Eger-de men size dünýämiz görnüşi ýaly däldir diýsem we hat-da görejimiz hem bize dünýäni 100 göterim görkezenok diýsem, onda siz maňa bu sähne aklyndan azaşypdyrow diýmegiňiz ahmal. Ýöne şonda hem men özümiň köp wagtdan bäri gyzyklanýan zatlarym hakynda sizler bilen paýlaşyp pikir alyşmagy ýüregime düwdim.
Elbetde, bu giriş mowzugy bolanlygy üçin men size gysgaça we sada dilde esasy terminleri düşündirip geçmekçi. Soňrabolsa, indiki mowzuklarymda has giňişleýin maglumatlar paýlaşaryn.
Jadygöýlik, jadylamak we jadyly predmetler çynmy? Hakykymy? Bu sorag hemmäňizi hem gyzyklandyrsa gerek. Elbetde eger-de jadylamak diýlende garri potteriň taýajygy we uçýan sübse göz öňüňize gelýän bolsa, onda siz gaty ýalňyşarsyňyz.
Jadygöýler hakykatdan hem bar we olar biziň aramyzda ýaşap gezýärler. Olaryň bizden tapawutly ýerleri ýok, hatda köp ynsanlar, özleriniň jadyly ukyplaryny ýa-da jadygöýler maşgalasynyň neslindenligini bilmeýärlerem.
Eger-de jadygöýler (wedmalar) diňe aýal maşgala bolýandyr öýtýän bolsaňyz, onda siz gaty ýalňyşýarsyňyz. Taryhda jadygöýlikde aýyplanyp diriligine otda ýakylan ýa-da dardan asylan erkek adamlaryň sany zenanlardan köp bolmasa kem bolmagy mümkin däl. Ýöne häzirkizaman mediýa bize diňe şol wakalary aýal maşgalaly şekilde naharlaýar, sebäbi näme?! O soraga jogap entäk gelejekki mowzuklarda aýdyp bererin.
Jadygöýlik sungaty we görnüşleri:
- Dilmaçlar ýa-da dil jadygöýleri: bular esasan sözleri we dogalary ulanmak arkaly jadylaýan toparlardyr. Olaryň gowy we erbet görnüşleri we maşgala we özbaşdak ulanylýanlary hem bardyr.
- Fasfaramanlar - ýa-da 3-nji göze eýe bolan jadygöýler, bular esasy jadylaryndän daşary, halk arasynda aýdylýan 7-nji duýga eýe bolan jadygöýler dir, olar adam gözi görmeýän zatlary görüp we dünýewi düşünjelerden alysdaky zatlara düşünip bilýärler.
- Runçylar we run goraýjylary, bu tipdäki jadygöýler jadylamak üçin tebigy çeşmelerden ýörite simwollar arkaly güýçleri öz bähbitlerine ulanýan jadygöýlerdir.
Eger-de dowamyny isleseňiz teswirlerde öz pikirleriňizi ýazyp bilersiňiz. Indiki mowzuk "Runlar we Run goraýjylary" hakynda bolar. We ýokarlykgan dowam ederis.
Jadygöýlik we jadylamak sungaty.
Sorag-jogap,
Bilgirje
tarapyndan
11-06-2022, 02:02