Penjireden süzülýän günüñ ýagtysyna gözlerimi açalak-ýumalak etdim.Gaşymda ejem.Özem ýaş,ýüzünde ýekeje ýygyrdam ýok,saçlaram şar gara.Oýaly-ukyly samyrdadym.
-Mähribanym,juda owadan görünýäñ.
Birdenem ýerimden böküp turdum.
-Eje näme boldy saña?Nädip ýaşlygyña dolandyñ?
-Gyzym men 2050-de alymlar ýaşlygyñ formulasyny oýlap tapandan bäri şeýle görünýän.Bilmeýän ýaly soraýañ.Aklyñ ýerindemi?
-2050?! Häzir näçenji ýyl?
Ejem ýere barmagy bilen basyşdyrdy welin sanlar çykdy:

29.05.2070

"2070.Diýmek,biz 2070-nji ýylda.Men 72 ýaşymda.Eý,Hudaý!Häliden bäri aýaklarym ysgynsyz diýýän-le.Ejeme aýnanyñ nirededigini soradym.Aýna seredenimde maña seredip duran mañlaýyndaky çyzyklary mese-mälim bildirýän düýrlenen kastýum kimin ýygyrt-ýygyrt ýüzi görüp,haýranym hekgerdi.
-Eje,sen beýle ýaş bolsañ,men nädip beýle garry?
Ejem aýnanyñ sag burçunda inçeden uzyn gapda duran gapagy ýaşyl reñkli närsäni maña uzatdy.
-Ýaşlyk kremiñi çalmansyñ.Her gün irden turanyñda çalmaly.Şeýtseñ, ýigrimi dört sagadyñ dowamynda ýaş görünip bilersiñ.
Kremi çalanymdan soñ bolsa on bäş minut geçendir,ýüzümdäki ýygyrtlar aýrylyp başlady.Kabul etmek neneñsi kynam bolsa, men 72 ýaşymda.Dur-la,ýogsa-da 72 ýaşymda bolsam ýanýoldaşym,ýetişen,çagalarym,agtyklarym bardyr ahyry.
-Eje,meñ agtyklarym nirede?
Ejem mañlaýymy elläp,gyzgynymyñ bardygyny ýa ýokdugyny barlanyndan soñ meniñ henizem durmuşa çykmanlygymy,her gelen sawçynyñ(howwa,entegem durmuş gurmagyñ düzgünleri üýtgemän eken) bir bahana tapyp,sözüni almaýanlygymy,hatda dek düýn gelen 80 ýaşly kişiñ hossarlaryna ýigit (70-den soñ neneñsi ýigit bolunýan bolsa şonça "ýigit") 75 ýaşdan uly bolsa göwnemeýändigimi aýdandygymy agzyny dolduryp gürrüñ berdi.Yzysüre-de,robort ýanýoldaş buýurmak baradaky pikrini orta atdy.Aklym üýtgän ýaly ejemiñ aýdanlaryny gaýtaladym.
-Robort ýanýoldaş?
-Howwa.Sen ýaly göwnüne laýyk ýanýoldaş tapyp bilmeýänlere tüýs isleýşi boýunça robort ýanýoldaş ýasap berýärler.
"Şu ýaşyma çenli isleýşim ýaly ýanýoldaş tapynyp bilmedik bolsam,indiden soñam tapynmaýan".Ejem teklibini kabul edenimi eşidip,begenjinden meni gujaklady.Diwara tarap süýem barmagyny çommaldyp,"Robort ýanýoldaşlar jemgyýetine jañ et" diýip,buýruk berdem welin,diwaryñ ýüzünde ilki-hä ekran peýda boldy,soñam garaýagyz,dolmuş ýüzli adam göründi.
-Salam.Robort ýanýoldaşlar jemgyýeti seredýär we diñleýär.
Ejem gysgaça ikimiziñ islegimizi düşündirdi.
Dolmuş adam ýüzüne ýasama ýylgyryş ýerleşdirdi.
-Elbetde.Ony tüýs isleýşiñiz ýaly gurnarys.Ilki bilen... Daş keşbiniñ nähili bolmagyny isleýärsiñiz.
Kän pikirlenmeli bolmadym.
-Bradley James ýaly sary saçly,gök gözli bolsun!
-Isleseñiz Bradley Jamesiñ keşbini göniden-göni göçüribem bileris.Häzir zenanlarymyzyñ aglabasy halaýan aktýorlarynyñ keşbindäki robort ýanýoldaşy buýurýarlar.
Ilkibada ikirjiñlenmedigem bolsam, hyýalyma gelen keşpler böwrümi diñlemäge mejbur etdi.Gyzyl saçlary,ala gözleri bilen göz atuwymda janlanan Kerem Bürsindi.
"Ke-reeeem!" Ol gözler,ol gaşlar näme?! Ol janalyjy bakyşlar.Soñam Keremiñ keşbi nirädir sumat boldy-da, özüne çekijiligiñ ynsan tüýsüne giren görnüşi - Zelenskiý añymda dikeldi.
"Ah Zelenskiý,wah Zelenskiý!Heýem,Prezident diýeniñ beýle ýaş,owadan bolarmy?! Prezident diýeniñ haýy gidip, waýy galan bolmaly dälmidir?!Men señ keşbiñi synlamakdan ýaña aýdýan pikirleriñi diñläp bilmesem näme!"
Birdenkä,olam gaýyp boldy-da,"Kim aýdypdyr:"Diñe akýagyz ýigitler owadan bolýar" diýip" ýüzlenýän ýaly garaýagyz teniniñ ähli özüne çekijiligi bilen Arjun Rampal hyýalymda ör boýuna galdy.
"Kim diýenem bolsa dilinden eşegarysy çaksyn şoñ,Arjunjan!"
Alternatiwiñ kän bolsa saýlamak baý,kyn eken-ä.Hyýalymdaky keşpler öz aralarynda ep-esli dartgynly söweşe girdiler.Ahyram,ilki aklyma gelen pikir - Bradley James üstün çykdy.
Daş keşp barada aýgytly netijä geldik.Gezek geljekki ýanýoldaşymyñ gylyklaryny saýlamakdady.
-Romantik bolsun,gulaga ýakymly sözleri kän aýtsyn,akýürekli,dogryçyl bolsun.
Häsiýetlerem saýlanymyzdan soñ,dolmuş adam bize ertir "Robort ýanýoldaşlar"jemgyýetine gelmelidigimizi,şoña çenli geljekki ýanýoldaşymyñ taýýar boljakdygyny aýtdy.
Ertesi güne zordan ýetdim.Diýlen ýere baranymda,saryýagyz,gök gözli ýigit gaşymdady.
-Brad-leeeeey!
Dolmuş adam Bradley-e at dakmalydygymyzy aýdanynda,adyny türkmençeleşdirip "Myratly" diýip dakdym.
"Myratlymy" alyp,kafe bardym.Myratly tüýs gurnalşy ýaly romantik sözleri aýtmaga başlady.
-Seniñ söýgüñ başymy aýlap,serhoş eýleýär,ezizim!
-Waý,meni utandyrmasana,Bradley,wiý,Myratly.
Şol barmana-da kafede oturan uzyndan inçe zenan Myratlyma seretdi,Myratlam oña.Soñ geljekkki ýanýoldaşym,zenanyñ ýanyna baryp,onuñ bilen söhbet etmäge durdy.Men gaharyma Myratlymyñ ýeñsesinde ýerleşýän dolmuş adamyñ görkezen öçürme düwmesine basdym-da, "Robort ýanýoldaşlar" jemgyýetine dolandym.
-Muña wepalylyk gylygynam goşuñ.
Wepalylyk gylygy goşulan Myratlym bilen gezelenç edip ugradyk.Myratly ýoluñ gyrasynda ösüp oturan güllerden birini alyp,saçyma dakdy.Soñ ýene birini aldy,soñ ýene....Şeýdip ýoldaky ösýän ähli gülleri gutardy.Meñ elime berlen güller bir arabany doldurarça bolanyndan soñ ýere zyñdym.Myratlyny alan ýerime dolandym.
-Muñ romantiklik gylygyny aýryñ.
Işine jür adam tarapyndan romantiklik gylygynyñ ýoguna ýanylan Myratlymy alyp öýe geldim.Garrylyk bu bolsa gerek,günortanlyk ukumy almasam duran ýerimde ýykylaýjak ýalydym.Başymyñ ýeke-täk magşugy ýassyk bilen gowuşanam şoldy welin,ýakymly sözleri eşitdim.
-Meniñ iñ gyzykly pişäm saña bakmakdyr.
-Sag bol,ýöne,men ýatjak,sessiz bolaý.
Gözlerim öz-özünden ýumuldy.Gulagymyñ edil gapdalyndaky sese ýalpa gözümi açypdyryn.
-Sen isle gökdäki aýy getirip bereýin.
Seretsem,asman gözlerini nazaryma dikip Myratly başujymda oturan eken.Ol duýduryşlaryma garamazdan şeýle sözleri aýtmakdan saklanmady.Öwrenen endigimi gaýtaladym.
-Gulaga ýakymly sözler aýtmak gylygyny aýryñ!
...Öýe gelenimden soñ uka batypdyryn.Şol ýatyşyma ikindinaralar oýandym.Myratly bolşumy ýazgardy.
-Señ ýaly ýatak,ýalta zenany ömrümde birinji gezek görýän.
Bu sözlerini edil döwük magnitafon ýaly gaýtalady oturdy...
-Dogruçyllyk gylygyny aýryñ!
...Myratlynyñ indi näçe günüñ içidir öýde bikär aýlanyp ýörşüdi.Oña tanyş-bilişlerden kömek sorap,düşewüntlije ýerden iş tapyp berdik.Onuñ gitmejek bolup,aýak direýänini görüp,"Robort ýanýoldaşlar"jemgyýetine ýelk ýasadym
-Zähmetsöýerlik gylygyny goşuñ!
Dolmuş adamyñ birnäçe düwmeleri basyşdyranam şoldy welin,Bradley ýagny meniñ Myratlym,asman gözlerini ýumdy-da, ýere ýazylyp ýatyberdi.Soranjañ nazarymy hünärmene dikdim.
-Muña näme bolýar?
Hünärmen ilkibada nämäniñ nämedigini añşyrmasa-da,soñ mañlaýyna urdy.
-Aýtmagy undupdyryn.Bäş gezek düzediş girizseñ programma öz-özüni ýok edýärdi.
Tok urana döndüm.
-Indi nädip bor?!Siz maña tüýs islegime görä täzesini ýasap beräýiñ.
Dolmuş adam başyny ahmyrly ýaýkady.
-Siz barybir ondan kem taparsyñyz.Gowsy,ýitigiñizi başga ýerden gözläñ!
Soñam sözleriniñ üstüni ýetirdi.
-Tehnika neneñsi össe-de, zenan dünýäsi öz syrlylygyny gorady.Biz "Ýaşlyk"kremini oýlap tapdyk,habarlaşmagy iñ ýeñil görnüşe getirdik, ynsandan parhy bolmadyk robort ýasadyk, ýöne "Zenanlar näme isleýär?" diýen sowalyñ jogabyny welin tapyp bilmedik.

@Mümkin

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 30-05-2022, 21:23

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler