Islenen saýtyň agzybir hem-de hormatly agzalaryň her birine mähirli salam! Ýagdaýlaryňyz, iş-güýçleriňiz oňatmy? Armaňda. Görýän welin, saýtda, her-kimde bir üýtgeşik başarnyklaryňyz bar, söz bilen öwerlige degýän agzalarymyz bar, tüweleme, men siziň ýazgylaryňyzy okap gaty begenýärn we gereklisini özüme alýaryn, ýogsa-da siziň her bir açýan mowzugyňyz manyly we gyzykly!

Wagtyňyzy ýitirmän temama geçeýin, bu ýazgy esasanam saýtymyzdaky uly agzalara degişli, men ýaly deň duşlar üçin bolsa maslahat bolar. Ýagny, adaty durmuşyňyzy üýtgedip biläýjek bir ýönekeý pikir bermekçi, eger-de teklibim siziň göwnüňize ýarasa meniňem size peýdam deger diýip şat bolardym.

Siz arman ýadaman zähmet çekýäňiz, lezzet alyp işleýäňiz we netijede bir aýyň zähmet (aýlyk) hakyny alýaňyz. Puly bolsa geýjek geýimiňize, äriňize/aýalyňyza, çagalaryňyza we bir aýdaky iýjek-içjegiňize toplaýaňyz. Aýlyk – bir aýyň içindäki zähmet hakyňyz. Size bir aýa ýeter diýilip berilýän belli bir möçberdäki pul. Galybersede, puluňyzy maddy islegleriňizi kanagatlandyryp biläýjek zatlara hem sowýaňyz. Şeýle ýagdaýda hem durmuşy algoritmiňiz dowam edýär. Muny üýtgedip bolarmy? Şol bir geçýän günden ýadadyňyzmy? Belki-de syýahat edesiňiz gelýändir? Islegler gaty kän... Birazajyk hem bolsa peýdasy deger. Onda okamagy dowam edeliň we aşakdaky 3 usul bilen başlalyň:

Geliň, siziň bir aýda alýan umumy zähmet hakyňyzy mysal hökmünde, ortaça: 2 500 manat diýip alalyň (köne pulda 12 million 500 müň manat). 2 500 = 100%
1). 2 500%×70 = 1 750 manat (köne pulda 8 million 750 müň manat). Bu bir aýdaky zähmet hakyň 70%-i we bellenilen çäk! Näme üçin 70%? Sebäbi, ony bir aýdaky, gündelik durmuşyňyza gerekli bolan iýmitiňize, geýimiňize, maşynyňyzyň ätiýaçlandyryş şaýlaryna, öýüňiziň toguna/gazyna, däri-dermana, maşgalaňyza we ş.m gerek-ýaraklaryňyza ýetäýjek möçberdäki sowarlyk puluňyz. Puluňyzy gerekmejek zatlara sarp etmezden we bellenilen çäkden (% - göterimden) çykmaly däldir! Eger-de siz şeýle dowam etseňiz: 1 ýylda = 21 000 manat (köne pulda 105 million) puly öz bähbidiňize sowýandygyňyzy görersiňiz. (1 750 × 12= 21 000)
2). 2 500%×20 = 500 manat (köne pulda 2 million 500 müň manat). Bu bir aýdaky zähmet hakyň 20%-i we bellenilen çäk! Näme üçin 20%? (Bellik: Bu diýmek bilen siziň bergiňiz bar hökmünde göz öňüne tutdum.) Bular bergiler üçin süýşürilip goýulan pullardyr. Eger-de size berilen belli bir möçberdäki puly algydar gelip "bergiňi wagtynda üzlüş" diýip gysdaýan bolsa, bu 20%-i gyra goýulan pullar gulagyňyzdan dynmak üçin amatly usul bolar. Şeýlelik bilen, 1 ýylda = 6 000 manat (köne pulda 30 million). Onçakly bergiňiz bolmadyk ýagdaýynda 1 ýylyň içinde arkaýyn üzüşip bilýäňiz, algydara bolsa "sabr et" diýmek galýar. (500 × 12= 6 000)
3). Bu hasam gyzykly usulymyz: 2 500%×10 = 250 manat (köne pulda 1 million 250 müň manat). Bu bir aýdaky zähmet hakyň 10%-i we bellenilen çäk! Näme üçin 10%? Bu pullar ätiýaçlyk üçin! Olary hiç zada sowman "kömekçi pul" mysalyndaky, süýşürintgi hökmünde gyra goýmalydyr. Bu daşyndan kiçijek pul hökmünde görünýän bolsa hem wagtyň geçmegi we üýşmegi netijesinde sizi aktiw ýagdaýda saklamaga kömek eder. Mysal üçin: emläk, mal-gara we ş.m islegleriňizi kanagatlandyrmaga çalyşjak bolanyňyzda, ýagdaýyňyz hem biraz ýetmedik halatynda şol ýygnanja puluňyz size itergi berer. Şeýlelikde, 1 ýylda = 3 000 manat (köne pulda 15 million) arkaýyn toplap bilýäňiz.

Umumylykda aýdanymyzda, gyra çekilýän göterimler (%) sizi çykgynsyz ýagdaýda goýmaz. Ýokarda belläp geçen usullarymyzy ulanan we ulanmadyk ýagdaýymyzda hem durmuşymyz "minus (-)" ugra gönükmez, gaýtam-da ýaňky usullary ulanan ýagdaýymyzda kem-kemden ýokary galmaga we arkaýyn ýaşamaga mümkinçilik berer. Birbada bolar diýip howlukmaň, ata-babalarymyzyň "Sabyr" bilen baglanyşykly pähimli nakyllaryndan göz aýlalyň:
• Sabyrly gul dura-dura şat bolar, bisabyr gul dura-bara mat bolar.
• Sabyrlylyk haýra geti:r, bisabyrlyk şere ýeti:r.
• Ajy günleri süýjä öwürýän – sabyrdyr.

Bulary siz mejbury hökmünde ýerine ýetirmek şert däl, bu bary-ýogy maslahat. Ýokarda belläp geçen göterimlerimizi durmuşy ýagdaýymyza görä isledigimizçe üýtgedip bilers ýöne 3-nji usulymyzda 10%-den artyk pese düşmeli däldir! Düşündirip bilendirin diýip umyt edýän.

Hemmäňiziň janyňyz sag, başyňyz dik, maşgalaňyz abat bolsun! Durmuşyňyzda "bergi" hiç haçan hem bolmasyn, üstünlikleriňize guwanyp ýaşaň! Goý, halal puluňyz siziň üçin işlesin! Sagboluň.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, qwerty1 tarapyndan 5-07-2022, 04:55

  • Margarita Margarita off № 1 5 июля 2022 06:30
    Goldaýan. Hakyky ekonomistiň ýzan mowzugy bolmaly bu. )
    Durmuşda muny "hökmany" diýip, amala aşyryp bilsek, hojalyk ykdysadyýeti üçin uly ähmiýeti bar. Ondada, öýde bir maşgalada (är-aýal) iki bolunyp işlense. Diňe yhlas gerek. Bu esasan biz – zenanlara degişli. ?
    Hasaply ýaşamak we tygşytly bolmaklygy käbirleri gysgançlyk dp, düşünýärler. Emma bu usul her haçanam hiç kimiň ýanynda ýüzüňi gyzartmaýar.
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 2 5 июля 2022 07:14
    Kynda gaty. Özümä 200 manat süýşirýän. Ilki 20 tmt alyan soñ 50. Soñ 100. Soñam mende süýşürintgi duranok bahanasy bn sowýan. Kapilka 9.500 tmtdan kop pul saklap gorenok. Gerek bolýamy sokup alýan. swist
    Jogap
  • menembiri menembiri off № 3 5 июля 2022 08:28
    Dashary yurt Biznes kitaplarynyn barysy hem shuny undeye...
    Jogap
  • menembiri menembiri off № 4 5 июля 2022 14:15
    Rigel
    Sakalap näme etmeli puly?

    Bayamaly, suyshirilen puly name edende bolmaya..!?
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 5 5 июля 2022 18:43
    Бу маслахат ирки вагтынкы ойдйан.. Хазир айлык алянлар банкоматдан пулыны алянча хасап хесибе ер галанок. Умуман айлык бн пул тыгшытламак гаты кын меселе..Обада яшаян болсан дине онум онлурмане йыкгын этмели.(мал,товук., парник..гокчулик)
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 6 10 июля 2022 00:48
    Margarita,
    Köp sag bolyň, goldaýanyňyz üçin hem minnetdar!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler