Uzak wagtdan soň, adam durmuşynda özüne düşünip biljek birini isleýär. Üns berseňiz, özüni söýäýjek biri däl-de, düşünäýjek biri diýýändirin.
Maňa görä düşünmek, söýmekden has köp zat. Düşünmeýän adamyňy söýüp bilmersiň. Şol sanda saňa düşünmeýän adamam söýüp bilmersiň. Aňynda düşünmek duýgusy bolmaýan adamdan söýgä garaşyp bolmaz. Mysal üçin, men ömrümde kakam bilen hiç dertleşmedim. Bu boşlugyň beren söýgüsizligi meni nädogry karar bermäge mejbur etdi. Nädogry adamlar bilen tanyşdyrdy. Iň köp gaçybatalga porty gözletdi. Men düşünmekden has köp söýgi hakda alada edýärdim, ýöne häzir beýle däl. Birnäçe wagtdan soň logikaňyz duýgularyňyza girýärmi ýa-da durmuş hakykatlary öňe çykýarmy bilemok. Emma, ynsan birnäçe wagt ýalňyz-ýeke galandan soňra özüne düşünjek we düşüniljek birini isleýär durmuşynda. Ýanynda bolanyny duýjagy, ýanyndadygyny duýdurjagy, bile gülüp, bile aglap biljegi bir ynsany isleýär.
Her gezek okanymda maňa uludan dem aldyrýan bir söz bar: "Adam düşünen we düşünýän adamda gülleýär".
Düşünmek we düşünilmek isleýän wagtym kimdir biri bilen tanyşdym. Bu adam alty-ýedi aý mundan ozal gatnaşyklaryny bes edipdi, iň gowy duýgularyny başga birine sarp edipdi we indi birneme boş durmuşda ýaşaýardy. Düşünmekden, düşünilmekden, söýmekden we söýülmekden uzakda duran we durmuşyny diňe akymyna görä ýaşaýan adamdy. Bir şäherde bolsak-da, biri-birimizi görüp bilemzokdyk. Sebäbi, ol wagtynyň ýoklugyny aýdýardy. Ulaldyp aýtmaýaryn, duşuşyklarymyzyň sany bir eliň barmaklarynyň sanyndanam geçmedi. Biraz wagt näbellilik etdik.
Öňkiler ýaly özümi söýdürjek bolmadym. Çünki, indi men özümi kimdir birine söýdürmek üçin göreşýän kitabymy ýapypdym. Aslynda-da özümi zor bilen söýdürmäge synanyşmadym. Ýöne ilki başlarda isleýän ýaly hereket edip, soňra yza ädim ätmegine düşünip bilemokdym. Soňabaka menem oňa tarap ädim ätmedim. Durmuşda çydap bilmeýän we meni ýadatýan zat näbellilikdi. Bu näbellilikde galmak islemeýändigim üçin ýüzbe-ýüz gürleşeli diýdim. Hamala günler maňa 24 sagat, oňa 15 sagat ýaly, maňa ýene boş däldigini we wagtynyň ýokdugyny aýtdy. Edil şol pursat Bob Marley maňa seslendi: “ Seniň üçin göreşmeýän adam diňe seniň gitmegiňe garaşýar”
Menem gitdim. Ne men Leýladym, ne-de ol Mejnun. Şeýlelik bilen bu hekaýa başalamanka gutardy. Bir gün bir dostum bilen giden kafemde maňa wagtynyň ýokdugyny, boş däldigini aýdýan ynsany gördüm. Hemem ýanynda biri bardy.
Dostumam aňyp: “Isleseň başga ýere geçeli” diýdi . Men: “Ýok problema ýok, şu ýerde oturaly” diýdim. Ol meni görmedi, ýöne men ony gowy görüp bilýärdim.
Garşysyndaka adama ýakyn oturýardy we bagtly görünýärdi. Soňra men dostuma garap: “Wagtym ýok diýip zat ýok, göwnüm ýok diýip bar. Göwnüm bolsa-da gaýratym ýok diýen zat bar” diýdim.
Wagt tapmazlyk bahanasy bilen gizlenýänleriň durmuşynda daşarky gapynyň gulpyny oýnamaň. Söýmek, gadyr bermek boş wagt doldurmak däl-de, wagt döretmekdir. Käbir adamlar muňa düşünip bilmediler. Kim islese, şeýle bir wagt döredýär welin, bu durmuşda seniň üçin kaktus bolan beýlekiler üçin dynç alyş seýilgähi bolýar. Özümize teselli bermegiň zerurlygy ýok. Her kimiň wagty bar. Diňe onuň gyzyklanýan zady biz däl. Bizem özümize islenmeýän ýerimizde galmajak derejede buýsanýarys.
Aýrylanymyzdan bir aý soňra Covid-19 bilen keselledim. Muny eşdip maňa şeýle sms ýazypdyr: “Keselläpsiň, şu wagt eşitdim. Enşalla gowudyr ýagdaýyň. Gerek zadyň bar bolsa, haçan isleseň aýlap bilersiň. Sen güýçli adam, muny hem ýeňersiň”
Bu hata jogap hökmünde näme ýazyp bolardy siziň pikiriňizçe?
Elbetde, hiç zat. Jogabam bermedim.
Kine saklaýaňmy diýseňiz, ýok saklamok. Meň janym sag wagty gelmeýän adam, men hassa wagtym gelermi? Gadrymyzyň bilinmegi üçin hökman ölmelimikäk ýa-da kesellemelimikäk?!
Haýran galaýmaly…
Soňra bilinen gadyr, soňra gelen akyl, ulumsylykdan ýaňa jogap berilmeýän jaňlar, mazaryma ýazdyrmagy pikir edýän, Livaneliň şu sözlerini ýatladýar. “Sag wagtym gelmeýärdiň. Öldüm, ýasyma geldiňmi?”
#Durmuş-ýitiren ýeriňden başlaýar.
“Sag wagtym gelmeýärdiň. Öldüm, ýasyma geldiňmi?”
Bilim,
Telwas
tarapyndan
10-06-2022, 19:50