Meňzäp barýar soňky döwür goşgular,
Otluda satylýan hilsiz haryda.
“Kapyýa bar”, “gussa bar”, bar-bar bagyrsam,
Belki çykar iki-ýeke hyrydar.

Aşa köp goşgudan aşa düşemsoň,
Az ýazmagy edinsedim ýörelge-
Ýatlamalar hesretimi dürtgüçläp,
Zol ýapsa-da gyzyp duran ýüregme.

Guzyjygyň diri soýulşy deýin,
Jan alýan bolsa-da söýgüň gussasy.
Bildirmejek borun lowlap ýansamam,
Bolmaýşy deý ojar oduň tüssesi.

Gaýta täsin-ähli dertleň tersine,
Söýgümi bukdukça hasam ýeňleýän.
…Söýgäm bildiriş däl ýyrtylyp gidýän,
Şäherlerde her duralga ýelmenýän.

Musa Ýusup.

24 ýaş.

Gyşdan soň bahar bar, baharyň soňy,
Bary bir gün, ýaşap geçýär kebelek.
Men welin bir günem ýaşamok heniz,
Ýaşym bolsa ýigrim dört ýyl tegelek.

Durmuş meňki, ömür meňki bolsa-da,
Şunça ýylyň bir güni hem meňki däl.
Satyn alan goşgy kitabym ýaly,
Kitap meňki; bir goşgusam meňki däl.

Dem almaklyk ýaşadyk däl sebäbi,
Düşünmeseň ýaşaýyşyň maňzyna.
Juda rahat, ýaşap ýörin keýpine,
Ruhdan düşmän, düşüp dünýäň yzyna.

Käte şu rahatlyk birahat edýär,
Gözlän wagtym ýitirmedik zadymy.
Hem bilemok, gözläp ýörün nämäni:
Yşk, many, pikir…ýa “adam” adyny?

Ýetir meni! Meni, ýary Ýaradan!
Gözleýänme, ýardam goluň uzat-da!
Gözleýänmi ömür boýy tapmasam,
Diýmek menden bir ömürlik uzakda.

Musa Ýusup. 05.09.2016

Yssy bakan,
Gözlerňe aşyk bolup,
Kölegesiz,
Sözleriňi söýdüm men.
Seni has öň tapyp bilmänim üçin,
Kän gezekler öz-özüme sögdüm men.

Meňki boljagyňy şol gün aňypdym,
Haýaljak gelýärkäň alowarradan.
Çünki diňe özüň däl,
Kölegäň hem owadan.

Musa Ýusup

Ruhuň joşup dursa,
Guraklykda-da,
Edil Nil ýaly.
Ýöne ýürek gugaryp galdy.
Çernobil ýaly.

Göçüp gitdi,
Ýa-da gaçyp gitdi,
Ýüregimden adamlar.
Häzir hiç kimem menden üýtgeşikdir öýdemok.
(Çünki, kitap, galam,
Indi köp öýde ýok.)

Onsaň haý-höwese,
Kynçylyklara…
Kän aýdymmy ogurlatdym.
Meň şeýle uly maksatlam bardy,
Hemmesini owratdym.
Biri galdy.

Musa Ýusup.

Ýa sen gözelleşýäñ wagt geçdigiçe,
Gyzgyn gül reñkdäki türkmen haly deý.
Ýa-da düşünjämde çuñlaşýañ her gün,
Pyragynyñ şygryndaky many deý.
****
Bu kirli dünýäniň,
Döwük eken petlesi.
Seň dury söýgiňe düşündim eje,
Ulalan günümiň ertesi.

Aglap-aglap julk boldy kalbym,
Nädip çydamaly,
Ýürek daş däl, süňk däl?!
Gözüne basyp birin-birin,
Ar alasym gelýar agladanlardan,
Bu hem ýüregme jüňk däl.

Musa Ýusup

Sen bilýänsiň suratkeş gyz,
Reňkleriň häsiýetini,
Kölegesin küýzäniň,
Gyşyň aňzagyny,
Bilýäň, güýz almasynyň
Haçan güýzänin.

Bilýänsiň martyň sähel sowukdygyn,
Simabyň suwukdygyn,
Dünýäniň ýalandygyn,
Ýüregmiň ýanandygyn,
Ýöne sen bilýän dälsiň,
Seni neneň söýýänligim.
(Degişme)

Musa Ýusup.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 25-05-2022, 13:04

  • Telwas Telwas off № 1 25 мая 2022 13:27
    28 ýaş.

    “Döşi gapak ýaly ýigit çyksadym”
    Diýip arzuw edýänim düýndi.
    Ýaşym heniz yigrim sekizde,
    Ýaşamakdan sütünim süýndi.

    Şunça kelle döwjek bolýan,
    Gaýta kelle kül-pagyş.
    Içimde çal bulutly bir dymyk howa,
    Eýýäm näçe aýlap ýaganok ýagyş.

    Sowuk urdy ýaňy gülläp,
    Miwä duran pikirlermi,
    Agym tutýar gynansam çala
    Çünki ruhum,
    Gypjynyp dur sähel zada,
    Endam-janym persala.

    Aýraçylyk, şowsuzlyklar…
    Iň ýigrenýän aýdymymy hiňlenip,
    Diň salýaryn böwrüme,
    Ş-o-o-l garaşyp otyryn bir gowy güne.

    Musa Ýusup 05.09.2020.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 2 25 мая 2022 13:34
    Pikir, öýlän, güýz…

    Güýzi synlap…
    Göçülen ýurt ýaly dymyp otyryn,
    Aňyp, arzuwlarymyň keltedigini.
    Aýdylmadyk sözleň sowady mähri,
    Taşladym ähli gartaşan
    Ham-hyýallary,
    Indi, meniň öwürmesinler
    Enterpelegimi.

    Sergin öwrenje şemal
    Ellerimi dişleýär,
    Içimde düşleýär soňsuzlygyň höwesi.
    Solgun ruhumda gömen
    Ýatlamalarymy,
    Gelip dur güýziň zol-zol köwesi.

    Gözýaşlamdan yzgar çeken duýgular,
    Gelýär ýanaşyp,
    Gujaklaýan öz-özümi çydaman.
    Nirä baksam panylygy peleňiň,
    Nirä baksam hoşlaşyk.
    Goparyp çyksadym ýapraklaň baryn,
    Bilmesedim,
    Güýzüň gelenin.

    Musa Ýusup.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 3 25 мая 2022 13:42
    Ilkinji söýgüme
    Söz aýdyp bilmän,
    Ýedi ýyllap,
    Watanym, saňa ne söz aýdyp,
    Ne-de bir söz ýazyp bilýän.
    Ömürboýy her ýerde,
    Daşyňdan guwanyp gezerin.

    Dymmak gowy zat söýgüde,
    Sözlemleri ýürege gömmek…
    Bilýän, maňa düşünersiň,
    Düşünşiň dek müňlerçesine
    Menden öň.

    Musa Ýusup.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 4 25 мая 2022 15:04
    Bir söz bilen super.
    Aşpezli mowzugy pozupsyñ nejisligiñi edip :))
    Soñky teswirime näme jogap ýazanyñy görjekdim.
    Jogap
  • Aksary Aksary off № 5 25 мая 2022 18:34
    Awtor gowja yazyan eken
    Jogap
  • Intizar Intizar off № 6 25 мая 2022 18:56
    Aglap-aglap julk boldy kalbym,
    Nädip çydamaly,
    Ýürek daş däl, süňk däl?!
    Gözüne basyp birin-birin,
    Ar alasym gelýar agladanlardan,
    Bu hem ýüregme jüňk däl.

    Musa Ýusup


    Şu setirleri we temaň adyndaky setirler has manylyja täsirli.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 7 25 мая 2022 19:14
    Mümkin,
    Salamälik. Terjime diýip ýazdym. Hemem kitaby ugradandygymy ýazdym saňa.
    Sende ýokmy täzelikler döredijilikde?
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 8 25 мая 2022 21:01
    Nirvana,
    Düşünmedim.Musa Ýusup türkmi?
    Kitaby aldym.Tañryýalkasyn!
    Aşpezli mowzugyñy näme üçin pozduñ?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 9 25 мая 2022 22:27
    Mümkin, ýok düýnki.
    Bir zada gahar dörese ýa birinden öýkelesem, Imo-ny udalit edip rahatlaýşym ýaly, şol blogy udalit edip rahatlaryn diýen düşünje bilen pozdum. Başga mowzuk pozsam şeýle gyzyklanmazdyň senem :)
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 12 26 мая 2022 06:37
    Salam. Ýetireniňe sagbol @Nirwana, gowy goşgular.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler