Köçämizde iki çaga uruşdy,
Ylgap çykdy her gapydan bir aýal.
Gök gapydan orta boýly Ogulşat,
Ak gapydan uzyn boýly Aýjemal.
 
-Seniň maňkalyňa urdyrar ýaly,
Ýolda ýatan düýbi gopan tanka ýok.
Gök gapyly goýar ýerde goýmady,
O goýmasa ak gapylam goýanok.
 
Ogulşadyň eli durşyna hamyr,
Aýjemalyň eli durşyna palçyk.
Aýdymlarda wasp etmeli gelinler,
Şeydişip dursalar erbedem boljak.
 
-Çagaň şol agaçdan geçmesin bärik,
-Şol kesekden bärik geçmesin seňkem.
Ýuwaş-ýuwaş köşeşmegiň deregne,
Gelinleň dawasy bekedi kem-kem.
 
Gelinleň ikisem at ýaly gelin,
Billeri bir gysym gözleri goçak.
Eger ýolda yzda duşaýsaň dagy,
Gaňrylyp-gaňrylyp bakasyň geljek.
 
Men nädip olara akyl bereýin?
Ömrüm boýy edip şolaryň waspyn.
Iň gowy goşgymy gowy aydymmy,
Şeýle gelinleriň yüzünden tapdym.
 
Emma häzir weli giden bir gopgun,
Öz-özüň utanyp bakýarsyň aşak.
Ak goşaryn galgadyp dur Ayjemal,
Gara saçyn hüžžerdip dur Ogulşat.
 
Çagajyklar bolsa eýýäm ýaraşypdyrlar,
Ejeleri bolsa hum ýaly çişip.
Şol gygyrşyp durlar gygyrşyp durlar,
Onýança şarkyldap açyldy işik.
 
Şarkyldap açyldy ýene bir işik,
Çykdy her gapydan epeý bir kişi.
Ak gapydan buýra saçly Akmyrat,
Gök gapydan gara murtly Gulkişi.
 
Her haýsy özüniň aýalyn goldap,
Akmyrat topuldy saçyny sallap,
Gulkişi topuldy murtyny sallap,
Ine şeýdip iki gelin dört boldy.
Toba essagpyrylla!
 
Kerim Gurbannepesow.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 7-07-2022, 22:20

  • şoşo şoşo off № 1 7 июля 2022 22:26
    Hersi öz aýalyny ýygnaýsa gowy boljak ekenä☺️
    Jogap
  • şoşo şoşo off № 2 7 июля 2022 22:28
    Seniň maňkalyňa urdyrar ýaly,
    Ýolda ýatan düýbi gopan tanka ýok.


    Haha ,
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 3 7 июля 2022 22:37
    Akmyrat topuldy saçyny sallap,
    Gulkişi topuldy murtyny sallap,
    Ine şeýdip iki gelin dört boldy.

    Haha))

    Toba essagpyrylla!
    ilkinji gezek şu sözi görüp durşum..
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 4 7 июля 2022 22:39
    Mona Songz
    Akmyrat topuldy saçyny sallap,
    Gulkişi topuldy murtyny sallap,
    Ine şeýdip iki gelin dört boldy.

    Haha))

    Toba essagpyrylla!
    ilkinji gezek şu sözi görüp durşum..


    Şol söz ýalňyş ýazylan bolmagym ahmal.
    Jogap
  • şoşo şoşo off № 6 7 июля 2022 22:59
    Nirvana,
    Ýalňyşdädir jopbojora , käwr ýerlerde gürlenşi ýalam ýazýe şy şahyr

    Kitapdada gabat gelop bolýe
    Jogap
  • şoşo şoşo off № 7 7 июля 2022 23:00
    Estagfurulla söz türkmençe aýdylşy essaprlla bolýa ,
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 8 7 июля 2022 23:00
    şoşo
    Nirvana,
    Ýalňyşdädir jopbojora , käwr ýerlerde gürlenşi ýalam ýazýe şy şahyr

    Kitapdada gabat gelop bolýe


    Onda bolee :)
    Jogap
  • Enegul Enegul off № 10 8 июля 2022 11:35
    Men bu gosgyny on paylasypdym
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler