Iç gysma.

Geçirilen eksperimentde gatnaşyjylara 6-15 minutlyk pikirlenip oturmak aýdylypdyr, ýöne isleseler öñündäki duran düwmä basyp özlerine tok urduryp bilýän ekenler. Şeýlelikde? Şeýlelikde eksperimende gatnaşyjylaryñ içi gysyp, zenanlaryñ 25%-i, erkekleriñ 67%-i özlerine tok urdurypdyrlar. Hatda gatnaşyjylara özlerine tok urdurmasalar pul beriljegi hem aýdylanlar bolupdyr. Ýöne şonda-da özüne tok urduranlar bar eken. Has dogrysy, iç gysmagyñ deregine fiziki agyryny saýlapdyrlar.

Iç gysmak näme asyl? Köpler edere işiñ bolmazlygyna iç gysma diýip pikir etýär, ýöne iç gysma saña mümkin bolan işleriñ, güýmenjeleriñ hiç biriniñ göwnüñe ýaramazlygydyr. Belki-de indi şu döwürde telefon, sosial mediýa bilen iç gysma wagt bolmazlygam ahmal. Emma içimiz gysmazlygy bilen birzat ýitirýärismi? Ylmy gözleglere görä jogap: "Hawa". We ýitirýän zadymyz gaty uly.

Içimiz gysan wagty akylymyz çenden aşa çalt işleýär, kellämize köp pikirler gelýär. Ýagny içimiz gysan belli bir zada üns beremizok. Bu bolsa döredijiligimizi ösdürmegimize peýda etýär. Makalany okaýanlaryñ hemmesinde şu ýagdaý boldymyka diýýän: "Iç gysgynç sapakda üýtgeşik surat çekiler, iñ bolmanda synanyşansyñyz".
Iç gysmanyñ ýene bir aýratynlygy hem içimiz gysan wagty has ýagşylyk etmäne meýilli bolýas. Belki bu durmuşdaky ähmiýetimiz barada özümizi soraga çekip beýlekilere kömek etme islegi döreýär. Ylmy gözlegler köp içi gysýanlaryñ beýlekiler üçin peýdaly işlere gatnaşýandyklaryny ýa gan berýändikleri görkezipdir. Has dogrusy manyly, peýdaly zatlary etmek içiñiz gysan wagty has ähmiýetli bolýar.

Ýenede bir möhüm zat. Öz durmuşyñyzy göz öñüne getiriñ, geljekde nirede bolmak isleýäñiz, nämeler etmek isleýäñiz, maksatlaryñyz näme? Muña awtobiografiki meýilleşdirme, planlama diýilýär. "Geljekde köp okuwçylarym bolsa, okuwa girseler, okuwa girmeselerem kärlerini tapsalar, guwandyrsalar...". Bular ýaly pikirlerem köp kişide bolandyr. Içimiz gysan wagty bular barada pikirlenmegimiz, şolary ýerine ýetirmek üçin dürli çözüwleriñ, taslamalaryñ çykmagyna peýda etýär. Ýöne ünsiñi telefon, sosial mediýa... bermek, durmuşdaky esasy zady görmegiñ we uzak möhletleýin maksatlar goýmagyñ öñüni alýar.

Her gezek içimiz gysan wagty şuña karar bermelidiris: telefony çykaryp güýmenmekmi ýa-da beýniñ bilen gürleşmekmi. Peýdasyz, kiçijik karar ýaly görünip biler, ýöne uly täsiri bar. Aşa köp güýmenmek bilen özümizi az döredijilikli, az ýagşylyk etmek isleýän, geljek üçin az maksat goýýan adamlar bolýarys. Gysgaça biz özümize iç gysmadan uzak durmak üçin tok urdurýan adam bolup bileris. Ýöne bu gezek agyry fiziki agyrydan has uly we kimdigimize we kim boljakdygymyza täsir etýär.

Şonuñ üçin PIKIRLEN, içiñ gysan wagty, bir zatlara güýmenmekmi ýa-da beýniñ bilen gürleşmekmi?
Pikirlen.

Eflatunyň aýdyşy ýaly: "Pikirlenmek, ruhuň öz özi bilen gürleşmegidir."

Ýöne köp adamlaryň pikirleri, bulutlaryň astynda galan daglara meňzeýär.

Awtor_@Nirvana

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, parca tarapyndan 15-07-2022, 22:46

  • parca parca off № 1 15 июля 2022 22:48
    @Nirvana mowzugyňy sizden soraman paýlaşanymy bagyşlaň!
    Jogap
  • Kind_boy Kind_boy off № 2 15 июля 2022 22:49
    Pikirlenmek, ruhuň öz özi bilen gürleşmegidir.
    goja
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 4 15 июля 2022 22:57
    Dogry. Men ilkinji we in sonky manysyzja goshgumy hem icim gysanda yazypdym
    Jogap
  • Gurgencli Gurgencli off № 5 16 июля 2022 00:42
    Makaladaky ýalňyşlyklary hasaba almasaň gowy makala diýse boljak.
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 6 16 июля 2022 06:01
    Nirde okanymy ýatlajak bolýan, şu tok tutdurmaly wakany, diş agyrydan ýaña pikirlenip bilemok...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler