Adamyň ägä bolmagy we şeýlelik bilen ýalňyşlyk göýbermezligi örän wajyp ýagdaý. Sada we sowatsyz adamlar ynanjaň we yňdarma bolýarlar. Gadymylaryň aýytmagyna görä, ähli işde ýedi ölçäp bir kesmek zerur.
Haýsydyr bir ýaramaz işi edip ony düzedip bolmaýar. Biriniň göwnüne degip, onuň ýüregine düşüren ýaraňy bejerip bolmaýar. Men dogry sözli, men bilýärin, men okumyşly diýip, islän sözüňi aýytmak, islän hereketiňi etmek bolmaýar.
Hemmäni aýamak gerek. Hemmäniň hormatyny ýerine goýmak gerek. Men adam, men diňe adamlary sylaýaryn diýip, öz ýoluuna barýan garynjany depelemezlik gerek.
Adamlar ýalňyşlyk göýberýärler. Adamlar gyzmalyk edýärler. Olaryň bu ýagdaýyny nazara alyp, assajykdan bir nukdaý nazara gelmek gerek. Aýratynam janly-jandarlar bilen iş edilende, olayň tarapynda duryp geplemek gerek, çünki janly-jandarlar söz arkaly özlerini gorap bilmeýärler. Mysal üçin, it adamy dişlän bolsa, derrew iti günäkärläp, adamy aklap bolmaz, çünki adamyň özünde aýyp bolandyr, itiň ony dişlemeginde. Edil şu nukdaý nazardan, bir zat gelip çykýar. Sähel
bir bahana tapyp, jandarlary soýup öldürmezlik gerek. Her bir jandaryň ýaşasy gelýär. Jandarlarda hem adama mahsus bolan perzent söýme häsiýeti bolýar. Enäni we atany öz perzendinden aýyrmazlyk gerek. Olaryň arasyna düşmezlik gerek. Özüňe islemeýän ýamanlygy başgada isleme. Wagt geçip gidip, eden ýamanlyklaryňa göz ýetirip ahmyr edip ýöreme!. Onsoňam hemme zat tölegli. Eden ýamanlyklaryň gaýdyp gelip özüňe degse näme etjek. Käbir adamlara we şol sanda käbir jandarlara degip bolmaýar. Olar biziň bilmeýän we duýmaýan gudratlary bilen goralýar. Kim bilen iş salyşýanyňa üns ber. Hemmäni bir aýakdan tutma. Öz gazanjak sogabyň barada oýlanma. Özge sogap gazanar ýaly ýagdaýlary döret. Öň aýdyşym ýaly, jandarlara ýagşylyk edip sogap gazanjak bol! Olardan gazanan sogabyň belki adamdan gazanan sogabyňdan ýokarydyr. Şuny nazarda tytyp, jandaryň ömrüni aýa. Olardan sogap gazanjak bolp olary öldürme. Meniň size aýdyp, güýjüm ýeteni şu. Meniň jandara ýagşylyk edip bilenimiň çägi şu. Bir möjegäm öldürme!

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Yklym tarapyndan 8-07-2022, 05:49

  • Bilgirje Bilgirje off № 1 8 июля 2022 07:14
    Awtor şu mowzugy ýazan wagty towuk buduny iýip ýazdy (ironiýany duýýaňyzmy?!)
    Jogap
  • Bilgirje Bilgirje off № 2 8 июля 2022 07:20
    Edil ýazanda iýmesede başga wagty iýýändir. Ýok men wegeterian diýäýsede kiçiräk sorag emele gelýär, weganlar balyk we deňiz önümlerini iýýärler (krewedka, asminog we ş.m.) indi sorag emele gelýär. Nä deňiz ýaşaýjylary janly jandar hasap edilenokmyka?! Sebäbi, weganlaryň öňe sürýän ideýalogiýasy haýwany iýmit üçin öldürmezlik, nämemiş haýwanyň maslygyny iýmek günämiş. A o balyk ýa beýleki deňiz janawarlary nä jansyzmyka?!

    Diýjegim, eňilip götüni gören ýok. Ody ilki özüňe bas, ötmese özgä bas diýlişi ýaly, ýazanlaryňy ilki özüň oka we iň bolmanda 70% ýerne ýetirýän halatyňda, soň ile akyl öwretseň diňlejek we seni goldajak kän bolarmykanym diýýän.
    Jogap
  • menembiri menembiri off № 3 8 июля 2022 11:06
    mugallym shu avtory(@BayikYazyjy'ny) shu smailige menzetyen)))
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler