Haýwanlar hereket etmek, taýýar organiki birleşmelerinden iýmitlenmek başarnygyna eýe bolan, organiki dünýäniň ýokary toparlarynyň birini düzýän organizmler (ýönekeýler, gurçuklar, bognaýaklylar, mollýusklar, balyklar, ýerde-suwda ýaşaýanlar, süýrenijiler, guşlar, süýdemdirijiler;

haýwanat dünýäsi – Türkmenistanyň we Hazar deňziniň türkmen böleginiň
çäklerinde tebigy erkin ýagdaýda ýaşaýan haýwanlaryň (ýabany haýwanlaryň) bir ýa-da köp görnüşleriniň taryhy taýdan emele gelen osoblaryň jemi;

haýwanat dünýäsiniň obýekti – haýwan gelip çykyşly organizm (ýabany haýwan);

haýwanat dünýäsiniň ýaşaýan gurşawy – haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň tebigy erkin ýagdaýynda ýaşaýan tebigy gurşawy;

haýwanat dünýäsiniň ýaşaýan gurşawyny goramak – haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň tebigy erkin ýagdaýynda durnukly ýaşamak we üznüksiz köpelmek şertlerini aýap saklamaga ýa-da dikeltmäge gönükdirilen iş;
haýwanat dünýäsiniň obýektlerini almak – tebigy erkin ýagdaýynda ýaşaýan ýabany haýwanlary ýaşaýan gurşawyndan almak, awlamak, tutmak;

haýwanat dünýäsiniň obýektlerini almagyň çäklendirilen möçberi – haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden ýörite peýdalanmagy amala aşyrýan, haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanyjylar üçin wagtyň kesgitli döwründe ýabany haýwanlary almagyň bellenilen aňryçäk ýol berilýän möçberi;

haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak – haýwanat dünýäsini, onuň ýaşaýan gurşawyny we görnüş dürlüligini aýap saklamaga, haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmaga we üznüksiz köpeltmäge gönükdirilen iş, şeýle hem haýwanat dünýäsiniň obýektlerini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça çäreleriň toplumy;

haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmak – obýektleri ýaşaýan gurşawyndan alyp ýa-da alman haýwanat dünýäsinden, onuň peýdaly häsiýetlerinden peýdalanmak;

haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanyjylar – şu Kanuna laýyklykda haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmak hukugy berlen ýuridik we fiziki şahslar;

haýwanat dünýäsiniň obýektlerini durnukly peýdalanmak – haýwanat dünýäsiniň görnüş dürlüliginiň azalmagyna getirmeýän, onuň üznüksiz köpelmek we häzirki hem-de geljekki nesilleriň isleglerini kanagatlandyrmak ukybyny saklaýan usullar bilen haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmak;

haýwanat dünýäsiniň obýektlerini emeli taýdan köpeltmek – haýwanat dünýäsiniň obýektlerini erkin däl we (ýa-da) ýarym erkin şertlerinde saklamak we köpeltmek;

haýwanlary çaknyşdyrmak – genetik fondy gowulandyrmak, inbridingiň (ýakyn garyndaşlyk çaknyşdyrmanyň) netijeliligini azaltmak maksady bilen bir görnüşiň dürli populýasiýalarynyň ýa-da ýaýrawlarynyň haýwanlarynyň genetik serişdelerini tebigy we emeli birikdirmek;

zoologiýa toplamasy – haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň läşleriniň, ýumurtgalarynyň, preparatlarynyň we bölekleriniň, şol sanda ylmy, medeniaň bilim, okuw-terbiýeçilik we estetiki gymmaty bolan haýwanat baglarynyň, sirkleriň, zoologiýa malhanalaryň, akwariumlaryň, terrariumlaryň ýygyndysy;

haýwanat dünýäsiniň döwlet kadastry – ýabany haýwanlaryň geografik ýaýraýşy, olaryň görnüşleriniň mukdar we hil häsiýetnamalary, olaryň goruna ykdysady taýdan baha bermek we peýdalanmak hakyndaky ulgamlaşdyrylan maglumatlaryň jemi, şeýle hem olaryň goragyny we durnukly peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin gerek bolan haýwanat dünýäsiniň obýektleri hakyndaky beýleki maglumatlar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Mona Lisa tarapyndan 17-06-2022, 16:08

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler