Söýgini ezizläp, setire salyp,
Men saňa goşgudan çemen bagladym.
Gözlerňi ýaglygyň ujuna çalyp,
Öten agşam sen nämüçin agladyň?!
Çekdiň ýekelikde nämäniň derdin?!
Aýry derdiň bolmaz, bile çekeli.
Men sizde birgiden ýat adam gördüm,
Şolar näme iş bilen gelen ekeni?!
Olar size girip çykýandyr, belki,
Seň girip çykyşyň azaltmak üçin.
Edip söýgimizi ryswa-gülki,
Gara saçymyzy agartmak üçin.
Sen aýtsaň-aýtmasaň bir zat aňladym,
Öten agşam sen nämüçin agladyň?!
******
Getirip gitdiler size üç günden
Bir ýaglyk gant bilen bir halta uny.
Ýok, ol aklygam däl, süýjüligem däl,
Läläm, ol namyrat Söýginiň huny.
Ýüregim lowurdap gaýtdy asmandan,
Gelnaljylar bir ýyldyzdyr öýtdüler.
Ýyldyz ýere ýetmän söndi armanly,
Seň şanyňa şol ýyldyzy atdylar.
Sen aňdyňmy bolan alamatlary:
Ýol sizi islemän, şeýle çaýkandy.
Atgulakdyr öýtme al matalary,
Olar meniň ýüregimden gyýkyndy.
Şeýle dabaradan humarmydyň sen,
Şol wagt Söýgi duşsa, tanarmydyň sen?!
Italmaz Akmyradow
Öten agşam sen nämüçin agladyň?!
Bilim,
Prenses04
tarapyndan
2-07-2022, 17:02