* *Jenaby Hak biziň bu dünýäde nähili hereket etjegimizi bilýär. Emrlerine uýup uýmajagymyzam bilýär. Ýene-de synag etmegi zerur hasaplap bizi näme üçin bu dünýä iberýär?*





Hawa, Allah nähili hereket etjekdigimizi bilýär, munuň bilen birlikde synagdan geçirmek üçin dünýä indirýär, tä arkamyza ýüklenen jogapkärçilige başarjaňlygymyzy we ukybymyzy kemala getirýänçäk. Hawa Ol bizi ýaradanda edil magdanlar ýaly ýaradypdyr. Mis magdany, kömür magdany, demir magdany, altyn magdany, kümüş magdany.

Muny her zady bar edip emele getiren Rabbimiz bolup edipdir. Edil bir senetkäriň ussatlyk we estetik ukyplarynyň bu senet eseri bilen görülmegini-bilinmegini arzuw edişi ýaly. Şonuň ýaly-da Jenaby Hakyň hem birnäçe isimleri we olaryň tejellesi bolan senetleri bardyr. Ine dürli-dürli senetlerini ynsanlaryň nazaryna hödürlemek üçin bu sergi jaýyny açyp gizlin gözelliklerini ýüze çykarypdyr.

Has açyk beýan edilse, kömür magdanynda isimler nähili ýüze çykarylýar, demirde, altynda, kümüşde nähili özüni tanadýar, soňra ynsanyň goşulyşmagy bilen sap altynda, sap kümüşde, demirde nähili ýüze çykýar... Bir ädim ätmek bilen kömrüň almaz bolmagynda nähili özüni görkezjegini dykgatymyza hödürlemek üçin dürli derejelerde we basgançaklarda isimleriniň talaplaryny, jilwelerini görkezýär we şeýdip özüni doly tanamagymyza, pikir öwürmegimize mümkinçilik berýär. Hawa ähli zady ýaradan Oldur. Hem-de her zatda müňlerçe miwe berdirenem Oldur.

Netijede Onuň bu amaly bilen ynsanlar arassalanýarlar, päklenip-tämizleşýärler we jennete mynasyp halda girýärler. Ýagny magdanlar altyn bolýar, almaz bolýar, kümüş bolýar. Bu barada Serwerimiz (s.a.w.) hadysy şerifinde şeýle buýrýar: «Ynsanlar edil magdanlar ýalydyr Jahylyýetde haýyrly bolany, yslamyýete-de haýyrlydyr». Ýagny jahylyýet döwründe yzzatly, edermen Omar yslamyýetde-de salyhatly, hemmeleriň göwnüni tapýan, azamatly we edermen Omar!.. Birinde örän ýowuz, örän gödek we islänini etdirdip bilen, beýlekisinde päli pes, ganatlary ýerden süýrenen, ynsanlaryň aýagynyň astynda, käfirlere, ýalançylara garşy azym, beýik bir Omar!.. Jahylyýet döwründe nähili magdan bolan bolsa, yslamyýetde-de şeýle... Şonuň üçin gaýduwsyz, dogumly, gany dyňzap duran adamlary göremizde musulman bolsun diýip arzuw edýäris... Çünki jahylýetde eziz bolan yslamyýetde-de eziz bolar.

Yslam ynsan elementi bolan bu magdany eline alar. Ýugurar, bişirer, sap altyn halyna getirer. Sahaba şeýle sap altyn halyna gelipdi. Soňra bolsa gymmaty we saplygy pese düşmäge başlady. Saplygy 22, gymmaty 21, 20, 18, 17, 15... Ýigriminji asyrda musulmanlaryň arasynda saplygy 1-e çenli aşak düşmeler boldy. Hawa, bu asyr şeýle bir hapasy köp çykýan, ýasama altyny kän bir asyr!..

Diýmek biz dünýäde synagdan geçirilýäris, päklenjek bolalyň... Bu arada Allah (j.j.) nähili ýol bilen päklenjegimizi bilýär hem bizi synaga laýyk tutýar. Alla saklasyn! Bilmedigini bizden öwrenmek üçin däl. Ýagny Ol bizi biziň bilen synaýar. Has dogrusy, biz öz özümize synagda bolýarys. 

Hawa, biz gaýrat we yhlas etdigimiz saplanmak ýolundadyrys, demir magdany bolsak demir bolmak, altyn magdany bolsak altyn bolmak ýoluna düşendiris. Hawa, şeýdibem gaýratymyzyň çatyşyna görä Rabbimiziň ezelde takdyr eden zadynyň orta çykmagyna wesile boljakdyrys. Ine şeýdip biz öz özümizi synagdan geçirip Onuň beýik huzuryna öz bolşumyzda çykjakdyrys. Kuranyň beýan edişi ýaly: «Ol gün olaryň elleri aýaklary – goşup aýdalyň – gözleri, gulaklary, dilleri, dodaklary garşylaryna şaýatlyk etjek». Sen hem muny bilýän bolsaň öz-özüňe synag edilendiňi aňarsyň. Allah (j.j.) seniň ýagdaýyňy – Allah saklasyn! – öwrenmek üçin synag etmeýär. Tersine, seni saňa görkezýär we seni seniň bilen synag edýär.

Her zadyň gowusyny Ol biler.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Soho tarapyndan 12-06-2022, 15:52

  • Soho Soho off № 1 12 июня 2022 15:55
    *Kader ylmyň bir görnüşidir *

    Bir zady bilmek şol zady döretmek diýmek däldir. Meselem, kelläňizde müň dürli binanyň planyny çyzyp, müň dürli zawod-fabrigiň taslamasyny taýýarlap bilersiňiz. Emma bularyň taslamasynyň bolmagy onuň eýýäm gurlandygyny aňlatmaýar. Gurulmagy üçin irade (karar) we gudrat (zähmet we serişde) gerekdir. Bu mysalda görnüşi ýaly, kader ylmyň bir görnüşidir. Ylym – hemişe magluma tabyndyr. Maglum ylma tabyn däldir. «Ylym» bir zadyň zehindäki şekilidir. Maglum bolsa, şol zadyň hereketi, ýagny, görülýän, eşidilýän we duýulýan maglumyň şekilidir. Meselem, almanyň zehinimizdäki şekili – ylym, emma özi maglumdyr. Ýagny, alma hakykatda nähili bolsa biz ony şeýle göz öňüne getirýäris. Ýöne, almany biz nähili göz öňüne getirsek, alma şol şekile girmäge mejbur däldir.



    Biziň näme etjekdigimizi, iradämizi nähili ulanjakdygymyzy Allah Tagala bilýär we takdyrymyzy hem şoňa görä edýär. Meselem, Günüň we Aýyň tutuljak wagtyny öňünden bilmek ylymdyr. Bu hadysanyň bilnişi ýaly bolup geçmegi bolsa maglumdyr. Ýagny, Günüň we Aýyň şol wagtlarda tutuljakdygy bilnip, ýazga geçirilýär, emma, ýazgymyz sebäpli tutulmaýar. Edil şunuň ýaly-da bir guluň haçan, nirede, nähili tagat ýa-da ysýan etjekdigini Hak Tagala ezeli ylmy bilen bilip kadere ýazypdyr. Ýogsa, gul tagaty ýa-da ysýany Allah Tagalanyň bilendigi ýa-da ýazandygy üçin etmeýär. Diýmek, gul tagaty ýa-da ysýany erk-iradesi bilen edýändigi üçin jogapkärdir. Allah Tagalanyň ezelde bilmegi we ony takdyr etmegi ynsan üçin zorluk däldir. Bu Onuň ylmynyň çäksizligini we kemalyny görkezýär. 



    Allah Tagalanyň ylmynda sebäp, netije, başlangyç we ahyr eriş-argaçdyr. Hemmesi bir nokatda jemlenendir. Şonuň üçin şol ýerde owal-ahyr, öň we soň diýilýän zat ýokdur. Ýagny, Allah Tagalanyň ylmy her bir zady hemmetaraplaýyn gurşandyr. Onuň herki ynsan üçin ýazan takdyry adamyň erki, ygtyýary hasaba alynmazdan edilen däldir. 
    Jogap
  • Soho Soho off № 2 12 июня 2022 15:55
    Ynsanyň maňlaýyna ýazylan kader Lewhi Mahfuzdan göçürilip alnandyr. 

    «Biz her bir ynsanyň amalyny onuň boýnuna doladyk», (Isra, 13) aýaty hem bu hakykaty aňladýar.



    Ynsanyň maňlaýynyň ýazgydy melekleriň ýazan amal depderi bilen deňeşdirilende deň geler. Soň Allah Tagala bu depderi ynsana okadar we hasabyny hem şol depdere görä çykarar. 



    Bu taýda şeýle bir sorag ýüze çykýar. Ynsanyň kaderini elindäki ýa-da ýüzündäki çyzyklaryň üsti bilen okap bolarmy?



    Ruh meselesi bilen içgin meşgullanýan kişiler ruhuň şol bir wagtda ynsanyň taýydygyny aýdýarlar. Şeýle hem, ruhuň belli şekildäki funksiýalaryna aralaşylan wagty, ynsan takdyrynyň belli derejede okalyp bilinjekdigine ünsi çekýärler. 



    Kyýafet ylmy bilen meşgullanýanlar hem ynsanyň eliniň aýasyndaky, maňlaýyndaky çyzyklaryň ruhuň madda şöhlelenmesidigini belläp, şolar arkaly kişiniň başyndan geçjek käbir zatlary bilmegiň mümkindigini aýdýarlar. Hatda parasatly adamlar kişiniň daş keşbine seredende, onuň kaderine degişli käbir zatlary duýup bilýärler. Bu Kuranyň «Gaýyby diňe Allah biler» hökümine ters däldir. 



    Allahyň bedenimize ýerleşdiren yşarat we alamatlaryna seredip kaderi (ýazgydy) okamaga çalyşmak, sagadat asyrynda hem duş gelnen ylymdyr. Şol wagt muny edýäne «käif» diýlipdir. 



    Pygamberimiz bu ylma garşy çykmandyr. Hatda bir gezek özi hem käif getirdip, myş-myşlar ýaýran guly Zeýd b. Harise bilen onuň ogly Usame b. Zeýde seretdiripdir. Usame kakasy Zeýde görä akýagyz bolany üçin halk arasynda gybat edilýärdi. Bir gün Pygamberimiz käifi getirip olaryň ikisi hem ukudaka üstlerini ýapyp, açyk galan aýaklaryna seretdirdi. Käif olary tanamaýardy. Ol ýatanlaryň aýaklaryna seredip: «Bu aýaklar biri-biri bilen baglanyşykly» diýdi. Şeýlelikde, Pygamberimiz bilýän hakykatyny käifiň dili bilen subut edip, halka ýetirdi. Ol begenjine hezreti Aişäniň ýanyna baryp: «Eý, Aişe, Usame hem Zeýddendir» diýip buşlady, (Buhary).
    Jogap
  • Soho Soho off № 3 12 июня 2022 15:56
    * *Tekwini deliller*


    Älemi ýaradan Allah Tagala tohumyň gögermeginden, ynsanyň dogulmagyndan – ýyldyz we galaktikalaryň döremegine çenli her bir zada kader, ýagny, bir plan kesgitläp takdyr edipdir. Hikmet nazary bilen seredilende, gönüden-göni ýa-da ýüzlerçe syrly perdeleriň aňyrsyndan her bir hadysa kaderiň barlygyny görkezýär. Hatda marksistler hem älemdäki umumy düzgünlere «determinizm» ýaly dürli at berip, hökman bir planyň we kaderiň bardygyny kabul edýär. Biz – Ähli Sünnet wel-Jemagat – älemde determinizmiň däl-de, ynsanyň erk-iradesini hem öz içine alýan her bir zatda umumy kaderiň häkimdigine ynanýarys. Mysal üçin, bir jaý salynjak bolsa, ilki bilen onuň plany we proýekti çyzylýar. Onda ynsanyň akylyny haýran edýän älemdäki nyzamlar, olaryň ynsan bilen, hem-de özara gatnaşyklary plansyz we programmasyz bolup bilermi?



    Tohum kader ýükli sandyjakdyr. Geljekde başyndan geçirjek durmuşynyň ähli etaby onuň özünde ýazylandyr. Her bir tohum kaderiň özüne taýynlap goýan ölçegine görä, barlyk äleminde şekil alyp başlaýar. Olaryň käbiri ösümlik bolsa, käbiri janly-jandar bolýar. Älemdäki ähli zadyň şekili we galyby, elbetde, ylym, irade we gudrat eýesi Allah Tagala tarapyndan takdyr edilendir.



    Hromosomlaryň dili bolan RNK-nyň we DNK-nyň asla, bulaşdyrman öz wezipesini berjaý etmegi we garaşylan netijäniň hasyl bolmagy, elbetde, hemme zady gurşan kaderi we kazany görkezýär.

    Astrofizikleriň pikirine görä, älemiň her bir nokadynda nähili görnüşiň we magnit meýdanlarynyň bardygy takmynan hasaplanylypdyr. Kompýuteriň üsti bilen atomdan galaktikalara çenli älemde ýaradylan her bir barlygyň ýaradylmazyndan öň programmalanandygy anyklanypdyr. Bu Lewhi Mahfuzy subut edýän anyk delillerdir. 

    Düýşler hem kaderiň barlygynyň delilidir. Ruh babynda az-kem düşündirip geçişimiz ýaly, geljekde bolup geçjek käbir hadysalaryň düýşde görülmegi, wagty gelende şol hadysanyň bolup geçmegi öňünden takdyr edilendigini subut edýär. Şeýle hem, Kuranyň, pygamberleriň we welileriň geljege degişli beren habarlarynyň wagty gelende bolup geçmegi hem kaderiň bardygynyň delilidir. Çünki, kaderde belli edilmedik, ýazylmadyk, bir zady öňünden bilmek, duýmak, habar bermek mümkin däldir.
    Jogap
  • Soho Soho off № 4 12 июня 2022 15:57
    çeşme:talyplar(arhiw) @NB agza
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 5 12 июня 2022 16:00
    Tereddut kitabyndan bular. Saffet Senih.
    Kitapçy.Com-da dolulygyna paýlaşdym men.
    Jogap
  • Soho Soho off № 6 12 июня 2022 16:12
    Dark_Wolf,
    okamandym, bu yerde hem paylashsan, hezil edip okardym (okardyk)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler