Her bir ekzamen, gutardyş ýa-da okuw jaýlaryna giriş synagy bolsun – alnan bilimleriň berkliginiň synagy bolup, tabşyrýanyň ýaşyna we eýeleýän derejesine garamazdan adam üçin stress ýagdaýy döredýär. Soragnamany çekmezden öň birinji ýylyň talyby hem, 40 ýaşly ylymdar hem tolgunýar. Köplenç aljyraňňylyk öz güýjüňe ynamsyzlyk bilen bagly bolýar, özüňe ynamly bolmak hem öz gezeginde taýýarlygyň derejesine bagly bolýar.
Öňüňde maksat goýmaly
Möwzuklary özleşdirmegiň iň amatly usuly – okuw synaglaryna taýýarlanmagyň maksadyny göz öňünde tutmakdyr. Gowy baha almagy maksat edinen bolsaňyz, onda çynlakaý çemeleşmeler zerurdyr. Taýýarlanmazdan öň soraglaryň sanawyny eliňdäki öň okalan leksiýalar bilen deňeşdirip barlamak gerekdir. Leksiýada ýetmedik soraglaryň jogaplaryny kitapdan tapyp bellemek, nämäniň nirede ýerleşýänini bellik etmek möhümdir, sebäbi soňundan gözleýşe wagt ýitirmän, şol wagt açyp okamak wagty tygşytlap bilýär.
Emma ders seni gyzyklandyrmaýan bolsa, birnäçe günüň döwamynda taýýarlanyp, gowy baha alyp bilerin diýip çak etmek asla akmaklyk bolup biler. Netije: öz mümkinçiligiňe pähimli baha berip, maksada tarap okgunly hereket etmekdir. "Bäş" bahany almak üçin dersi düýpli öwrenmek ýa-da "üçlük" baha üçin kitaplara göz gezdirmek – düýbünden aýry iki sany strategiýadyr.
Taýýarlygy gowşak ýerden başlamalydyr
Köplenç okuw synagyna taýýarlanýan okuwçylar soragnamalary eline alyp, tertip boýunça birinji soragdan başlap, yzygiderli taýýarlanýarlar. Emma bu ýagdaýda ähli soraglaryň soňuna çenli okalyp ýetişilmezligi mümkindir. Synaglarda bolsa köplenç ýekeje gezek okalmadyk soraglaryň düşýän ýagdaýlary seýrek däl ahyryn. Şunuň oňaýly çözgüdi – taýýarlygy gowşak bilýän soraglaryňdan başlamakdyr.
Soraglara göz gezdirip, name barada düşünjäň bardygyny, nämäni sen asla bilmeýändigiňi anyklamak zerurdyr.
Öwrenişiň dürli görnüşlerini ulanmaly
Mowzugy ýönekeý okap bolar. Okap, bellikleriňizi gyra çykaryp bolar. Okap, konspekt ýazyp hem bolar. Emma iň amatlysy: her bir sorag üçin aýry kagyz alyp, ona bellikleri, shemalary, wakalary, meşhur atlary, formulalary, düzgünleri belläp ýazmakdyr. Meňzeşlik boýunça baglanşyklary deňeşdirip görmeli. Mysal üçin, tehniki termin seniň dostuň familiýasyna ýa-da daýzaň ýaşaýan köçesiniň adyna meňzeşdir, şundan peýdalan. Okuw synagyndan öň bu belliklere seredişdirip, aňsatlyk bilen mowzugy gaýtalap bilersiň.
"3-4-5" usuly näme?
Bu usulyň awtory psiholog A. Pronin bolup, onuň manysy şundan ybaratdyr:
Synaga çenli döwri (hepde, aý, ýarym ýyl) üçe bölmeli. Mysal üçin bir aý galan bolsa, ilkinji 10 günüň dowamynda, egerde saňa üçlük baha almak ýeterlik bolsa, sen ähli maglumatyň ujypsyz bölegini özleşdirmeli. Indiki 10 günüň döwamynda bilimiňi artdyrmak üçin, köpräk maglumaty okamagyň ugruna çykmaly. Soňky 10 günüň dowamynda, iň gowy baha üçin bilimiňi kämilleşdirmek maksadyň bilen taýýarlanma göz öňüne tutulýar.
Maglumatlary meýilnama boýunça özleşdirme we olary gaýtalap durma mümkinçiligi bu usulyň artykmaçlygy bolup durýandyr.
Ýat tutma usuly
Mowzugy näçe okasaň hem, oňa düşünmeýän wagtlaryň az bolanok. Onda okuw maglumatlaryny ýat tutmaly bolýar.
Ýat tutmagyň hem öz düzgünleri bar:
► ýat tutmaly ýerini okap, yzyndan gaýtalamaly;
► ýene 2 sekuntdan, 4 sekuntdan gaýtalap durmaly;
► ýene 10 minutdan gaýtalamaly;
► 2-3 sagatdan gaýtalamaly;
► 2 gün, 5 gün geçenden soň hem gaýtalamaly (ýatkeşliligiň dowamly görnüşini berkitmek üçin).
Bilimiňi daşyňdan ýa-da içiňden okap gaýtalamagyň tapawudy barmy?
Psihologlaryň bellemegine görä, içiňden okap gaýtalamagyň netijesi pesdir. Göwnüňe bilýän ýaly bolsaň hem, köplenç synag wagty üzlem-saplam aýdylan jogap eşidilýär. Daşyňdan jogabyň mazmunyny öz-özüňe aýdyp bermek, kagyzda beýan ediş meýilnamasyny düzmekden gowusy ýokdur. Bu ýagdaýda gepleýiş we hereket ediji ýat kömege gelýär.
Okuw synagyndan öňki taýynlyk
Synaga bir gün galanda köpräk dynç alyp, akyl we fiziki işi azaltmak maslahat berilýär. Gezelenç etmek hem peýdalydyr. Köpler synagdan öň gije-gündiz okap ýalňyşlyk edýärler. Netijede nerw dartgynlylygy döräp, kelle agralýar, ýatkeşlik peselýär. Şonuň üçin hem özüňe zor salman, iň gowusy irräkden ýatyp, ertesi şähdaçyk bolup oýanmakdyr.
Hemme taýýarlygyňy synag gününe goýmaly dälde, ondan bir gün öň eşikleriňi, el telefonyňy taýynlama, hemme gerekli resmi kagyzlary jemläp goýmak, bolgusyz ownuk zatlar üçin alada etmezlige kömek eder.
Synag güni tolgunmazlyk üçin näme etmeli?
Özüňe erk edip, tolgunman synagy tabşyrmak mümkin däl, sebäbi oňa geljegiň bagly bolýar. Emma stressiň derejesini peseldip, üstünlik gazanyp bolar.
→ Synaglardan öň rahatlandyryjy serişdeleri kabul etmek maslahat berilmeýär, sebäbi olar ukyçyllyga getirip, ünsüňi bölýär. Şonuň ýaly-da, kofe we çaýy köp içmekden saklanyň. Olar nerw ulgamynyň dartgynlylygyny ýokarlandyryp bilerler. Gowusy halaýan iýmitiňizden taýynlanan, ýeňil ertirlik ediniň. Ol siziň keýpiňizi galdyrar.
→ Gara şokolad pikirleniş hadysasyny güýçlendirýär. Irdenki maşkdan we duşdan soň, ertirlik wagty şokoladyň bir-iki bölejigini iýmek maslahat berilýär.
→ Okuw synagyna halaýan, özüňizi ykjam duýýan eşigiňizi geýip barmaly. Ol rahatlyk we gorag duýgusyny berýär. Synaga özüňe ýakyn adamlar bilen gitseň, olar ünsüňi sowmana kömek ederler.
→ Howsala düşmezlik üçin maşk kömek eder: ýuwaşlyk bilen 7-ä çenli sanap demiňi içiňe çekmeli, soňundan 7-ä çenli sanap demiňi saklamaly, soň ýene-de 7-ä çenli sanap haýallyk bilen demiňizi göýbermeli. Netijede adrenaliniň mukdary ganda peselip, ýürek urmalar haýallaýar.
Okuw synagynda özüňi nähili alyp barmaly?
Ekzamen wagty başga zat barada pikirlenmekden saklanmalydyr. Şowşuzlyga uçranyňda ýa-da synagdan geçeniňde nämeleriň bolup biljekdigi barada pikir ýöretmeleriň asla geregi ýokdur.
Soragnamany alyp, okanlaryňy arkaýyn ýada salyp we pikirleri jemläp, ýazyp başlama zerurdyr.
Ýatda sakla! Eger hiç maglumaty ýatlama başartmaýan bolsa hem, dymyp oturmakdan peýda ýokdur. Ondan ýalňyşlyk bilen jogap berip, gepläp oturanyň has gowydyr. Okuw synaglarynda diňe bilimiň dälde, özüň we seniň ýeňşe bolan erjelligiň synagdan geçýändigini unutma.
OKUW SYNAGLARYNDA ROWAÇLYK HEMRAŇ BOLSUN!
Okuw synaglaryna nähili taýynlanmaly?
Bilim,
Mona Songz
tarapyndan
7-07-2022, 12:06