YMAM NEJMEDDIN KUBRANYŇ ÖMÜR BEÝANY
Sopuçylyk taryhynda we durmuşynda ''Kubrawiýe'' tarykatyny esaslandyryjy beýik sopynyň doly ady Abu Jenap Ahmet bin Omar bin Muhammet bin Abdylladyr (1145-1221 ý).
Ol 1145-1221-nji ýyllaryň arasynda Horezmiň Hiýbek diýen obasynda ýaşap geçen belli türkmen sopusydyr.
Nejmeddin Kubra çagalyk döwrüni şol obada geçirenden soň ylmy syýahatlary etmäge başlaýar. Onuň tä sopuçylyk ýoluna girýänçä meşgullanan esasy ugry ''ylmy Hadys'' ylmydyr. Ol hadys ylmyny Hemedandan başlap Abu Alydan ijazat (pata) alandyr. Soňra bolsa Iskenderiýe şäherinde ýokary senet bilen hadysy rowaýat edýän Abu Tahyr Silefiniň bardygyny eşidip, onuň ýanyna barýar. Ondan soň bolsa Nyşapurdaky Ebu Magalynyň derslerine gatnaşýar. Käbir maglumatlara görä ol meşhur alym Fahreddin Razy bilen hem duşuşypdyr.
Onuň sopuçylyk ýoluna girmänkä hasyl eden ylymlarynyň netijesinde her bir ylmy çekeleşiklerde üstünlik gazanandygy üçin ''Tammetul Kubra'' lakamy berilýär, soňra bolsa oňa ''şeýhy Nejmeddin'' lakamyny berýärler, şeýdip hem bu iki lakam biri-birine goşulyp''Nejmeddin Kubra'' lakamy ýüze çykýar. Käbir eserlerde oňa ''Şeýhul Kebir'' hem diýip ýüzlenýärler.
◾USSATLARY
Nejmeddin Kubra ylym bilen meşgullanyp, ''Şerhy Muhýis sünnäni'' oladýan döwründe Baba Gerek Towbriziniň nesihatyna eýermek bilen sopuçylyga başlaýar. Şondan soňra Nejmeddin öz döwrüniň tanymal pirleri bolan Ammar ibn Ýasira (582-1186 ý.), Ruzbihan Kebir Müsrä (584-1188 ý.) Ysmaýyl Kasra (589-1193 ý.) gol berip, sopuçylyk (tarykat) ýolunda beýik derejelere ýetýär.
◾PIKIRLERI
Nejmeddin Kubranyň sopuçylyk taryhynda we medeniýetinde örän uly goşandy bardyr. Çünki ol öz tarykat pikirlerini ýazan kitaplarynyň we ylmy mejlisleriniň üsti bilen halka ýetirendir. Mysal üçin, ol özüniň ''Fewaihil Jemal we Fewatihul Jelal'' atly kitabynda sopuçylygyň inçe syrlaryny ussatlyk bilen beýan edýär. Ýene-de ''Usuly aşara'' we ''Risala ilel Haýym'' kitaplarynda sopuçylygyň edepleri we tarykat ýolunyň usullaryny nesihatlar hökmünde ýatlap geçýär.
Nejmeddin Kubra öz pikirlerini adamlara ýeňillik bilen suratlandyryp bilipdir. Mysal üçin, ol şeýle diýýär: ''Şerigat - gämi, tarykat - deňiz, hakykat bolsa gymmat bahaly hünji ýalydyr. Hünji isleýän adam gämä münüp, deňze çykar-da hünji gözlär''.
Sopulara ilki gerekli zat şerigatdyr, şerigat bolsa Allatagalanyň we onuň pygamberiniň buýruklaryna boýun bolup, täret, namaz, Oraza, zekat, haj ýaly zatlaryny ýerine ýetirip, haram eden zatlaryndan gaçmakdyr.
Sopynyň şerigatdan soň ýapyşmaly zady tarykatdyr, tarykat bolsa hemme haý-höweslerden daşlaşyp, Allatagala ýakynlaşdyrýan takwaçylyga ýapyşmakdyr. Hakykatdan bolsa Allatagalanyň tejelli nuruny görüp, maksada ýetmekdir.
Şerigat - suw bilen tämizlemek, tarykat - kalby haý-höwesden daş tutmak, hakykat bolsa kalby Allatagaladan başga zatlardan tämizlemekdir.
◾ÖMRÜNIŇ SOŇKY ÝYLLARY
Ençeme alym we pirleri ýetişdiren Nejmeddin Kubra içki duşmanlary bolan nebis we şeýtan bilen göreşişi ýaly, daşky din duşmanlary bilen hem batyrgaý göreşip, şehit bolupdyr. Bu barada Sankt-Peterburgyň Gündogary öwreniş institutynda saklanýan bir kitapda şeýle bir bap bar:''Şyh Nejmeddin Kubranyň şehit edilip, Horezm şäheriniň harap edilişiniň beýany''.
Belli türkmen alymy Molla Jamy özüniň ''Nefehatul uns'' kitabynda Nejmeddin Kubranyň ömrüniň soňky günlerini ýatlap şeýle diýýär: ''Mongol tatarlary Horezme gelen wagtlary Nejmeddin 600-den hem gowrak sopusyny ýanyna üýşürdi (çagyrdy) we Sagdeddin Hamaly we Rozyeddin Aly ýaly käbir sopularyna ýüzlenip: ''Siz öz ýurduňyza gaýdyň, çünki gündogar tarapda (gündogarda) öň görlüp eşidilmedik pitne ody ýakyldy. Ol günbatara çenli ýeter, emma meniň özüm şu ýerde şehit bolmak isleýärin'' diýdi. Haçan-da basybalyjy kapyr goşunlary şähere gelende, şyh sopularyna ýüzlenip şeýle diýdi: ''Geliň, Allatagalanyň adyny beýgeltmek we Onuň razylygy üçin söweşeliň''.
Ondan soňra şeýh öýüne girdi-de, donuny geýip bilinem berk guşap çykdy. Iki ýeňini hem daşdan doldurdy. Eline bolsa ýaragyny alyp duşmana tarap çozdular, şol urşuň barşynda şeýh ýeňindäki bar daşlary atyp gutardy, iň soňunda bolsa bir kapyryň atan oky onuň bedenine çümüp galdy. Şeýh bedenine çümen peýkam okuny çykardy, soňundanam ýykyldy-da şehit boldy'' diýip Molla Jamy öz kitabynda habar berýär.
Atamyrat SAPARMYRADOW.
Ymam Nejmeddin Kubranyň ömür beýany
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
20-07-2022, 23:02