma türkmen halkynda «Il aglak bolsa, doňuz depä çykar» diýilýär. Şonuň üçin biedeplik, ahlaksyzlyk jemgyýetçilik tarapyndan berk ýazgarylsa ýagşy. «Garaňkylygy görmeýän adam, ýagtylygy gözlemez» diýilýär, şonuň üçin maslahat bermek, dogry ýoly salgy bermek, ýykylany galdyrmak, çolaşany boşatmak hem parzdyr.
Elbetde ahlak adamyň ýüreginde, aňynda, ganynda bolmaly. Adam halallyga, adalata, halal bagta we baýlyga arzyly abraýa ymtylsa ýagşy. Meniň durmuşda baý bolasym gelip duranok, ýöne baý ýaly ýaşasym gelýär. Adamyň, kalby baý bolsa, ol bagtly hasap edýärin. Onuň üçin bolsa kanagatlylyk gerek. «Ýaltanmadyk ussa bolar» diýilişi ýaly, maksadyňa ýetmek üçin ynam, ýadawsyz ymtylyş, erjellik, ruhubelentlik gerekmikä diýýärin.
Ene-atalar, ulular, mugallymlar bize gowulyklary ündeýärler. Biz durmuşda özümiz üçin ýagşy niýet bilen oňat maksat saýlap, şoňa ymtylmaly. Alan halal terbiýämiz bolsa bize durmuşda abraýly, ýaşamaga we belent maksatlymyza ýetmäge ýardam eder diýip berk ynanýaryn. Biz düşünýänimizden köp bilýäris, şonuň üçin bilýän zadymyza düşünjek bolmaly. Durmuşy öwrenip, aýdylany diňläp, ýazylany okap netije çykaryp bilseň, bu durmuşda aýdylmadyk gep, eşidilmedik gürrüň ýok diýileni bilen ylalaşýarsyň.
Gowulygy erbetlikden, çyny ýaladan saýgaryp bilmeli, bilmeseň soramaly, başarsaň ýalňyş okasalaram dogry ýazjak bolmaly. Durmuşda howlukman tizleşmeli. Näme pikir edýändigiňe düşünmek üçin ýazmaly. Аkуllу, edepli adam ýapon tehnologiýasy ýalydyr. Gurluşy çylşyrymly bolsa-da, onuň bilen düşünişmek, işlemek aňsat. Düşünjesi pesiň gurluşy ýönekeý, emma onuň bilen düşünişmek, dostlaşmak kyn.
Durmuş – mugallym, ol bize ähli zady öwredýär. Ýöne giç bolmaz ýaly durmuşy wagtynda öwrenip, onda mynasyp ýaşamaly. Alymlar ahlak keşbiň düýbüniň hut juwan ýaşda tutulandygyny hem berkeýändigini aýdýarlar, Eger ähli adamlar biziň milli edep kadalarymyzy oňat ele alsalar we olary berjaý etseler, durmuşymyz hasam gözelleşer.
Ähli işde ýaşulularyna geňeş salýan, körpe nesillere mähiriban bolup, ýaşlara okamaga, hünär öwrenmäge, sagdyn bedenli bolmaga döwrebap şertler döredýän Hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewlerini diňläp, olary ýol-ýörelge edinmek hem borjumyzdyr, hem-de özümiz üçin haýyrlydyr.
Maglumatlar taýýarlanylanda hiç bir awtoryň ýa-da terjimeçiniň zähmetinden öz bähbidiňe, artykmaç peýdalanmaklyk göz öňüne tutulmady. Islendik awtoryň ýa-da terjimeçiniň maglumatlary çeşmesi bilen bilelikde görkezildi.
Maksat ähli maglumatlaryň bir ýere jemlenmegi we ulanyjylar üçin amatly şertiň döredilmegi.
Maglumatlar taýýarlananda leýtenant Kamila Seýidowanyň, leýtenant Tawus Durdyýewanyň, leýtenant Merjen Çopanowanyň, kapitan Roza Bazarowanyň, kapitan N.Nurgeldiýewanyň, kapitan, (maýor) Aýna Rahmanowanyň, maýor M.Gulowanyň we mugallym G.Ýagmurowanyň, Gülmahy Mämmetgurbanowanyň, talyp Gözel Bazarbaýewanyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş unwersitetiniň talyby Göwher Hemraýewanyň, Serhedabat etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Jangeldi Işankulyýewiň we Öwez Kürräýewiň taýýarlan materiallaryndan peýdalanyldy.
2018ý.
Taýýarlanlar:
uly leýtenant Erkin Baýmuhammedowiç Çaryýarow
kapitan Nabat Çarygeldiýewna Nurgeldiýewa
Özüňi tanaryn diýseňiz #26
Bilim,
Ahmedik_97
tarapyndan
9-05-2022, 18:56