Günüňiz haýyrly bolsun, saýtymyzyň mestnylary we haçan Massimus mowzuk açarka diýip jyklap gidýänleri. Siziň bilen kiçiräk arakesmeden öňki iň soňky mowzuklarymyzdan birinde görşüp duranymyza begenýän. Bu gün saýtymyzyň atarmanlykda, çaparmanlykda, dilewarlykda, hilägärlikde, jadygöýlikde öňüne adam geçirmeýän, saýtymyzyň psihology, belli suratkeşi, kyn güne düşenleriň ýakyn maslahatçysy, şahsyny doly aýan edesi gelmesede, barybir akylly, düşünjeli, akýürekli zenan diýip tanaýanym, Garri Potteriň iň ýakyn dosty, hanym Germiona bilen tanyşarys. Söhbetdeşligi Siziň söýgili "Massimus production" ýüzüne çalan kraskasyndan bir kiçiräk komnaty arkaýyn remont edip bolýan, ýüzüne şpaklýowka çaljak bolup, onam oňaryp bilmän, ýüzüniň ýarys-a siňmän galan gatyga, galan ýerem Wedma meňzeýän gyzlara diňe duýgudaşlykdan başga hiç zat edip bilmejek jemgyýeti gurnar. Düzgünlerimiz şol öňki. Siz Islemeýän soraglaryňyzy jogapsyz goýmak hukugyna eýe!
Hany maestro, ýör Granger...
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Näme üçin şu niki saýladyňyz? (Diňe jadygöýligiňiz üçinmi?)
3. Psihilogiýadan başga ýene haýsy ugurlar bilen gyzyklanýaňyz?
4. Şahsy durmuşyňyz barada iki agyz...
5. Durmuşa çykdyňyz, adamyňyz Siz ýaly düşünjeli, söze çeper däl, köne düşünjeli (aýdaly, çopan, men ýaly), onuň dünýägaraýşyny ösdürmek islärmidiňiz ýa-da şoň düşünjesi bilen ýaşabererdiňizmi?
6. Okan kitaplaryňyzdaky haýsy gahrymana meňzemek isleýäňiz?
7. Eger geljekde rejissor bolup, surata aljak triller filmime baş gahrymanyň roluna çagyrsam, razy bolarmydyňyz?
8. Moda garaýşyňyz nähili? (Moda görä geýinýäňizmi ýa kada görä).
9. Ýene 5 ýyldan soň özüňizi nirede we nähili göz öňüne getirýäňiz?
10. Eger-de Gawai adalarynda dynç almak üçin 2 adamlyk bilet berilse (saýtyň hasabyndan), ýanyňyza-da saýtdan bir oglany alyp gitmeli diýilse (dost hökmünde) kimi saýlardyňyz?
11. Şu soragy köp agzadan soraýaryn. Biwepalygy bagyşlap bolýarmy? (Özüm-ä bolanok diýip hasap edýän, ýöne her kimiň özboluşly pikiri bolýar, ylaýtada psihologlaň).
12. Siziň üçin ýaşaýşyň manysy näme? (bu gün çeper dilde ýazaýyň).
13. Siz çagalykda "ulalsam şeýle bolaryn" diýip görmegi arzuwlan Granger-iňizi görýäňizmi?
14. "Dünýä gowy adamlaryň egninde dur" diýen jümle bar. Siz özüňizi şol gowularyň hatarynda görýäňizmi? (bu öwünmek däl açyk aýdyberiň).
15. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
16. Goý Siziň janyňyz sag, görjegiňiz gowulyk bolsun. Saýtymyzyň iň mähriban agzalarynyň biri bolup galyň.
14. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Massimus tarapyndan 22-06-2022, 11:58

  • Mona Songz Mona Songz off № 1 22 июня 2022 12:01
    Massiumis aga'm gowy, gyzykly soraglar tapýaňyzaý bilip))) hihi
    Jogap
  • Belki Belki off № 2 22 июня 2022 12:09
    Men şu @Granger agzany gelneje hökmünde göz öñüne getirýärin.Soragymam şol:
    Siz gelnejemi?
    Maksat agam,siziñem arakesme diýeniñize düşünmedim dogrusy.
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 3 22 июня 2022 12:15
    Mümkin,
    Menem gelnejedir diýip pikir edýärin, ýaşy menden uluragam bolmagy mümkin. @Mümkin diýsem gaty görmäweri @Belkä öwrenişmek kyn bolar maňa. Saýta 5-6 sagatlap dagy girmesem, oňup bilemokdym. Indi aýyň 24-den soň 6 aýyň jemi, eýle-beýle işler bilen 1-2 hepde girip bilmesem gerek, şuňa biraz gynanjak bolýan.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 4 22 июня 2022 12:17
    Gelneje däl. :)
    Jogap
  • Granger Granger off № 5 22 июня 2022 12:20
    Salam. Ilki bilen ýatlanyňyz we ol statuslary bereniňiz üçin sagboluň, ýöne "suratkeş" diýmäge howlukmaň-a heniz. :)
    Jogap
  • Granger Granger off № 6 22 июня 2022 12:37
    Belki
    Men şu @Granger agzany gelneje hökmünde göz öñüne getirýärin.Soragymam şol:
    Siz gelnejemi?
    Maksat agam,siziñem arakesme diýeniñize düşünmedim dogrusy.

    Ýok, gelneje däl. :)
    Jogap
  • Granger Granger off № 7 22 июня 2022 12:58
    1. Sowugy halaýan, şol pasylda hem doglupdyryn. Sadiga gitdim, mekdebe gitdim, soň 1 ýyl okuw, iş, soň ýene okuw, bu wagt hem iş, şu günler bolsa otpuska (saýtda köp görünýänim hem aýdýandyrla :)). Mundan artygyna söz baýlygym ýetenok, sorry. :)
    2. Men jadygöý däl :) Jadygöýlige ynanamok hem.
    Kinony, personažy we aktrisaň özüni halaýan, mümkin parodadaş bolamsoňdyr. :)
    3. Aslynda, psihologiýany men ýuwan görýän. Men psihiatriýany halaýan. Gyzyklanýan ugurlarym: adam psihikasyna degişli islendik ugur (analiz, dinamika, mass, kliniçeskiý, terapiýanyň görnüşleri we beýlekiler), filosofiýa, edebiýat, sungat, käte taryh. Beýlekileri hem halaýan, emma, şuňa güýjüm ýetýä bary-ýogy häzirlikçe. Bolmasa, fizika, astronomiýa, taryhy düýpli, politika... umuman, bulara hem gezek geler diýip umyt etýän ( bolmasa "Miss google" adyny boş ýere dakylan ýaly duýýan özümi).
    4. Men "Garasöýmez äpet" we meniň töweregimde adamlar kän görnesi gelmeýär.
    Jogap
  • Granger Granger off № 8 22 июня 2022 13:37
    5. Nähili bolsa, şo zeýilli hem kabul ederdim, düşünerdim.
    6. Betnyşanja ördejige.
    7. Elbetde. Želatelno, psihiatryň roly bolsa.
    8. Kada görä. Moda görä geýinmegi halaýan, emma, meniň beýnim birtaraplaýyn işleýär we käbir popugaý fasonlary kabul edip ýetişenok. Sada bolsa, kem däl.
    9. Ýene 5 ýyldan... geçmişe git diýseňiz gidip biljek, ýüzlerçe ýyllara hem, geljegi gözöňüne getirijiligim pes.
    10. Hiayress bilen Dark wolfy.
    11. Bagyşlap bilerin, näçe gezek hem bolsa. Düşündirişi uzaga çekjek.
    12. Meniň üçin ýaşaýşyň manysy: Hiç kim meň adymy tutmasa, menem gepleşmesem we şirin nan iýip çaý bilen, öz söýýän pişäm bilen meşgullansam. Başga-da köp...
    13. Käşgä şony diýmesedim we şeýle bolmasadym. Hawa, edil şol wagt näme diýip arzuw eden bolsam, toçno şol.
    14. Azda-kände, elbetde. Ýöne, menem adam, perişde däl. Erbetligim bolup biler.
    15. Uruşman oýnaň, çagalar. :)
    Hiç kim hiç kimiň durmuşyna, ynanjyna, arzuwyna we ş.m.-syna goşulmasady...
    16. Minnetdar. Siziňem janyňyz sag, görjegiňiz gowluk bolsun. Omyn.
    Jogap
  • Granger Granger off № 9 22 июня 2022 13:44
    Hiayress-i ýa-da Dark wolf-y* diýjek boldum. :D
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 10 22 июня 2022 13:47
    Granger hanym,
    Sag boluň jogaplaryňyza, Sizden şeýleräk jogaplara garaşypdym, akylly bolanyňyz üçinmi, pikirleriňiz ýitiligi üçinmi gelnejä meňzedenem üçin sorry :))
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 11 22 июня 2022 13:48
    Doglan günüňizem doly aýtmansyňyz, bäh, beýlede bir syrly zenan bolsa, bolar eken :))
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 12 22 июня 2022 13:51
    Granger,
    Hiayress-i ýa-da Dark wolf-y* diýjek boldum. :D


    Dark wolfy äkitseňizem, Hiayresi bir äkitmäň, bu ýazylýan zatlary kim tankytlar onsoň :))
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 13 22 июня 2022 14:02
    Germiona
    Gepleşigimiziň taryhyndaky iň syrly agza bolduňyz.
    Ýöne jogaplaryňyzdan şulary bilmek başartdy.
    Doglan günüňiz gde-to, dekabryň
    20-lerine, daşary ýurtda okadyňyz, ugruňyz lukmançylyga ýakynrak (pediatr, mugallym). boýuňyz o diýen uzyn däl, ýaşyňyz 24-26 ýaş aralygynda, häsiýetiňiz-durmuşda agrasrak, kilçik häsiýetlileri ýigrenýäňiz, özüňizem görmegeý (betnyşan ördejigi ýöne ýere ýatlan dälsiňiz) :))
    Jogap
  • Granger Granger off № 14 22 июня 2022 14:30
    Massimus
    Germiona
    Gepleşigimiziň taryhyndaky iň syrly agza bolduňyz.
    Ýöne jogaplaryňyzdan şulary bilmek başartdy.
    Doglan günüňiz gde-to, dekabryň
    20-lerine, daşary ýurtda okadyňyz, ugruňyz lukmançylyga ýakynrak (pediatr, mugallym). boýuňyz o diýen uzyn däl, ýaşyňyz 24-26 ýaş aralygynda, häsiýetiňiz-durmuşda agrasrak, kilçik häsiýetlileri ýigrenýäňiz, özüňizem görmegeý (betnyşan ördejigi ýöne ýere ýatlan dälsiňiz) :))

    Ýanwar. :)
    Ýok, öz ýurdumyzda. Boýumy nireden netije çykardyňyzkaňyz..? gysga hem däl. :)
    Dogry aýtdyňyz, kilçikligi halaýan az bolsa gerek.
    Jogap
  • Granger Granger off № 15 22 июня 2022 14:32
    Bellik: Romantika, drama kakynym. Romantika hem bolamok, depe saçym üýşýä. :)
    Jogap
  • Granger Granger off № 16 22 июня 2022 14:35
    Massimus
    Granger hanym,
    Sag boluň jogaplaryňyza, Sizden şeýleräk jogaplara garaşypdym, akylly bolanyňyz üçinmi, pikirleriňiz ýitiligi üçinmi gelnejä meňzedenem üçin sorry :))

    Ýok. Gaýta tersine, begendim. Uly adama meňzedeniňize. Şeýle gelnejelerimiz bar, nusgalyk tutunasyň gelýä (@Gumly gelin agza).
    Jogap
  • Granger Granger off № 17 22 июня 2022 14:36
    Massimus
    Granger,
    Hiayress-i ýa-da Dark wolf-y* diýjek boldum. :D


    Dark wolfy äkitseňizem, Hiayresi bir äkitmäň, bu ýazylýan zatlary kim tankytlar onsoň :))

    Ikisi hem sylagyma mynasyp agza.
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 18 22 июня 2022 15:35
    Bäý beýle syrly adamam bolar ekenäý :))
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 19 22 июня 2022 15:36
    Granger,
    Iň bärkisi adyňyzy hem aýtmansyňyz :-D
    Jogap
  • Granger Granger off № 20 22 июня 2022 16:22
    Gauzen
    Bäý beýle syrly adamam bolar ekenäý :))

    Menem haýran galyp otyn şoňa. :)

    Iň bärkisi adyňyzy hem aýtmansyňyz :-D
    Beter syrly bolamsoňdyr. :))
    Jogap
  • Waleryanka Waleryanka off № 21 22 июня 2022 16:47
    Granger,
    Eger saýlamaly bolsa Dark Wolfmy ýa Hiaýressmi :D
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 22 22 июня 2022 17:17
    Granger,
    Belki aýdyşyňyz ýalydyr
    Jogap
  • Granger Granger off № 23 22 июня 2022 17:46
    Waleryanka
    Granger,
    Eger saýlamaly bolsa Dark Wolfmy ýa Hiaýressmi :D

    Bilmedim)
    Jogap
  • Granger Granger off № 24 22 июня 2022 17:46
    Gauzen
    Granger,
    Belki aýdyşyňyz ýalydyr

    Mümkin.
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 25 22 июня 2022 18:01
    Gauzen,
    Iň bärkisi adyňyzy hem aýtmansyňyz :-D


    Eger adyny aýtsa, onda ol ikimizem öldürmeli bolar :))
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 26 22 июня 2022 18:02
    Granger,
    Salam. Ilki bilen ýatlanyňyz we ol statuslary bereniňiz üçin sagboluň, ýöne "suratkeş" diýmäge howlukmaň-a heniz. :)


    Aý öňündenem gutlaýaýyn diýdim
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 27 22 июня 2022 18:03
    Massimus,
    Gauzen,
    Iň bärkisi adyňyzy hem aýtmansyňyz :-D

    Eger adyny aýtsa, onda ol ikimizem öldürmeli bolar :))

    Abadakidabra :))
    Jogap
  • Granger Granger off № 28 22 июня 2022 18:22
    "Expecto patronum" kinodaky iň halaýan zaklinaniýam.
    "Men hossara garaşýan" diýmek. "Gorky" we "Men" bilen bagly. Uzagrak gürrüň, umuman, many az däl dörünseň. Şeýle seredäýmäge adaty erteki film.
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 29 22 июня 2022 18:30
    Granger,
    Garri Potter iň halaýan kinolarymyň biri. Näçe görseňem ýene gaýtaladyp göresiň gelýär.
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 30 22 июня 2022 18:32
    Granger,
    Sectum Sempra nähili?! O bolmaýamy hitry
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler