Pul bilen çözüp bolmaýan meseläni, köp pul bilen çözüp bolýar. Hemişe bolşy ýaly döwrebap futbolda-da "agzy gyşygam bolsa baýyň ogly geplesin" diýen nakyl henizem trentde. Häzirki zaman dünýä futbolynyň iň gowy futbolçysy (Ronalduň we Messiň janköýerlerinden ötünç soramak bilen) Kilian Mbapbe özüniň fantastik karýerasyny öz eli bilen öldürmegini dowam edýär. Ol ýakynda özüniň PSJ-da galýanlygyny, 3 ýyllyk şertnama gol çekenligini, PSJ-niň täze "proýektiniň" esasy bölegidini yglan etdi. Özüniň Real bilen hiç hili ylalaşyk geçirmänligini, iň soňky pursata çenli PSJ-dan ýüz öwürmänligini, PSJ-da galmak kararyny ilki bilen jaň edip Realyň prezidentine aýdanlygyny köpçülige mälim etdi. Şu ýerde bir sorag ýüze çykýar: Eger Real bilen hiç hili ylalaşyk ýok bolsa onda Florentina daýa jaň etmek nämä gerek? Mbapbe özüni pul gyzyklandyrmaýandygyny, Realam oňa şunça pul berip biljekdigini aýratyn belledi. Fransiýa metbugaty bolsa oň pul üçin Parijde galmanlygy barada onlarça sebäpleri getirmegi dowam edýär. Göýä onuň inisi ondan Parijde galmagy haýyş edipdir, mähriban agasy oňa ýok diýip bilmändir. Ýene bir wersiýa, Real superliga gatnaşsa ýewrokuboklardan kowular, Mbapbe bolsa liga çempiony almagy arzuw edýär. Bu diňe oň karary däl, eýsem onuň agenti, ýagny kakasy, onuň şertnama şertlerine goşulyşyp gezýän ejesiniňem karary. Olar öz çagalaryna diňe gowulyk isleýändigi düşnükli zat. Ýöne futbolda öz işiniň ussady professional agentlerem bar. "Serçe soýsada gassap soýsun" diýlişi ýaly ata-enesi Mbapbeň transfer işlerini şolara tabşyryp özleri futbol taryhyndaky iň meşhur futbolçy bolup biljek perzendine daşyndan guwanyp oturany gowumyka diýýän. Taryhda Reala geçmäge razylyk bermedik futbolçylar bar. Ýöne olar legenda, olar Realyň köp aýlykly, ýokary girdejili teklibinden ýüz öwrüp, ujypsyz aýlyk bilenem bolsa öz söýgili toparlarynyň üstünligi üçin oýnadylar. Buffon, Totti, Jerard bular başga taryh, Realyň millionlaryndan ýüz öwrüp wepalylygy saýlan ýigitler. Mbapbe bolsa, PSJ-dan kosmiki şertnama teklibini almak üçin (PSJ-da galmagy üçin 300 million ýewro, ýylyna 100 million ýewro, jemi 3 ýylda 600 million ýewro, bonuslar bilen 1 milliarda golaý) özüniň çagalykdan iň söýgili kluby Realy soňuna çenli ulandy.
Nirde oýnamak bu futbolçynyň professional karary, ýöne futbol taryhynyň iň gowusy bolup biljek talantyň göz öňümizde ýitip barýany gynandyryjy. Ol bu ýyl Fransiýa çempionatynyň bombardiri boldy. Ýöne muny kim agzaýar, hiç kim. Iň güýçlidigiňi dünýäniň iň abraýly, iň çekeleşikli, iň meşhur çempionatynda (La liga, APL) özüňi görkezip ykrar etdirip bolýar, biçäre Metsiň derwezesine het-trik edeniň bilen däl...

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Massimus tarapyndan 25-05-2022, 09:15

  • Lillipop Lillipop № 1 25 мая 2022 12:12
    Bu Mbappeniň politikasy. Realy ulandy yone eger PSG bn UCL kubogyny gazansa, real barsa yada APL klublarynda bolup UFL gazananyndan kop abray alar. Mence "PSG-a Mbappe UFL alyp berdi" diyerler we taryha gecer. Mumkin 1 dal 2 ya 3 gezek alyp biler.
    Jogap
  • Lillipop Lillipop № 2 25 мая 2022 12:19
    Munun un PSG Mbappe yanyna gowja orta polyada oynayan (Kante, Tchuameni, Kross, Pogba, De Bruyne, Gundogan, Henderson (men hazirki bar bolanlary agzadym) yada Pedri ) yaly oyuncylary almaly. Goragada Araujo, Militao, Rudiger, VanDijk, Koulibaly, Kunde yaly goragcy alsa we Neymara derek bolsa Mane stildaki oyuncy alsa, talimci Zodan, Klop, Tuhel, Guardiola yaly adamlary uysurse bolar. Munun ucinem Liverpulyn, Realyn, Celsin futbol politikasyny yuridisleri yaly yoretjek sport direktor gerek. Hemem talimcinin komekcisi hem uly rol oynayar. Realda, Liverpulda, Celside, Msitide talimci komelcileri uly rol oynayar
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 3 25 мая 2022 12:19
    Lillipop,
    Pikiriňize goşulýan, ýöne dünýä futbolynyň taryhyna girmäge mümkinçilik barka......bilmedim. PSJ-ň Çempionlar ligasyny utjagyna şübhäm bar, utaýanda-da onda diňe Mbapbeň ady agzalmaz, Messi, Neýmar, Ramos ýaly ýyldyzlary jemlän Katar dollarlary utdy diýerler.
    Jogap
  • Lillipop Lillipop № 4 25 мая 2022 12:23
    Massimus,
    Neymar bn Ramosy agzamajaklaryna bilyan yone Messi bn bir toparda alsa Messi komek etdi doyerler. Katar dollarlaram diyjek bolsan Realada diyyaler ony. Perezin puly bn alyar dp. Msiti alan bolsa su yyl onada arap pullary aldy diyerdiler. A barsa, celsi, liverpul alsa trener we futbolcylary agzajaklary belli. Bu mence seyle.
    Jogap
  • Lillipop Lillipop № 5 25 мая 2022 12:28
    Massimus,
    Reala geceni bn futbol taeyhyna girjegine 70% garant beeip bolar. Realynam taryhynda CR7 yaly giren yok hazir. Ondan sonam beyle bolar oydemok. Hazirlikce Benzama yyldyza owruldi onada CR7 kolegesinden cykanyny sebapleyaler. Su yyl we indiki yyl oynap son oynap bilmese olam edil Carlo, Bekham, figo, raul yaly bolar emma CR7 ce bolmaz. Mbappede Hazar yaly bolmagam ahmal. Uns ber realyn guycli klublardan alan oyuncylary (figo, makalele, essien, robben, anelka, hazard, courtois, kaka) baryp cokendir. Dine benzama, kross normalny galdy. Yone onun ol yyldyzyny ocuren oyuncylaryny yene bir sebap sol alyan komandasyna zyyan etmek politikasyna gora maksatda alan yaly gorunyar
    Jogap
  • Lillipop Lillipop № 6 25 мая 2022 12:33
    Mbappe bir tarapdan dogry etdi. Belki psg yene gowy transferler eder. Psg kop oyuncylar (neymar, dimariya, parades, danilo, ramos, icardi, draxler....) ayyrmaly. Men Mbappenin hazir benzeman yanyna barmadygyna gynanyan. Hemem kross, modric, vinisius (dribleng edyan) yaly oyuncylaryn yanyna baran bolsa gowy bolardam. Hemem reala mbappe un yer bos, gorag normal, orta normal, onde bolsa yeke yer (vinisius bn benzeman yanyna) bar. Sonda tuys yerinede dusmegi ahmaldy eger tramwalar bolmasa...
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 7 25 мая 2022 12:33
    Lillipop,
    Siziň pikiriňizi hormatlamak bilen, Realyň liga çempiony yzly-yzyna alan ýyllary hemmeler Ronalduny, Ramosy, Modriçi, Zidany öwdüler, ýöne Peresi däl. Real diňe puly bilen däl , abraýy, geçmişi, muzeýi, harakteri, kambekleri bilen tanalýan klub.
    Jogap
  • Lillipop Lillipop № 8 25 мая 2022 12:37
    Massimus,
    Elbetde, ronaldo, ramos, modric (krosam gosmaly) zidan yaly zehinler bolmasa almazdy. Yone solary perezin puly getirdi. Bey diysem abrayyna dil yetiremok elbetde basga komandan fanady hokmunde hormatlayan abrayam uly ylalasyan. Taryham uly muzeyem seyle. Yone agramly bolegni pul bn cozulen meseleler tutyandygynam aytmaly. Bu pully gurrun normal zat. Sebabi maddy yagdayyn bolmasa dine futbol dal basga islerdede agramly meseleleri cozmek kyn. Son un goy islan komanda pul bn cozmegi basarsada cozsun diysegem yerlikli bolya
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 9 25 мая 2022 12:55
    Lillipop,
    Peresiň pullary bilen gelendigi dogry, ýöne Realyň ýeňişlerinde Peresden öň başga şahsyýetleriň ady tutulýar. Sitiniň ýeňişlerinde araplaryň pullary däl-de, köpräk Gwardiolaň taktikasy agzalýar. Ýöne PSJ-da Poçettino we klub däl-de Nasir el Haleýfi we oň pul seçýän syýasaty agzalýar. PSJ-da oýnaýan oýunçylaryň köpüsi esasy döwri geçen ýa-da öňki toparyna gerek bolmadyk ýa-da has köp pul gazanmagy islän oýunçylar. Mbapbeň geljegi uly, ýöne PSJ-da däl.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler