Salam agzalar. Gyzykly bäsleşik gurnan Nirwana hanyma uly minnetdarlyk bildirýärin. Gatnaşan agzalara sag bolsun aýtmak bilen, hemmelerine üstünlik arzuw edýärin. Geljek barada gyzykly hekaýalardyr, ajaýyp goşgularyň şaýady bolduk. Geliň indi biraz geçmişe syýahat edeli. Eger şu agzalar XVIII asyrda ýaşanda nähili bolardy. (Bellik: bu mowzugy diňe degişme hökmünde kabul ediň, mowzukda ady tutulan agzalardan ötünç soraýaryn).
XVIII asyr. Bir türkmen obasy. Obaň garyp daýhanlary Annageldi baýyň ekin meýdanlarynda işläp ýörler. Obaň ýaşululary Bäşim aga bilen Mämmet agada şol ýerde işleýärdi.
-Salam adamlar, menem obaňyza täze geldim, (men saýta täze geldim) menem araňyza goşaýyňda.
-Mämmet diýýänä, soňky ýaşlar ýaman ýuwan bolupdur, gele-gelmäne aramyza girjek bolup.
-Äý inim, baý aga işlemäge ýer berdimi, bolduda işläberdä öz ýeriňde, biziň aramyza ýaramaýaň sen.
Myrat ýelek:
Men Size bir degişme aýdyp bereýin. Aman jaýtar bir gün eşege münjek bolup durka, eşekden arkanlygyna ýykylypdyr.
-Wuhahahaha...
-Myrat aga, Siz obamyzyň iň gyzykly adamlarynyň biri geliň Siziň bilen ýakyndan tanyşaly (@Massimus, Geliň tanyşalyň). Özüňiz barada gürrüň beräýiň.
-Eý waý, Mämmet, bu ýaňky araňyza salyň diýip ýören ýuwusga dälmaý?
-Ýok Bäşim, bu ondanam beter öýdýän, öliň soragyny berýän eken.
-Geliň men Size bir waka gürrüň bereýin. Bir güni bir gyz öýünden çykypdyr.
-Äý inim, sen nirden çykdyňaý, gyz maşgalaň öýünde oturany gowy. Haýsy tireden sen, lakamyň näme?
-Lakamym Kelleagyryk (@kelleagyryk).
-Kelleaýak diýýäňmi?
-Ýo Bäşim kelleagyry diýýär.
-Lakamyň-a bilip goýupdyrlar.
-Mekdebimize täze gyz molla (Nirwana mugallym) gelipdir. Hywadamy bir ýerlerde okan. Bizä öňki Sapaguly mollada (@Pegas) ýetikdi. Täze molla okuwçylarynyň (okyjylarynyň) arasynda ýazmak boýunça ýaryş geçirýämişin. Seň ogluň näme ýazyp bilýär?
-Meň oglum goýnuň ýüňüni gyrkyp, üçege ýazyp bilýär. Seňki nä?
-Meňk-ä, Mämmet ýazmaga eli degenok, ol guýy gazýar.
-Agzyňa..., kelläňe...., ýüzüňe...., ejeňi.....! (@Dani).
-Eý waý, bu kimiň gyzy, muň ýaly agzy hapa gyzy ene-atasy bilen bile obadan çykaryp kowmaly, beýleki gyzlarada erbet görelde görkezýär.
-Ýuwaş Mämmet, bu tagsyrymyz Annageldi baýyň ýekeje gyzy.
-Şu gyzyň dogumlylygy bir zada degýär. Muň aýdýan sözlerini erkek bolup biziň ogullarymyz aýdyp bilmeýär. Baý agaň gyzyna gelişýärem. Owadan sögünmegem bir sungat aslynda.
-Onsoň ýaňky gyz öýünden çykypdyrda, göni bazara..
-Äleýt inim, sen kelleagyry däl-de, içagyry öýdýän. Diýdimä gyz maşgala öýde otursa gowy.
-Salawmaleýkim Bäşim aga.
-Waleýkimessalam inim, gowumy, gelewer, şu ýaşlaň içinde senden gowusy ýokda, şu kelläň dörtburç diýmeseň. (@kwadrat kelle).
-Adamlar, hoş, sag boluň, men obadan göçüp barýan (men saýtdan gidip barýan), kimiň göwnüne degen bolsam bagyşlaň, obaňyza myhman bolup gelip duraryn.
-Mämmet. Bu düýnki gelen ýuwanmy, eýýäm göçüp barýamy?
-Howwa Bäşim. Bu günä zörledip gidip barýan diýer, ertirem lakamyny çalyşyp, menem araňyza salyň diýip, ýene uly ili bilen gygyryp geler.
-Sakaldaş diýýänä şu Nurgeldi agaň gyz agtygy bara (@Mümkin), goşgy ýazýar diýýärler, heý gyz maşgalada goşgy ýazarmy, nähili masgaraçylyk.
-Bäşim menä ýazýan goşgularyny eşitdim, maňa ýarady erbedem däl, ýöne goşgularyny halaýanymy hiç kime aýtmaweri.
-Wah menem halaýan, hasam bir goşgusyna aşyk boldum. "Aýby ýokdur duşan bolsaň Zöhräňe" diýip gutarýan goşgusy bara şona ýatdanam bilýän. Ýöne senem bulary hiç kime aýtmaweri.
-Bolýa.
-Adamlar, nähili masgaraçylyk, heý gyzdanam şahyr bormy, toba, toba.
-Adamlar meň pilim döwüldi, gaýrat edip kömek edäýiň (Meň telefonym zarýat alanak, gaýrat edip kömek edäýiň).
-Bu ýaşlar ýöne gygyryberýär. Piliň döwülen bolsa ussa äkit, oňart, bärde kim saňa pilini bersin.
-Howwalaý, aradada biri düýş gördüm, gaýrat edip kömek edäýiň diýip gygyryp ýör. Düýş kitapdan okaýmalyda nämedigini.
-Näme görüpdir?
-Aý, bir ak adam gelip eline bir ak zat beripdirmi, nämemi?
-Şükür etsin, entegem gara adam gelip eline gara zat bermändir.
-Onsoňam şu ýaşlar biri-biriniň doglan günlerini gutlap, hezil edýärler. Seň doglan günüň haçan?
-Aý menä bir erbet ýagyş ýagan güni doglupdyryn. Sen nä?
-Men bolsa kakam çölden geljek güni doglan ekenim.
Geçmişden bir gün, "Isleneniň agzalary XVIII asyrda"
Sorag-jogap,
Massimus
tarapyndan
31-05-2022, 12:53